22:29 Mahmyt Kaşgarlynyñ dünýä kartasy | |
MAHMYT KAŞGARLYNYÑ DÜNÝÄ KARTASY
Taryhy makalalar
XI asyrda Mahmyt Kaşgarly (1008—1105) tarapyndan ýazylan türkmen diliniň iň gadymy sözlügi bolan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlük — türki halklaryň etnografiýasy, folklýory, geografiýasy, däp-dessurlary, adatlary, nakyllary, tagamlary, baýramçylyklary, ýaraglary, lukmançylyk adalgalary ýaly köp sanly tematikany özünde jemleýän ajaýyp eserdir. Türki dünýäsiniň söz baýlygy hakynda söhbet edilende, Mahmyt Kaşgarlynyň ady ilkinji bolup ýatlanylýar. Alym «Diwany lügat at-türk» eserini ýazyp, 1077-nji ýýlda Apbasy halyfy Abulkasym Abdylla ibn Muhammet Muktady Biemrulla sowgat edipdir. Eseriň ýeke-täk golýazma nusgasy Stambulda Millet kitaphanasynda saklanylýar. Mahmyt Kaşgarlynyň eseriniň iň esasy aýratynlygy, sözlükdäki ähli sözleriň türki asylly bolmagydyr. Ýagny bu sözlük türkmen diliniň gadymy dilleriň biri bolandygyny subut etmegi esasynda möhümdir. Sözlükdäki sözleriň käbirleri häzirki döwrümizde ulanyşdan galan hem bolsa, käbirleri häzirki wagtda hem halkymyz tarapyndan gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar. Alymyň bu eseriniň ýene bir gymmatly tarapy bolsa, golýazmanyň 22-23-nji sahypalarynda ýerleşdirilen dünýä kartasydyr. Bu karta häzirki wagta çenli asly türki bolan biri tarapyndan çyzylan ilkinji dünýä kartasydyr. Mahmyt Kaşgarly türki halklaryň nirede ýaşaýandyklaryny görkezmek maksady bilen bu kartany taýýarlapdyr. Bu karta çyzylanda taryhy Balasagun şäheri merkez hökmünde alnypdyr. Ýagny kartanyň merkezinde Balasagun şäheri ýerleşdirilipdir. Meşhur «Kutadgu Bilig» eseriniň ýazarmany Ýusup Has Hajyp hem Balasagunda doglupdyr. Mahmyt Kaşgarlynyň dünýä kartasyna ser salanymyzda, ilki bilen kartanyň togalak görnüşinde çyzylandygyny görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, Kaşgarly bilen döwürdeş Abu Reýhan Biruny (973—1061) 995-nji ýylda 22 ýaşynyň içinde Ýeriň globusyny ýasapdyr. Bu globus diňe bir Gündogarda däl, eýsem bütin dünýäde ilkinji Ýer globusy hasaplanypdyr. Şeýle-de Kaşgarly bilen döwürdeş Omar Haýýamyň (1040—1123) meşhur şu setirleri orta asyrlarda dünýäniň togalak görnüşde bilinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr: Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, Ynsandyr — bezegi, zynaty, gaşy. Mahmyt Kaşgarlynyň kartasynyň üstünde işlän alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu kartada dünýäde ilkinji gezek Ýaponiýanyň görkezilmegi bu işiň ähmiýetini has hem artdyrýandyr. Sebäbi bu dünýä kartasynda Ýaponiýa ilkinji gezek suratlandyrylypdyr. Ýaponiýa kartanyň gündogarynda bir ada hökmünde görkezilipdir we «Çaparka» ady bilen berlipdir. Kaşgarly eserinde: «... gaty uzakda ýerleşýändigi we olaryň arasynda haýbatly deňizleriň ýatandygy sebäpli, Çaparka halkynyň dilleri bize nätanyş» diýip ýazypdyr. Ýaponiýanyň ilkinji kartasy Mahmyt Kaşgarlynyň kartasyndan üç asyr soňra bir ýapon alymy tarapyndan çyzylypdyr, ýöne dünýä kartasynda Ýaponiýanyň ikinji gezek görkezilmegi «Diwany lügat at-türkden» dört asyr soňra amala aşyrylypdyr. Bu maglumat Mahmyt Kaşgarlynyň Ýaponiýany ilkinji gezek dünýä kartasynda görkezen alym hökmünde taryha girmegine delildir. Kaşgarly eserinde karta barada şeýle maglumat beripdir: «Musulman bolsun — bolmasyn, Rumuň ýakynyndan gündogara tarap oguz boýlarynyň gonan ýurtlaryny tertip boýunça görkezdim. Rum ülkesine iň ýakyn oturýan boý beçenekdir, soňra gypjak, oguz, ýemek, başgyrt, basmyl, gaý, ýabaku, tatar, gyrgyz gelýär. Gyrgyzlar Çiniň ýakynynda oturýarlar. Bu boýlaryň hemmesi Rumdan — (günbatardan) gündogara tarap şunuň ýaly tertipde ýaýylyp gidýär: Çigil, tohsy, ýagma, ugrak, çaryk, çomul, uýgur, tangut, hytaý. Hytaý bu Çindir. Mundan soňra Tawgaç gelýär, ol Maçyndyr. Bu boýlar günortadan demirgazyga tarap uzalyp gidýär. Bularyň hemmesini şu töweregiň (kartanyň) içinde ýekän-ýekän görkezdim.» «Diwany lügat at-türk» eseriniň golýazmasynyň 22-23-nji sahypalarynda ýerleşýän bu reňkli kartada her reňkiň öz manysy bolupdyr. Ýagny, deňizler — ýaşyl, derýalar — gök, daglar — gyzyl, şäherler bolsa sary reňkler bilen görkezilipdir. Bu kartada Jeýhun (Amyderýa), Seýhun (Syrderýa), Horasan, Mangyşlak, Abeskun deňzi, Oguz ýurdy, Gypjak we Oguz mesgeni, Garaçuk dagy, Jent, Horezm, Şaş (Daşkent), Barsgan, Balasagun, Taraz, Ýarkent, Samarkant, Hojent, Kaşgar, Ötüken, Tabarystan, Gazna, Huzystan, Hint ýurdy, Maçyn, Itil (Wolga) derýasy, Irtyş derýasy we ş.m. köpsanly geografiki atlar öz ornuny tapypdyr. Mahmyt Kaşgarlynyň eseri türkmen diliniň, edebiýatynyň taryhyny we orta asyrlarda türki halklaryň ýerleşişini öwrenmekde ähmiýetli çeşmedir. Islendik ösen medeniýetiň gözbaşynda öz diliňe, taryhyňa sarpa goýmak, öz diliňde ajaýyp eser döredip bilmek mertebesi bardyr. Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lügat at-türk» eserinde türkmeniň geçmişine goýlan sarpanyň biziñ döwrümizde hem dowam etdirilýändiginiň şaýady bolýarys. Ahmet ANNABERDIÝEW, TYA-nyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |