19:03 Gadymy ekerançylygyñ mekany | |
GADYMY EKERANÇYLYGYÑ MEKANY
Arheologlar adamzat jemgyýetiniň taryhynyň başlangyç zamanyny, ol döwürde ýaşan adamlaryň ýönekeýje zähmet gurallaryny we esbaplaryny daşdan ýasandygyny nazara alyp, ony daş asyry diýip atlandyrýarlar. Daş asyry örän uzak wagt, ýagny 2 million ýyldan hem gowrak dowam edipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda adamlar misi eredip ýa-da ýenjip sozmak bilen, ondan guraldyr enjamlary ýasamagy öwrenipdirler. Misiň ulanylyp başlanmagy bilen, daş asyry tamamlanýar. Täze eýýam — eneolit döwri başlanýar. Bu söz latyn dilinden terjime edilende «mis-daş» asyry diýen manyny aňladýar. Metalyň önümçilige ornaşdyrylmagy ekerançylygyň we senetkärligiň çalt depginler bilen ösmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň rowaçlanmagyna uly itergi beripdir. Türkmenistanyň çäklerinde iň gadymy mis gurallaryny biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda ulanyp başlapdyrlar. Ol döwre degişli ýadygärlikleriň aglabasy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Köpetdagyň etegindäki zolagynda we Tejen derýasynyň gadymy hanasynyň aşaky akymynda, Tejen etrabynyň Göksüýri demir ýol menziliniň töwereklerindäki düzlükde ýerleşýär. Eneolit döwrüniň has giňişleýin öwrenilen iri ýadygärlikleriniň biri Garadepedir. Ol Kaka etrabynyň Artyk demir ýol menzilinden 4 kilometr demirgazyk-gündogarda, Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň sag tarapynda ýerleşýär. Garadepäniň üstünde, töwereginde dargap ýatan köp sanly küýze döwükleriniň ýüzündäki täsin şekiller we nagyşlar alymlaryň we bilermenleriň ünsüni özüne çekipdir. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda arheolog A.A.Maruşşenko Garadepäni ilkinji bolup öwrenýär we ýadygärlik irki ekerançylara degişli obanyň galyndysy diýen ylmy çaklamany öňe sürýär. 1952-nji ýylda arheolog B.A.Kuftin Garadepede gazuw-barlag işlerini geçirýär. Onuň netijeleri A.A.Maruşşenkonyň ylmy çaklamasynyň hakykata laýykdygyny tassyklaýar we Garadepede Türkmenistanyň taryhynyň irki döwürlerini öwrenmek üçin örän gymmatly ylmy maglumatlaryň bardygyny äşgär edýär. 1955 — 1957-nji ýyllarda professor W.M.Masson Garadepede düýpli gazuw-barlag işlerini geçirýär. Garadepede ýaşaýşyň dürli döwürlerine degişli 3200 inedördül metr meýdanyň üsti açylýar. Arheologik barlaglar bu ýerde gadymy ekerançylaryň örän uly obasynyň ýerleşendigini mälim etdi. Adamlaryň ençeme asyryň dowamynda ýaşamagy netijesinde üstüni tozan basan galyndylardan we taşlandylardan emele gelen medeni gatlagyň galyňlygy 12,5 metre ýetipdir. Obanyň umumy meýdany 15 gektara barabar bolupdyr. Onda ýaşaýyş we hojalyk jaýlarynyň ýüzlerçesi ýerleşipdir. Olaryň diwarlary uly çig kerpiçlerden örülipdir. Garadepelileriň jaýlarynyň käbiri kiçiräk 1—2 otagly, beýlekileri 4—5 otagdan ybarat uly jaýlar bolupdyr. Kiçiräk jaýlar bir-birine sepleşdirilip gurlupdyr. Köp otagly jaýlar aýratyn ýerleşip, olaryň arasyndan inçejik köçejikler geçipdir. Jaýlarda penjire bolmandyr, şoňa görä-de, otaglaryň hemmesinden jaýyň merkezinde ýerleşýän kiçiräk açyk howlujyga çykýan gapy goýlupdyr. Ýaşalýan otaglaryň içinde howanyň sowuk pasyllarynda içerini ýylatmak üçin kiçiräk ojaklar ýerleşdirilipdir. Nahar taýýarlamak, suw gyzdyrmak üçin ulanylan uly ojaklar howluda ýerleşipdir. Garadepeliler ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Arheologik tapyndylar olaryň ýumşak däneli bugdaý, sümmülinde 2 hatar dänesi bolan arpa, çowdary ýaly galla ekinlerini ekendiklerine, üzüm ösdürip ýetişdirendiklerine, goýun-geçi, sygyr, düýe ýaly mallary saklandyklaryna şaýatlyk edýär. Toýundan, mermer daşyndan ýonulyp ýasalan öküzleriň heýkeljikleriniň tapylmagy, bu mallara aýratyn sarpa goýlandygyny görkezýär. Çünki gara mallar diňe bir et-süýt bermän, işçi güýji hökmünde hem adamlara ýakyn kömekçi bolupdyr. Käbir heýkeljiklerde jylawy aňladýan çyzyklaryň bolmagy, araba tigirleriniň toýundan ýasalan kiçijik şekiljikleriniň tapylmagy garadepelileriň öküzleri araba tirkäp ýük daşandygyna şaýatlyk edýär. Garadepeli senetkärler dürli zähmet gurallaryny, küýze gaplary öndürmek, haýwanlaryň derilerini işläp bejermek, dokmaçylyk, zergärçilik bilen hem meşgullanypdyrlar. Dürli görnüşdäki monjuklaryň örän köp mukdarynyň tapylmagy hem alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Olaryň aglabasy gipsden, azrak bölegi hakyk, pöwrize daşyndan we lazuritden ýasalypdyr. Altyn we kümüş monjuklar juda seýrek duş gelýär, çünki gymmatbaha metallar ýetmezçilik edipdir. Şoňa görä-de, olara bolan islegi kanagatlandyrmak üçin ussalar gips monjuklary kagyz ýaly ýukajyk altyn ýa-da kümüş gabyga gaplamagy öwrenipdirler. Bu ýerde küýzegärçilik önümçiligi giň gerime eýe bolupdyr. Küýzegärler mazaly eýlenen toýun palçygy el bilen sozup, hojalykda dürli maksatlar üçin ulanmaga ýaramly küýze gaplary ýasapdyrlar. Olary ýörite gurlan, ikigat kürelerde endigan bişirmegi başarypdyrlar. Garadepäniň küýze gaplary görnüşi babatynda hojalykda ulanylýan we aşhana gap-çanaklaryna bölünýär. Hojalykda ulanylýan gaplar gazanlardan, legenlerden we azyk önümlerini saklamaga niýetlenen uly küýzelerden ybarat. Olaryň ýasalyşy gödek, diwary galyň, hiç hili bezegi ýok. Aşhana gap-çanaklary nepis ýasalypdyr, olar ýuka hem ýeňil. Olaryň arasynda çuň we ýalpak okara-tabaklar, kiçiräk golçalar we jürdekler agdyklyk edýär. Gaplaryň bir böleginiň daşyny ýumşak zat bilen sürtüp, aýna ýaly ýaldyraýança ýylmapdyrlar. Beýleki bir toparynyň daşyny gara we gyzyl reňkli boýaglary ulanyp, enaýy nagyşlar we täsin şekiller bilen bezäpdirler. Küýze gaplarynyň bezeginiň esasyny geometrik häsiýetdäki nagyşlar düzýär. Tabaklaryň we okaralaryň daş ýüzüniň ýokarky ýarymy üçburçluk, romb, dörtburçluk, tolkunly we göni ýasy çyzyklar hem-de olaryň özara sazlaşygyndan emele gelen köp basgançakly haç, «byçgy dişi» ýaly nagyşlar bilen doldurylypdyr. Olaryň käbiriniň häzirki zaman türkmen halylaryň, keçeleriň güllerine hem-de gyz-gelinleriň el işleriniň nagyşlaryna meňzeşdigini görmek bolýar. Okara çanaklaryň bir böleginiň daş ýüzi guşlaryň we haýwanlaryň şekilleri bilen bezelipdir. Olaryň biriniň ýüzündäki haýbatly uly guş bürgüdiň şekilini ýatladýar. Ýüzüp barýan ördeklere, parahat duran togdarylara meňzeş guşlaryň, şonuň ýaly-da, süri bolup asmandan uçup barýan guşlaryň şekillerini çekmek hem ýörgünli bolupdyr. Görnüşi ýaly, garadepeli küýzegär ussalar gündelik ulanýan gap-çanaklarynyň ýüzüne günde-günaşa görüp ýören, özlerine tanyş haýwanlaryň şekilini çekipdirler. Emma näme üçin adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynda uly orun tutan goýunlaryň, düýeleriň, esasy aw haýwanlary bolan jerenleriň, gulanlaryň şekili ýok diýen soraga bir söz bilen jogap bermek kyn. Merkezi Aziýada eneolit döwrüne degişli iň iri oturymly mekan bolan Garadepe biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllygyň ahyrlarynda peýda bolupdyr we biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň başlarynda onda ýaşaýyş gutarnykly togtapdyr. Garadepelileriň oba hojalygynda, senetkärlikde, sungatda gazanan üstünlikleri ýitip gitmändir. Olaryň döreden irki ekerançylyk medeniýeti şu sebitde bürünç zamanynda emele gelen Namazgadepe, Altyndepe ýaly ilkinji şäher siwilizasiýalarynyň kemala gelmegine binýat bolup hyzmat edipdir. Akmyrat BABAÝEW, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň baş hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |