09:25 «Tomagaly humaý kimin...» | |
«TOMAGALY HUMAÝ KIMIN...»
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Halkymyz gyz çagalara at dakanlarynda elmydama owadan atlary saýlamaga çalyşýarlar. Häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň arasynda Bilbil, Tawus, Sülgün, Toty, Käkilik, Durna, Laçyn, Humaý ýaly dürli guşlaryň atlaryny göterýänler bardyr. Bu guşlaryň birinden galanyna häzirki wagtda janly duş gelmek mümkündir. Olaryň içinde diňe biri, ýagny Humaý — mifiki guş bolup, diňe dessanlarda, ertekilerde ýa-da şygyr setirlerinde duş gelmek mümkündir. «Humaý» guşunyň beýleki guşlardan tapawutly ayratynlygy «Jennet we Bagt guşy» bolmagydyr. Onuň ýedi gat asmanyň üstünde, ýyldyzlaryň arasynda gezip, Beýik Allaha golaýlaşandygyna ynanylypdyr. Döwürdeşleri tarapyndan hormat bilen «Türkmen gojasy» diý¬lip ady tutulan Ýunus Emre (1238-1320) şygyrlar diwanynda bu ýagdaýy şeýle beýan edipdir: Erenler gelip-geçdiler, dünýäýi goýup göçdüler, Howaýa gaýyp uçdular, Humaý guşdur, gaz degil. Elmydama gök asmanda ýaşaýan «humaý» guşy, käwagt ýere golaý uçupdyr we şol wagt onuň kölegesi kimiň üstüne düşse ýa-da guşuň özi kimiň üstüne gonsa, şol kişi ýa hökümdar ýa-da örän baý bolarmyşyn... Şeýle-de «humaý» guşuny diri ýagdaýda ele geçirip bolmaýandygyna, howada ýumurtgalaýandygyna, çagasynyň howada dogýandygyna, aýaklarynyň ýokdugyna, beýleki hiç bir guşy ynjatmaýandygyna, howp abanan halatynda çagalaryny ganatlarynyň astynda gizleýändigine, ony öldüreniň 40 günüň içinde öljekdigine ynanylypdyr. XVII asyrda ýaşap geçen ussat şahyr hem-de ökde bagşy-sazanda hökmünde halk arasynda giňden adygan Garajaoglanyň döredijiliginde hem humaý bilen baglanyşykly setirlere duş gelmek mümkindir. Garajaoglanyň «Egri dagy» atly goşgusynda humaý guşuny belent daglaryň depesinde görmek bolýandygy şeýle beýan edilipdir. Egri dagyň başy daşly, Çulbalary (depäniň iň beýik ýeri, çür başy) humaý guşly... ýa-da: Egri dagynyň başlary, Saýraşar humaý guşlary... Guşlar barada ýazylan eserleriň içinde iň naýbaşysynyň ýazarmany, Gündogaryň görnükli şahyry, alymy we ýazyjysy (XII-XIII asyrlar) Feridetdin Attaryň «Mantyk-et-taýr» («Guş dili») atly eserinde «humaý» guşy barada: «... patyşalara kölegesi bilen patyşalyk bagyşlaýan... ganatynyň kölegesi kimiň üstüne düşse ony patyşa eden guş... diýip beýan edipdir. XV asyrda ýaşan beýik ussat Alyşir Nowaýy bolsa özüniň "Lisan-et-taýr“ ("Guş dili“) atly eserinde „Yslam patyşasyna okalan doga hem aýdylan alkyş“ bölüminde "... Tä ki döwran bagynda döwlet guşy, Sagadat bolar ol guşuň gelişi... Müdimi döwleti yrylmaz bolsun, Humaý guşy başyna saýa salsyn...“ diýip beýan edipdir. Orta asyr ýazarmany Muhammet ibn Aly ibn Süleýman Rawendi "Göwünleriň ganaty — şatlyklaryň ganaty“ atly eseriniň birinji jildinde: "Humaý guşunyň ganaty näme üçin bagtdyr eşreti eçilýär? Çünki, onuň ganatynda hökümdaryň haýyrly nyşanlary bardyr" diýip ýazypdyr. Meşhur şahyr Sagdy Şirazy bolsa "Gülüstan“ atly eserinde "humaýyň“ bagt guşudygyny we beýleki guşlardan üstündigini şeýle beýan edipdir: Hüwi saýasyna gelmez bir kişi, Ýitse-de älemden humaý-bagt guşy. "Humaý“ guşuna türkmen halk döredijiliginde hem duş gelinýär. Mysal üçin, "Saýatly-Hemra“ dessanynda "humaý“ guşy gyzlaryň gözüniň gözelligini wasp etmek üçin birnäçe yerde ulanylypdyr. Meselem: "Humaý ala gözden dökme ýaşyňy“, "Ala-ala humaý gözleriň bile“, "Humaý gözlerini süzmäge düşdi“, "Ogşatdym gözleriň humaýa beýle“, "Göz ýaşyny döker humaý gözünden“, "Humaýa meňzetdim ala gözüňi“ diylip beýan edilipdir. Dessanyň bir başga ýerinde bolsa Saýat hanyň ýöräp gelişi guşlaryň üsti bilen şeýle beýan edilipdir: "Saýat han gülgün lybaslar geýip, gaşlaryna wesme goýup, gözlerine sürme çekip, ýüzlerine gaza tartyp, başyna tylla jygasyny geýip, tawus deý daranyp, toty deý saýrap, bilbil deý nala kylyp, humaý deý saýa salyp, mestan-mestan basyp geler erdi.“ "Şasenem-Garyp“ dessanynda Şasenemiň täji başynda, ýüz müň şiwe-näz bilen mestan-mestan basyp gelşini gören biçäre Garybyň akyl-huşdan aýrylyp aýdan şu gazaly, bagşy-sazandalarymyz tarapyndan toý-dabaralarda ürç edilip aýdylýar: On dördi gije aý kimin, Tomagaly humaý kimin, Uly döwletli baý kimin, Gelir sallana-sallana. Bu setirlerde humaýyň owadanlygy wasp edilýär. „Tomagaly“ ýagny, „jygaly“ humaý söz düzümi bolsa, bu hyýaly guşuň gözelligini belki-de iň ýokary derejä çykaran waspnamadyr. "Humaý“ guşuň ady bilen baglanyşykly iň meşhur adalga "Humaýun“ sözüdir. Hormatly Prezidentimiziň umumy redaksiýasy bilen çap edilen "Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde“ — "Humaýun“ sözüne şeýle düşündiriş berlipdir: „Bagtly“ diýen manyda patyşalara berilýän at. "Hak humaýun eýlemiş bezm içre sahyp-döwleti“ (Şah Ysmaýyl)». «Humaý» sözünden ýasalan «Humaýun» sözüniň gelip çykyşy, mirasdüşeri bolmadyk patyşanyň ölüminden soňra, bir meýdanda uçurylan «humaý» guşunyň kimiň başyna gonsa, şonuň hem hökümdar bolýandygy baradaky rowaýata esaslanýandyr. «Humaý» guşunyň saýlan adamsy «bagtly, mübärek adam» hasaplanandygy sebäpli, bu söz, esasan patyşalar üçin ulanylmaga başlapdyr. Osmanly türkmen döwleti döwründe «Humaýun» sözi patyşany, soltany we olara degişli zatlary beýan etmek üçin giňden ulanylypdyr. Mysal üçin: «Permany humaýun» («Patyşayň permany»), «Älemi humaýun» («Patyşanyň baýdagy»), «Hatty humaýun» («Patyşanyň bir iş üçin özüniň ýazan haty»), «Tugraýy humaýun» («Patyşanyň tugrasy»), «Diwany humaýun» («Patyşanyň diwany»). Türkmen halk dessanlarynda, ertekilerinde we şygyrlarynda beýan edilýän «Jennet we Bagt guşy — humaýyň» — patyşalygyň, häkimiýetiň, bagtlylylygyň, gözelligiň, güýjüň nyşany hökmünde beýan edilendigini aýtmak bolar. Ahmet ANNABERDIÝEW Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri. «ZENAN KALBY» žurnaly, 2018, № 6. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||