JEBEL GOWAGYNA SYÝAHAT
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany açyk asmanyň astyndaky muzeý diýip adalatly atlandyryşy ýaly, Watanymyzyň çäklerinde geçmişiň dürli döwürlerinde adamlaryň ýaşan oturymly ýerleriniň, oba-şäherleriniň, guran we zähmet çeken önümçilik desgalarynyň galyndylary bolan arheologik ýadygärlikler örän köpdür.
Dürli görnüşli depeler, köne galalar, gadymy adamlaryň wagtlaýyn ýaşan gonalga ýerleri ýaly arheologik ýadygärlikler Diýarymyzyň ähli sebitlerinde saklanyp galypdyr. Ol ýadygärlikler türkmen halkynyň baý milli medeni mirasynyň gymmatly hazynalary bolmak bilen birlikde Watanymyzyň şöhratly geçmişini öwrenmekde ygtybarly taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň çäklerinde iň gadymy adamlaryň 800 müň ýyl töweregi mundan ozal peýda bolandygyny arheologlar belleýärler. Munuň özi biziň Watanymyzyň çäkleriniň Ýer ýüzünde antropogenez, ýagny adamzadyň gelip çykmak we kemala gelmek hadysasynyň bolup geçen ojaklarynyň hataryna girýändigini aňladýar. Gadymy adamlaryň ulanan we biziň günlerimize çenli saklanyp galan ýönekeýje zähmet gurallarynyň, esasan, daşdan ýasalandygyny nazara alyp, alymlar awçylaryň we iýmit çöpleýjileriň ýaşan şol gadymy hem juda uzaga çeken zamanasyny daş asyry diýip atlandyrýarlar. Daş asyrynyň irki basgançaklarynda Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan adamlaryň galdyran yzlary, esasan, Balkan welaýatynyň Hazarýaka we Balkan daglary sebitlerinde ýüze çykaryldy. Has irki döwrüň galyndylary adamlaryň wagtlaýyn düşläp geçen gonalgalarynda tötänden galdyran daş gurallary bolup, olar ýeriň ýüzünden tapylýar. Giçki paleolit döwründen başlap (30 — 35 müň ýyl mundan ozal başlanýar), gadymy adamlar azda-kände uzakmöhletleýin oturymly ýaşaýşa geçip başlaýarlar. Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda we Balkanabadyň töwereklerinde ilkidurmuş adamlarynyň uzak wagtlap ýaşan ýerleriniň, daş gurallary, balykgulaklardan monjuklary ýasan ussahanalarynyň, merhumlary jaýlan gonamçylyklarynyň hem birnäçesi ýüze çykaryldy we öwrenildi.
Gadymy adamlaryň uzak wagtyň dowamynda ýaşan ilkinji oturymly ýerleri dag gowaklary bolupdyr. Arheologlar olaryň wagtlaýyn ýaşaýan çatmadyr telärlerini taşlap, gowaklara geçmeginiň esasy sebäbini Ýer ýüzüniň howa şertleriniň üzül-kesil üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar. Çünki gadymy adamlaryň mamont, tüýli kerk ýaly äpet haýwanlary awlaýan zamanynda howa biçak sowapdyr. «Beýik buzlanma» döwri başlanypdyr. Ýewropanyň we Aziýanyň demirgazyk böleginde ýeriň ýüzüni galyň buz gatlagy örtüpdir. Buzlugyň günorta çäkleri Ural daglarynyň deňine gelip ýetipdir. Buzlukdan günortadaky giňişliklerde ýaşan gadymy adamlar gazaply sowukdan, çapgyn şemaldan we gar-ýagmyrdan goranmak üçin tebigy penalarda, dag gowaklarynda özlerine mekan tutunypdyrlar.
Türkmenistanyň çäklerinde daş asyrynyň adamlarynyň uzak wagtyň dowamynda ýaşan dag gowaklarynyň birnäçesi mälimdir. Olaryň biri Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinden 2,5 kilometr gündogarda, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolundan 250 metr çemesi demirgazykda, Uly Balkan daglarynyň günbatar çetindäki Şahlyburun gerşiniň ýanynda ýerleşýär. Gowagyň günorta-günbatara — Hazar deňzine tarap garaýan girelgesi, aşakdan seredeniňde, tekiz ýeriň derejesinden 40 metr belentlikde, gaýanyň ýüzünde gurlan uly derweze ýaly bolup görünýär. Ýadygärligi öwrenen arheologlar ony «Jebel gowagy» diýip atlandyrypdyrlar.
Gowagyň dörtburçluk şekilindäki girelgesiniň giňligi 9 metr, beýikligi bolsa 10 metre golaýlaýar. Ol gaýanyň jümmişine tarap 11 metrden gowrak uzalyp gidýär. Gowagyň törüne tarap gitdigiňçe, onuň içi biraz daralýar, ýokarsy kert-kert bolup peselýär. Onuň aňry çeti gowagyň düýbünden 1,5 metr belentlikde ýerleşen dar köwek bolup tamamlanýar.
Jebel gowagynda gadymy adamlaryň ýaşandygy barada ilkinji maglumatlar XX asyryň birinji ýarymynda mälim bolýar. 1942 — 1943-nji ýyllarda Balkan daglary sebitlerinde gözleg işlerini geçiren geologlar gowagyň içinden gadymy adamlaryň daş gurallarynyň birnäçesini tapýarlar. Arheologlar bu tapyndylary seljerip görenlerinde, olaryň hakykatdan hem ilkidurmuş adamlarynyň daş gurallarydygy aýan bolýar.
1947-nji ýylda Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasynyň (GTTAE) ilkidurmuş döwrüniň arheologiýasy boýunça belli alym A.P.Okladnikow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän topar Hazar deňziniň ýakalaryndaky we Balkan daglary sebitlerindäki daş asyr döwrüniň ýadygärliklerini öwrenenlerinde Jebel gowagyny hem barlaýarlar. Barlaglar gowagyň içinde örän täsin we ylmy taýdan ähmiýetli ýadygärligiň ýerleşýändigini aýan edýär. Topar 1949-njy we 1950-nji ýyllarda ýörite gelip, Jebel gowagynda giňişleýin gazuw-barlag işlerini geçirýär. Barlaglaryň dowamynda gowagyň içiniň 90 inedördül metr bolan umumy giňişliginiň 58 inedördül metr meýdanynda, gadymy adamlaryň uzak wagtyň dowamynda ýaşamagynyň netijesinde, kül we beýleki galyndylardan ybarat 3 metr galyňlykdaky medeni gatlagyň bardygy ýüze çykarylýar. (Arheologlar adamlaryň ýaşamagynyň, gurmagynyň, döretmeginiň netijesinde, uzak wagtyň dowamynda dürli galyndylardan: külden, gurluşyk galyndylaryndan, beýleki taşlandylardan emele gelen çökündilere «medeni gatlak» diýýärler). Gowagyň içindäki medeni gatlak, arheologik gazuw geçirmegiň kadalaryna laýyklykda, taraplarynyň uzynlygy 1 metr bolan dörtburç öýjüklere bölünip, ýuka gatlaklary aýyrmak usulynda doly öwrenilýär. Barlaglar gowagyň medeni çökündileriniň biri-biriniň üstünde ýerleşen 10 sany ýuka gatlakdan ybaratdygyny anyklaýar. Şolaryň ikisiniň aralyk gatlak bolup, beýlekileriň hemmesiniň ýaşaýşyň galyndylaryny özünde jemleýän hakyky medeni gatlakdygy mälim bolýar. Medeni çökündileriň arasyndan gadymy adamlaryň ýasan we ulanan daş gurallaryndan, haýwanlaryň we balyklaryň süňklerinden, balykgulaklardan ýasalan bezeglerden ybarat arheologik tapyndylaryň toplumy ýüze çykarylýar.
Ýadygärligiň medeni gatlagynyň ýokarky böleginden küýze bölekleriniň hem birnäçesi tapylýar. Toplanan maglumatlaryň seljerilmegi gowagyň çökündileriniň aşaky gatlaklarynyň giçki paleolit (gadymy daş asyry) döwrüniň ahyrlaryna we mezolit (orta daş asyry) döwrüne degişlidigini äşgär edýär. Ondan ýokarky gatlaklaryň ösen we giçki mezolit döwürlerinden, iň ýokarky gatlaklaryň bolsa neolit (täze daş asyry) döwründen galandygy anyklanylýar. Gatlaklaryň senesi biziň eýýamymyzdan öňki XII — IV müňýyllyklara gabat gelýär. Munuň özi Jebel gowagynda gadymy adamlaryň ilkinji gezek 13 — 12 müň ýyl mundan ozal, ýagny «Beýik buzlanma» döwrüniň giçki tapgyrynda ýaşap başlandygyny aňladýar. Gowakda ýaşaýyş arakesmeler bilen 10 müň ýyl töweregi dowam edipdir.
Mälim bolşy ýaly, gadymy adamlaryň tebigata garaşlylygy örän ýokary bolupdyr. Olar ýaşamak üçin zerur şertleriň tebigy ýagdaýda jemlenen ýerlerinde, ýagny süýji suwly akabalaryň, kölleriň boýunda, awlamaga ýaramly ýabany haýwanlaryň, guşlaryň mesgen tutan, iýmit üçin ulanmaga ýaramly ösümlikleriň, miweli agaçlaryň ösýän ýerlerinde ýaşapdyrlar. Gadymy adamlaryň Jebel gowagynda we şol töwerekdäki «Damdamçeşme I», «Damdamçeşme II» gowaklarynda ýaşan döwründe Balkan daglaryny etekläp geçýän gadymy Uzboý — Tüniderýa akaba suwly bolupdyr. Jebel gowagynyň öňündäki meýdançadan synlanyňda, Uzboýyň gury hanasynyň ugruny häzir hem saýgarmak bolýar. Gadymy döwürde derýanyň kenar ýakalaryny gür gögeren ot-çöpli ýaýlalar, gyrymsy agaçly jeňňellikler gurşap alypdyr. Ýaşyl ýaýlalar we jeňňeller jerenleriň, saýgaklaryň, gulanlaryň, ýabany öküzleriň, gylýallaryň agyp-dönüp ýören uly sürülerini özüne çekipdir. Olar esasy iýmit çeşmeleri awçylyk, balykçylyk, ýygnaýjylyk bolan adamlaryň ýaşaýşy üçin örän amatly şertleri döredipdir. Jebel gowagyndan jerenleriň, süýji suwda ýaşaýan balyklaryň süňkleriniň tapylmagy onuň ýaşaýjylarynyň durmuşynda awçylygyň we balykçylygyň uly orun tutandygyna şaýatlyk edýär. Gowakdan toplanan tapyndylaryň arasynda däne owratmak üçin ulanylan, bir ýüzi tekizlenen süýrüräk, ýasy daşlardan ýasalan däne owguçlary bar. Arheologlar bu daşlar ýabany ösýän däneli ösümlikleriň dänelerini owradyp, ýarma etmäge niýetlenilendir diýip çak edýärler. Çünki gadymy jebelliler şol döwürde entek ekerançylyk bilen tanyş bolmandyrlar.
Jebel gowagyndan daş gurallar bilen birlikde balykgulaklardan ýasalan monjuklaryň tapylmagy onuň ýaşaýjylarynyň bezenmegi, özlerini bezemegi örän gowy görendiklerine şaýatlyk edýär. Balykgulakdan ýasalan monjuklaryň bu sebitdäki beýleki ýadygärliklerden hem köp mukdarda tapylmagy arheologlara entek daş asyry zamanynda bezeg şaýlaryny ýasamak bilen meşgullanýan tejribeli zergärleriň bolandygy barada ylmy çaklamany öňe sürmäge esas döredýär.
Hazar deňziniň kenar ýakasynda geçirilen arheologik barlaglar alymlaryň bu çaklamasynyň hakyky delilnamasyny ýüze çykardy. Türkmenbaşy şäherinden 20 kilometr çemesi gündogarda, Gubaseňňir burnunda, deňziň kenaryny ýakalap uzalýan gaýada ýerleşen uly bolmadyk meýdança arheologlaryň ünsüni özüne çekýär. Gaýadan öňe çykyp duran harsaň daş telär ýaly bolup meýdançanyň üstüni penalapdyr. Meýdançanyň ýüzüne ýygnanan çäge we çagyl garyşykly çökündi arassalananda, 2 sany oýtak-çukuryň üsti açylýar. Olaryň biriniň içinde çäge çökündileriniň arasynda balykgulaklardan ýasalan monjuklaryň ýüzlerçesi bar eken. Beýleki çukuryň düýbünde ýörite köwlen birnäçe oýtajyk bolup, olaryň içi hem monjuklardan doldurylypdyr. Oýtajyklaryň käbiriniň içindäki monjuklaryň üstüne tebigy gyzyl boýag bolan ohra sepilipdir. Çukurlardan we olaryň töwereklerinden taýýar monjuklar bilen birlikde deňziň kenaryndan çöplenip getirilen abat balykgulaklaryň, monjuk ýasamak üçin taýýarlanylan balykgulak bölekleriniň, ujy taraşlanyp, deşik deşmek üçin inçeldilen daş gurallaryň tapylmagy bu ýerde balykgulaklardan monjuk ýasalýan gadymy ussahananyň bolandygyna şühbe galdyrmaýar. Göze has ýakymly bolar ýaly, ussalar ýasan monjuklarynyň bir bölegini gyzyl reňke boýapdyrlar. Arheologlar örän seýrek gabat gelýän bu täsin ýadygärligi «Daş asyrynyň zergärçilik ussahanasy» diýip atlandyrdylar.
Gubaseňňirden tapylan monjuklar şekili boýunça birmeňzeş däl. Olaryň durnukly üç görnüşi tapawutlanýar. Süýnmegräk, şelpe görnüşindäki monjuklar san taýdan agdyklyk edýär. Olaryň inçe tarapynyň gyrasyndan ýüplüge düzmek üçin deşijek deşilipdir. Olara görä kiçiräk, tegelek şekilde, ýüplük geçirmek üçin deşijegi merkezinde ýerleşen monjuklar hem köp gabat gelýär. Monjuklaryň üçünji görnüşi nepis hem täsinligi bilen tapawutlanýar. Olary ýasamak üçin ussatlyk we köp wagt sarp etmek gerek bolupdyr. Ilki bilen balykgulagy döwüp, onuň galyň ýerinden alnan bölegiň daşyny gyrdamak bilen, togalajyk taýajyk görnüşine getiripdirler. Soňra «taýajygyň» ujundan deň ululykda bölejikleri kesip alyp, olaryň içini usullyk bilen deşipdirler.
Ussahanadan tapylan monjuklaryň we monjuk ýasamak üçin taýýarlanylan balykgulak bölejikleriniň sany dokuz ýüze golaýlaýar. Monjuklaryň köp mukdarda ýasalmagy olara bolan islegiň örän uly bolandygyna şaýatlyk edýär. Ussalar bu gymmatly önümi diňe bir öz taýpadaşlary üçin däl-de, goňşy taýpalara-da ýeterlik bolar ýaly öndüripdirler.
Balykgulaklardan ýasalan monjuklar Gubaseňňirden ýüzlerçe kilometr uzakda, Ahal welaýatynyň Köpetdagyň etegi zolagynda neolit döwründe kemala gelen Jeýtun medeniýetiniň ýadygärliklerinde hem gabat gelýär. Tanymal arheolog A.P.Okladnikowyň bellemegine görä, olar bu ýerlere Hazar deňziniň kenarlaryndan getirilipdir. Emma şeýle uzak aralyga ol monjuklar bitewi ýol bilen, birbada aşmandyr. Olar biri-birine golaý ýaşaýan taýpalaryň ençemesiniň üstünden geçip, birnäçe asyrda gelip ýetipdir. Munuň özi ol wakalardan müňlerçe ýyl soň açylan we hereket eden Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäklerinden geçen esasy şahalarynyň ilkinji, üzlem-saplamja ýodajyklary entek daş asyry zamanynda peýda bolup başlapdyr diýmäge ylmy esas döredýär.
Watanymyzyň taryhynyň iň gadymy döwürlerini öwrenmekde Jebel gowagynyň ylmy ähmiýeti uludyr. Çünki gowagyň düýbünde saklanyp galan medeni gatlak onuň arasyndan tapylan daş gurallaryň senesini anyklamak üçin ygtybarly maglumatlary berdi. Ol tapyndylar diňe bir Türkmenistanyň däl-de, tutuş Merkezi Aziýanyň bize goňşy sebitlerinden tapylýan gadymy daş gurallarynyň senesini kesgitlemäge hem uly ýardam etdi. Galyberse-de, daş asyry zamanynda Balkan daglarynyň gowaklaryny özlerine mesgen edinip ýaşan gadymy adamlaryň medeniýeti yzsyz-sorsuz ýitip gitmedi. Ol Günorta Türkmenistanyň Köpetdagyň etegi zolagynda emele gelen ilkinji ekerançylaryň Jeýtun medeniýetiniň, Gadymy Uzboýyň boýlarynda we Demirgazyk Türkmenistanyň çäklerinde emele gelen çarwa maldarlaryň Kelteminar medeniýetiniň döremegine badalga bolup hyzmat etdi.
Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň şular ýaly täsin taryhyny, medeniýetini öwrenmäge we wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan saglygyny we ähli döwletli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris!
Akmyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň baş hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Taryhy ýerler