GADYMY ŞÄHERIÑ MEDENI MIRASY
Üstünde küýze döwükleri, kerpiç bölekleri dargap ýatan dürli ululykdaky depeler, köne gala görnüşinde saklanyp galan arheologik ýadygärlikler Watanymyzyň taryhynyň, ylaýta-da, gadymy döwrüň sahypalaryny ýüze çykarmakda iňňän möhüm çeşme bolup durýar. Şeýle hem, olar halkymyzyň baý medeni mirasynyň gymmatly hazynasynyň biri hökmünde kanunçylyk esasynda goralýar.
Türkmenistanyň taryhynyň dürli döwürleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän täsin ýadygärlikleriň biri-de Hysrowgaladyr. Ol Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut demir ýol menzilinden 1,5 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Ýadygärlik iki bölekden: şäher häkiminiň köşgi we edara binalary ýerleşen, daşy gorag diwary bilen mäkäm berkidilen erkgaladan we şäher ilatynyň jaýlarynyň ýerleşýän böleginden — şähristandan, ýagny gadymy şäheriň galyndysyndan ybaratdyr. Beýikligi 15 metr bolan Hysrowgalanyň erkgalasy örän uly depe görnüşinde saklanypdyr. Onuň üstüniň meýdanynyň diametri 170 metre barabardyr. Erkgaladaky köşgüň goragyny üpjün eden bir wagtky kuwwatly diwarlar köp asyrlaryň geçmegi sebäpli ýumrulyp, depäniň gyrasy belent gum seňňerine öwrülipdir. Depäniň üstünde, diňe iki ýerde gala diwarynyň burçlarynda ýerleşen diňleriň aşaky bölegi saýgarylýar. Olar çig kerpiçden örülipdir. Adatça Merkezi Aziýanyň gadymy we orta asyr şäherleriniň erkgalasy şähristanyň çäginde ýerleşýär. Emma Hysrowgalanyň şähristany erkgaladan arasy üzňe, aýratyn oturan, seýrek duşýan şäherleriň biridir. Onuň şähristanynyň galyndysy häzirki wagtda uzynlygy 260 metr, ini 160 metr, beýikligi 6—9 metre çenli bolan göni burçly depe görnüşine eýedir. Ol erkgalanyň günbatar tarapynda ýerleşýär. Depäniň üstünde çig kerpiçden örülen galyň diwaryň we diňleriň harabalary saklanypdyr. Munuň özi Hysrowgalada mähelleli ýaşaýşyň dowam edýän döwründe şähristanyň daşynyň özbaşdak gorag diwary bilen gurşalandygyna şaýatlyk edýär. Onuň goragyny güýçlendirmek maksady bilen, gala diwarynyň burçlarynda we olaryň aralygynda, diwaryň daşky çyzygyndan mazaly öňe çykyp duran tegelek diňler gurlupdyr. Şähristanyň derwezesi onuň günorta tarapynda, iki diňiň arasynda ýerleşipdir. Bu ýadygärlik XIX asyryň ikinji ýarymyndan başlap ülkäni öwrenijileriň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekipdir. Olar ýol ýazgylarynda we makalalarynda ýadygärlik barada özlerinde galan täsirleri beýan edipdirler. Dürli döwürlere degişli ýadygärlikleriň örän köp böleginiň jemlenen ýeri bolan Kaka etrabynyň çäklerini arheologik taýdan öwrenmek maksady bilen, 1928-nji we 1929-njy ýyllarda ýörite topar işläpdir. Olar 1-nji we 2-nji Haweran ekspedisiýasy diýlip atlandyrylypdyr. Haweran ekspedisiýasynyň ylmy işgärleri beýleki ýadygärlikler bilen birlikde Hysrowgalany hem öwrenipdirler. Haweran ekspedisiýasynyň toplan maglumatlary Hysrowgalanyň ylmy babatda örän ähmiýetli ýadygärlikdigini äşgär edýär hem-de alymlaryň ony öwrenmäge gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Hysrowgalanyň seljerilmegi Watanymyzyň taryhyny öwrenmäge ýardam etjek ygtybarly maglumatlary ýüze çykardy. Şoňa görä-de, 1953-nji ýylda bu ýere gelen arheologlar topary erkgalanyň we şähristanyň ençeme ýerinde dürli maksatly barlag-gazuw işlerini amala aşyrýarlar. Toplanan maglumatlar Hysrowgalada biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrdan biziň eýýamymyzyň XIII asyrynyň başlaryna çenli uzak wagtyň dowamynda ýaşaýşyň dowam edendigini äşgär etdi. Üsti açylan medeni gatlagyň düzümini jikme-jik seljermek we tapyndylary öwrenmek bilen, arheologlar bu ýerde ilkinji obanyň entek biziň eýýamymyzdan öňki VII—VI asyrlarda ýüze çykandygyny anykladylar. Bu mekanda ýaşaýşyň birinji tapgyry 300 ýyl töweregi dowam edipdir. Ol Köpetdagyň etegindäki düzlükde türkmenleriň gadymy ata-babalary bolan parfiýalylaryň mäkäm ornaşan döwri bolupdyr. Munuň özi Hysrowgaladaky şäheri parfiýalylar esaslandyrypdyr we olar bu mekanda uzak wagt ýaşapdyr diýmäge doly esas berýär. Hysrowgalada ýaşaýşyň ikinji döwri biziň eýýamymyzdan öňki IV—I asyrlary öz içine alýar. Bu döwürde onuň çäkleri ep-esli giňelipdir we köp mähelleli şähere öwrülipdir, küýzegärleriň, demirçi ussalaryň, zergärleriň ençeme ussahanalary peýda bolupdyr. Hysrowgalanyň biziň eýýamymyzyň I—IV asyrlarynyň galyndylaryndan emele gelen üçünji gatlagyny arheologlar şäheriň ýaşaýşynyň aýratyn döwri hökmünde häsiýetlendirýärler. Bu döwürde küýzegärçilik önümçiligi täze ösüşe eýe bolýar. Küýze gap-çanaklaryň görnüşleri köpelýär. Humlar, gorküýzeler, jürdekler, golçalar, dürli ululykdaky käseler bilen bir hatarda ozal mälim bolmadyk grafin görnüşli boýny uzyn küýzeler we ýalpak tabaklar peýda bolýar. Olaryň bir böleginiň daşy darak şekilli enjam bilen çyzylyp, tolkun görnüşli nagyşlar bilen bezelipdir. Arheologik tapyndylaryň hataryndaky keramiki ikbaşlar, el degirmeniniň daşlary, çüýşeden ýasalan bulgur şekilli gaplaryň bölekleri şäher ilatynyň maddy medeniýetiniň köpugurly bolandygyny äşgär edýär. Toplanan arheologik maglumatlaryň we tapyndylaryň düzümi biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllygyň ahyrky we biziň eýýamymyzyň başky asyrlarynda, ýagny Parfiýa imperiýasy döwründe, Hysrowgalanyň Günorta Türkmenistanyň Köpetdag etegi zolagynda ösen senetçiligiň jemlenen şäherleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Hysrowgalanyň Sasaniler döwleti we irki orta asyrlar döwründe hem sebitdäki iri oturymly ýerleriň biri bolandygyny ýüze çykarylan arheologik maglumatlardan hem görmek bolýar. Bu ýerde ýaşaýyş IX— XII asyrlarda-da dowam edipdir. Emma ol döwürde Hysrowgala ozalky kuwwatyny ýitiripdir we adaty bir oba öwrülip galypdyr. Onuň şeýledigi diňe bir arheologik maglumatlar däl, ýazuw ýadygärlikleri seljerilende-de mälim bolýar. Çünki orta asyr awtorlarynyň işlerinde Abiwerd welaýatynda (häzirki Kaka etrabynyň çäkleri) diňe üç şäheriň: Abiwerd (Peşdag), Kufen (Şugundyrdepe) we Mehne (Göbeklidepe) bolandygy barada habar berilýär. XIII asyryň başynda Hysrowgala obasynda ýaşaýyş togtapdyr. Ol Orta Aziýa çozup gelen Çingiz hanyň leşgerleri tarapyndan weýran edilipdir we harabaçylyga öwrülip galypdyr. Soňra XVI asyrda Hysrowgalanyň şähristanynyň çäkleri täzeden ilatlaşypdyr. Bu döwürde onuň daşky diwary gaýtadan dikeldilipdir. Hysrowgalanyň ilatynyň 1829-njy ýylda ony taşlap gidendigi barada ýazuw çeşmelerinde habar berilýär. Geçen müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ýaşan, zähmet çeken we medeni gymmatlyklary döreden obadyr şäherleriniň, galadyr mülkleriniň galyndysy bolan dürli görnüşdäki depeleriň we köne galalaryň her biri halkymyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar. Olar halkymyzyň müňlerçe ýyllara uzaýan ösüş ýoluny öwrenmekde ygtybarly taryhy çeşmedir.
Akmyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň baş hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Taryhy makalalar