MURGAP DERÝASYNYÑ KÖNE HANASYNYÑ AÝAGYNDA
■ Murgap derýasynyň peşgeşi
Gojaman Murgabyň jülgesinde ýerleşýän Mary welaýaty häzir Türkmenistanyň energetika hem-de senagat taýdan ösen, öňdebaryjy sebitleriniň biri bolup durýar. Ol özüniň dowamly geçmişiniň ähli döwürlerinde sebitiň iň iri medeni, ykdysady we syýasy merkezi hökmünde tutuş Gündogarda uly meşhurlyga eýe bolupdyr.
Bürünç asyry döwründe Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepeden soň, siwilizasiýanyň beýleki bir ojagy Mary welaýatynyň demirgazyk sebitlerinde kemala gelipdir. Bu gadymy ýurt barada häzire çenli mälim bolan ýazuw ýadygärliklerinde iň ilkinji maglumat «Awestada» gabat gelýär. Onda bu ülke «Mouru» diýlip atlandyrylýar we ýaşamak üçin örän amatly, iň gowy ýurtlaryň hataryna goşulýar.
Dürli döwürleriň ýazuw ýadygärliklerinde bu ülke Marguş, Margiana, Merw ady bilen hem mälim bolupdyr. Bu tapawut şol bir ady dürli halklaryň öz dillerine uýgunlaşdyrylan görnüşinde ulanmagy sebäp-li döräpdir. Ol adyň gelip çykyşy bu ülkäniň ýaşamak üçin iň amatly ýurtlaryň hataryna goşulmagyna se-bäp bolan, ençeme ösen medenýetleri peşgeş beren Murgap derýasynyň ady bilen gös-göni baglanyşykly-dyr.
Gözbaşyny Merkezi Aziýadaky Paropamiz daglaryndan alyp gaýdýan Murgap derýasy Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde Köpetdagyň ulgamlaryndan düzlüge akyp çykýar. Şu sebitde oňa uly bolmadyk Guşgy we Kaşan derýalary goşulýar. Irki zamanlarda Murgabyň suwy has köp bolupdyr. Ol häzirki Baýramaly şäheriniň deňesinden uly hana bolup akyp geçipdir. Ondan, takmynan, 50-60 kilometr demirgazykda derýa şahalara bölünipdir. Baş hanadan saka alýan uly noburlaryň suwy giň sährany kesip, Garagumuň çägelerine tarap akyp gidipdir. Amatly tebigy-ekologiýa ýagdaýy, özleşdirilmedik mes toprakly uç-gyraksyz tekiz meýdanlar, bol suw bu sebitde gadymy siwilizasiýanyň döremegine örän amatly şertleri emele getiripdir.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilýän «Boston Globl» gazeti 1989-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky sanynda mundan buýana Margianany we Baktriýany Mesopatamiýa we Müsür, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda goýmaly diýen hemmeleri geň galdyran, täsin habary jar etdi. Beýik Britaniýanyň «Illustrated News» gazeti bolsa onuň üstüni ýetirip, arheologlar bu ýerde täze siwilizasiýa-nyň we gadymy Gündogar medeniýetiniň özboluşly ýurdunyň üstüni açdylar diýip ýazdy.
Eýsem «Siwilizasiýa» näme? Bu bir sözde jogap bererden has giň düşünjedir. Siwilizasiýa köpsanly düzüm böleklerden ybarat bolup, jemgyýetiň ykdysadyýetini we hojalygyny, tehniki derejesini we sungatyny, urp-adatlaryny we kanunlaryny, ahlak kadalaryny we dini ygtykatlaryny, dilini we ýazuwyny öz içine alýar. «Marguş siwilizasiýasyny öwrenmegiň dowamynda şol düzüm bölekleriň hemmesini ýüze çykardyk» diýip, görnükli arheolog, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi W.I.Sarianidi ýazypdy.
■ Marguş ýurdunyň gözleginde
Adamzat siwilizasiýasynyň taryhynyň başlangyç döwründe gülläp ösen, «Marguş» ýurdy nirede ýerleşdikä, ony haýsy halk döretdikä diýen soraga bu gün ýurdumyzyň ýokary synp mekdep okuwçysyndan başlap, iň goja ýaşulysyna çenli ählisi: «Ol Bagtyýar Diýarymyzyň Mary welaýatynda ýerleşýär, ony türkmenleriň gadymy ata-babalary döredipdir» diýip, uly buýsanç bilen jogap bererler. Emma mundan 60-70 ýyl ozal «Awestada» Mouru, gadymy pars şinehat ýadygärliklerinde Marguş diýip ýatlanylýan ýurduň nirededigi ylymda näbelli bolup galýardy. Bu meseläni aýdyňlaşdyrmakda görnükli gündogarşy-nas, akademik W.W.Struweniň gözlegleri öz oňyn netijesini berdi. Alym geçen asyryň ortalarynda gady-my ýazuw ýadygärliklerini düýpli seljermek bilen, olaryň maglumatlaryna salgylanyp, Marguş ýurdunyň Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Murgap derýasynyň köne hanasynyň aýagynda ýerleşýändigini subut etdi. Şondan soň arheologlar Marguş medeniýetini döreden gadymy halkyň galdyran yzlaryny gözlemäge we öwrenmäge has ykjam girişdiler.
1972-nji ýylda Murgap derýasynyň köne hanasynyn aşak akymyndaky giň giden düzlükde düýpli gözleg işlerini alyp barmak maksady bilen, Margiana ekspedisiýasy döredildi. Oňa zehinli arheolog W.I.Sarianidi ýolbaşçylyk etdi. 2001-nji ýyldan başlap, Margiana ekspedisiýasy Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň bilelikdäki taslamasy esasynda iş alyp bardy.
Margiana ekspedisiýasy Murgap derýasynyň jülgesindäki ägirt uly giňişlikleri arheologiýa taýdan öwrenmäge girişdi. Ylaýta-da Baýramaly şäherinden 30-80 kilometr demirgazykda ýerleşýän giň düzlügi jikme-jik barlamaga uly üns berildi. Çünki dört-bäş müň ýyl mundan ozal Murgap derýasynyň suwy hut şu ýerlere akyp gelipdir. Onlarça ýyllaryň dowamynda alnyp barlan arheologik gözlegleriň netijesinde 3 müň inedördül kilometre barabar bolan bu giňişlikden, öz döwründe gülläp ösen obadyr şäherleriň, kaşaň köşkdür ybadathanalaryň we beýleki oturymly mekanlaryň 300-den gowragynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Olaryň ählisiniň sanawyny düzmek, ýazgy etmek, surata düşürmek, karta geçirmek, çäklerini kesgitlemek we beýleki zerur işleriň uly toplumy amala aşyryldy.
Giň meýdanly arheologik gazuw-barlag işleri «Togalak-1» «Togalak-21» «Kelleli-3» «Kelleli-4» «Ajyguýy-1» «Ajyguýy-8» «Ajyguýy-9» ýadygärliklerinde alnyp baryldy. Olarda geçirilen gazuw-barlag işleriniň her bir möwsüminde bürünç zamanynda gülläp ösen ýurduň ykdysady durmuşyna, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, maddy we ruhy medeniýetine, şol sanda ýokary derejede ösen ymaratçylygyna, sungatyna we dini ygtykatlaryna degişli örän gymmatly taryhy maglumatlary özünde jemleýän artefaktlaryň täze-täze toplumlarynyň üsti açyldy...
■ Goňurdepe syrlaryny açýar
...Murgap derýasynyň köne hanasynyň aşak akymynda ýaşan gadymy oturymly halk barada alymlaryň ozalky garaýşyny düýpli özgerden maglumatlaryň esasy toplumy Goňurdepede geçirilen arheologik gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy.
Goňurdepe Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden 65 kilometr töweregi demirgazykda ýerleşýär. Bu ýerde Murgap derýasynyň köne hanasy birnäçe şaha bölünipdir. Ýerden 1 — 3 metr ýokary saýlanyp duran bu ýaýbaň depäniň gadymy suwaryş ulgamynyň esasy sakasyna golaý ýerleşmegi we tutýan meýdanynyň örän ululygy onuň adaty bir oturymly mekan däldigini aýdyň görkezýärdi. Goňurdepede 1974-nji ýylda başlanan gazuw-barlag işleriniň ilkinji möwsümi täsin maglumatlary ýüze çykardy. Şondan soňra 30 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijesinde ýadygärligiň üsti doly açyldy we bu ýerde özboluşly ymaratçylyk usulynda gurlan ägirt uly gadymy şäheriň ýerleşendigi mälim boldy. Bu şäheriň öz döwründe tutulýan hakyky adynyň entek anyklanylmanlygy sebäpli, ol Demirgazyk Goňur ýa-da ýöne Goňur diýlip atlandyryldy we şol at bilen hem ylmy edebiýata ornaşdy.
Arheologik barlaglar Goňurdaky şäheriň öňünden meýilleşdirilen taslama esasynda, boş ýerde esaslandyrylandygyny mälim etdi. Ilki adaty bir oba, gala bolup, soňra amatly şertleriň emele gelmegi bilen, kem-kemden ulalyp, giňelip, şähere öwrülen oturymly mekanlardan tapawutlylykda, ol birbada gurlupdyr. Goňur meýdany 25 gektara barabar bolan, öz döwri üçin örän uly şäherleriň biri bolupdyr. Şäheriň daşyna, demirgazykdan — günorta birneme süýnmegräk görnüşe eýe bolan haýat aýlanypdyr. Esasy derweze demirgazyk tarapda ýerleşipdir. Onuň daşky diwarynyň gündogar, günorta we günbatar taraplarynyň her birinde giň bolmadyk girelgeler goýlupdyr.
Merkezi Aziýadaky iň gadymy köşk
Goňurdaky şäheriň merkezinde köşk toplumy ýerleşipdir. Ymarat tekiz ýerden bir metr çemesi saýlanyp duran tebigy belentlikde bina edilipdir. Şoňa görä-de, aslynda-da diwarlary beýik, kaşaň köşk şäheriň beýleki ymaratlaryndan has belent we haýbatly görnüpdir. Köşgüň daşy ölçegleri 120x115 metr bolan dörtburç gala bilen gurşalypdyr. Galyňlygy bir metre golaý bolan gala diwarlarynyň goranyş kuwwatyny has güýçlendirmek üçin burçlarynda söweşjeň diňler, olaryň aralygynda bolsa ýarymdiňler ýerleşdirilipdir. Gala diwarynyň iç ýüzüne ýabşyrylyp gurlan uzyn dälizlerden diňleriň we ýarymdiňleriň içine girelge goýlupdyr. Gala diwarynyň ýokarky böleginde, ýiti burçy ýokaryk gönükdirilen üçburçluk şekilli atyşhanalar — okgözüler ýerleşipdir.
Arheologlar şäheriň merkezinde ýerleşen, kuwwatly gorag ulgamy bilen berkidilen we meýilleşdirilende onuň ýaşaýjylarynyň howpsuzlygyna we rahatlygyna birinji derejeli ähmiýet berlen bu ymarat hökümdaryň rezidensiýasy bolupdyr diýen netijä geldiler. Şoňa görä-de, ony Goňuryň şa köşgi diýip atlandyrdylar. Köşgüň daşky galasynyň üç sany girelgesi bolup, onuň esasy derwezesi demirgazyk diwarda ýerleşipdir. Derwezeden giräýen ýeriňde, köşgüň baş işiginiň öňünde uly meýdança ýerleşipdir. Bu ýerde ygal-ýagmyr ýaganda meýdança ýygnanan suwlary köşgüň daşyna akdyrar ýaly, biri-birine seplenip ýere gömlen küýze turbalardan düzülen suw geçiriji gurlupdyr.
Meýdançanyň günorta çägi köşgüň baş işigine baryp ýetipdir. Işikden giren ýeriňde üç sany uly otag ýerleşipdir. Olaryň diwarlarynyň ýüzi gips çalnyp agardylypdyr we dörtburç sütün şekilli çykgytlar — pilýastyrlar we diwaryň ýüzünden çuň oýulan, «ýapyk penjire» kysymly tekjeler bilen bezelipdir. Otaglaryň ikisi hökümdaryň huzuryna gelen adamlary garşylamak, onuň kabul etmegi bilen bagly dessurlary we kadalary berjaý etmek üçin niýetlenilipdir. Içki otagda tagt ýerleşipdir. Ol ýerde hökümdar aksakallar we ýokary wezipeli adamlar bilen maslahat geçiripdir, dolandyryş we guramaçylyk bilen bagly meseleleri çözüpdir, uzak we ýakyn ýurtlardan gelen wekilleri kabul edipdir.
Şa köşgüniň düzüminde kabulhanadan başga-da, hökümdaryň we onuň maşgalasynyň ýaşaýan jaýlary, hojalyk, naharhana-aşhana hem-de dürli dessurlary ýerine ýetirmek, dabaralary guramak we beýleki çäreleri geçirmek üçin niýetlenen otaglaryň we toplumlaryň ençemesi bolupdyr. Köşk toplumynda iki sany otag beýlekilerden tapawutlanýar. Olarda gapy we penjire bolmandyr, içi bolsa çägeden püre-pür doldurylypdyr. Otaglaryň daş ýüzündäki diwara ýabşyrylyp çig kerpiçden örülen basgançaklar arkaly olaryň üstüne çykyp bolýan eken. Bu otaglaryň näme maksada niýetlenendigini anyklamak kyn. Ähtimal, olar otag däl-de, daşyna kerpiçden dörtburç diwar aýlanyp, içi çägeden doldurylan örän beýik minara bolandyr. Mälim bolşy ýaly, gadymy siwilizasiýalaryň has oňat öwrenilen merkezi bolan Mesopatamiýada köşk müneçjimleri asmanyň dury gijelerinde, ýörite gurlan beýik minaralaryň üstüne çykyp, ýyldyzlaryň ýerleşişine we hereketine gözegçilik edipdirler we şonuň esasynda wagt senenamalaryny (kalendarlary) hem-de geljek-boljak ahwalatlar hakynda täleýnamalary düzüpdirler. Goňuryň Şa köşgüniň düzümine girýän içi çägeden doldurylan täsin desgalar hem ähtimal, şeýle maksatlar üçin ulanylandyr.
Gazuw-barlag işleriniň dowamynda arheologlar köşgüň ýaşaýjylarynyň durmuşyny has içgin öwrenmäge ýardam eden dürli görnüşli gap-çanaklaryň, bezeg şaýlarynyň, möhürleriň, misden, bürünçden, daşdan, süňkden ýasalan köpsanly beýleki önümleriň uly toplumyny ýüze çykardylar. Goňurdepedäki köşk häzire çenli Merkezi Aziýada üsti açylan şeýle ymaratlaryň iň ulusydyr we iň gadymysydyr. Ol, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki XXIII asyrda bina edilipdir we biziň eýýamymyzdan öňki XVI asyra çenli onda ýaşalypdyr.
Şa köşgüniň taslamasyny düzenlerinde, onuň örän pugta goragly bolmagyny hemme zatdan ileri tutan gadymy binagärler köşgüň daşyna diňe bir kuwwatly gala aýlamak bilen çäklenmändirler. Goragyň ynamdarlygyny has hem berkitmek üçin köşgi we dört tarapdan oňa ýanaşýan ep-esli meýdany hem öz içine alýan galyň we belent diwarly ikinji gat galany hem bina edipdirler. Alymlar ony gorag galasy diýip atlandyrdylar. Ol gala burçlarynda ýerleşdirilen dörtburç söweş diňleri we aralyk ýarymdiňler bilen has ykjam berkidilipdir...
■ Goňuryň täsin ybadathanalary
...Goňurdaky binalaryň aglaba bölegini ybadathana toplumlary düzüpdir. Bu ýerde ybadathanalaryň ýedi sanysy bolupdyr. Olardan ot ybadathanasy, gurbanlyk berilýän ybadathana, «Şa ybadathanasy» köşge golaý, gorag galasynyň içinde ýerleşipdir.
Ot ybadathanasy köşgüň gündogar tarapynda ýerleşýär. Ol dürli ululykdaky otagdyr dälizleriň we eýwan-howlularyň ençemesinden ybarat bolupdyr. Esasy otag beýleki otaglardan has giň bolup, diwarlarynyň ýüzi gips bilen sünnälenip suwalypdyr. Otagyň günorta diwaryna golaý, bir hatara düzülen dört sany mukaddes ot ojaklary (altarlary) ýerleşipdir. Olar ýerden gazylyp, içine çig kerpiç örülen dörtburçluk görnüşinde gurlupdyr. Ot altarlarynyň ählisiniň iç ýüzi uzak wagt ýanan güýçli oduň täsiri astynda mazaly gyzarypdyr.
Ot ybadathanasynyň düzüminde iki sany üýtgeşik desganyň üsti açyldy. Olar ýerden gazylyp, diwarlaryna kerpiç örülen, gönüburçly otag görnüşine eýe bolupdyr. Olaryň içi arassa ak külden doldurylyp, üsti kerpiç bilen örtülipdir. Görnüşi ýaly, ybadathana gullukçylary altarlarda hemişe ýanyp duran mukaddes oduň külüni hem ryýa etmän, aýak astynda depelenip, tozap gitmez ýaly, ýörite çukurlara üýşürip saklapdyrlar.
Goňurda üsti açylan bu täsin toplum Merkezi Aziýada mälim bolan iň irki ot ybadathanasydyr. Ol hökümdaryň köşgüne has golaý ýerleşipdir. Goňuryň ot ybadathanasy ýüzlerçe ýyllap hereket edipdir. Şeýle uzak wagtyň dowamynda ol ençeme gezek rejelenipdir, abatlanypdyr. Juda könelenden soň, ony ýykyp, ýerinde täzesini gurupdyrlar. Ot ybadathanasy öz hereket eden döwrüniň dowamynda üç ýa-da dört gezek täzeden gurlupdyr.
Gurbanlyk berilýän ybadathana eýeleýän meýdany we otagdyr beýleki desgalarynyň sany boýunça ot ybadathanasyndan has uludyr. Ol bu däp-dessury berjaý etmek bilen baglanyşykly dürli maksatly otaglaryň, hojalyk jaýlarynyň, altarlaryň, köpçülik bolup sežde edilýän uly jaýlaryň, howuzlaryň we beýleki desgalaryň ençemesinden ybarat bolupdyr. Bu toplum köşgüň günbatar we günorta tarapyndaky meýdany tutuşlygyna, gündogarda bolsa ot ybadathanasyna çenli ýerleri öz içine alypdyr. Bu ýerde iki sany uly, tegelek altar hem bar eken. Olaryň içinde özboluşly ojaklar gurlupdyr. Altarlardan uzak bolmadyk ýerde köpçülikleýin sežde edilýän uly otag ýerleşipdir. Gurbanlyk berilýän ybadathana toplumynyň töwereginde uly bolmadyk howuzlaryň birnäçesi ýerleşipdir. Bu ýerde dessurlar ýerine ýetirilende ulanylýan gap-çanaklaryň we beýleki zatlaryň ençemesi tapylypdyr. Örän çylşyrymly we täsin toplumlardan ybarat bolan Goňuryň gurbanlyk berilýän ybadathanasy ýakyn Gündogarda ýüze çykarylan şu kysymly desganyň ilkinjisidir.
«Şa ybadathanasy» diýlip atlandyrylan toplum köşgüň demirgazyk tarapynda ýerleşýär. Onda diňe hökümdaryň özi we onuň maşgala agzalary dini dessurlary ýerine ýetiripdirler. Bu ýerde ululy-kiçili otaglardyr dälizleriň onlarçasy bolupdyr. Otaglaryň aglabasynyň düýbi samanly palçyk we gips bilen suwalypdyr. Olaryň käbiriniň diwarynyň ýüzi ýörite haşamlanypdyr. Otaglaryň biri, ol ybadathananyň mukaddes merkezi bolsa gerek, has giňligi bilen tapawutlanýar. Onuň diwarlaryndaky «ýapyk penjire» kysymly haşamlaryň hatary otagy örän haýbatly görkezýär. Bu toplumda dini häsiýetli ojaklaryň ençemesi ýerleşipdir. Ol ýerden dini maksatly gap-çanaklaryň bölekleri hem tapylypdyr. Olaryň arasynda ýüzüne ösüp oturan daragtlaryň arasynda gezip ýören geçiniň şekili çekilen hem-de jürnügi öküziň kellesiniň şekilinde ýasalan küýze gabyň bölekleri bar eken. «Şa ybadathanasynda» üsti açylan ojaklaryň içi, beýleki ybadathanadakylardan tapawutlylykda, oda gyzarmandyr. Olarda tüssäniň emele getiren gara-gurumynyň yzlary saklanypdyr. Bu ojaklarda odun ýakylman, hoşboý ys berýän, şeýle hem adamlara «zyýan ýetirýän ruhlaryň» garşysyna ulanylýan ot-çöpler tütedilen bolsa gerek. Ýakymly ys berýän ot-çöpleri tütetmek däbiniň zoroastrizm dininiň dessurlarynda giň ýaýrandygy bu pikiriň hakykata laýykdygyna güwä geçýär.
Goňurdaky köşkdür has möhüm ybadathanalary öz içine alan gorag galasynyň daşyny köpsanly ymaratlar, desgalar gurşap alypdyr. Bu ýerdäki gurluşyk toplumlarynyň hem ählisi ybadathanalardan we dürli maksatly jemgyýetçilik jaýlaryndan ybarat bolupdyr.
Şäheriň demirgazyk tarapynda, daşky haýatyň esasy derwezesinden giren ýeriňde daşy uzyn dälizler bilen gurşalan howlulardan, köp otagly jaýlardan we meýdançalardan ybarat bolan örän uly gurluşyk toplumy ýerleşýär. Ol ýerde armyt şekilli ojaklaryň hem onlarçasy bolupdyr. 500 inedördül metre golaý bolan giň meýdança hem oňa galtaşypdyr. Alymlar bu toplumy «köpçülikleýin naharlanyş ybadathanasy» diýip atlandyrýar. Çünki uly dini seneleriň, dabaralaryň bellenilýän günlerinde Marguşyň ähli künjeklerinden bu ýere köpsanly zyýaratçylar ýygnanypdyr. Olar ybadathanalarda gurban bermek, sežde etmek, doga okap, dileg etmek ýaly esasy dessurlary berjaý edenlerinden soň, uly meýdança ýygnanyp guralýan çykyşlara gatnaşypdyrlar, şowhunlara tomaşa edipdirler. Meýdançanyň gapdalyndaky howlularda bolsa jemlenip tagam dadypdyrlar. Şunuň ýaly däpleriň gadymy dünýäniň halklarynyň ençemesinde bolandygy barada ýazuw çeşmeleri habar berýär.
Goňuryň içki galasynyň günbatar tarapynda Gün ybadathanasy ýerleşipdir. Onuň özenini diametri 10 metr bolan, güne çalymdaş tegelek altar we uly, dörtburç otag düzüpdir. Olardan başga-da bu topluma köp otagly jaý we ýene-de iki sany kiçiräk tegelek altar degişli bolupdyr. Otaglaryň we altarlaryň hemmesi gapylar arkaly biri-biri bilen baglanyşdyrylypdyr. Ybadathananyň islendik otagyndan tegelek, Gün altaryna baryp bolýan eken. Iň uly altaryň içinde ýörite ojak bolup, onda ruhanylar Güne sadaka bermek dessuryny berjaý edipdirler.
Gün ybadathanasyndan biraz günortada soma — haoma ybadathanasy ýerleşipdir. Ol ýerde gadymy hindi mukaddes kitaplarynda soma, Awestada haoma diýip atlandyrylýan ýörite içgi taýýarlanypdyr. Marguşyň dürli künjeklerinde soma — haoma taýýarlamak bilen baglanyşygy bolan ýene-de üç sany ybadathananyň üstüniň açylmagy gadymy marguşlylaryň dessurlarynda onuň uly ähmiýete eýe bolandygyny äşgär edýär. Marguşyň şeýle ybadathanalaryndan arheologlaryň tejribesinde ilkinji gezek soma — haoma içgisini taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň we desgalaryň doly toplumynyň üsti açyldy diýip, tanymal arheolog W.I.Sarianidi belleýär.
Arheologlar Goňuryň günorta böleginide suw ybadathanasynyň hem üstüni açdylar. Suw ybadathanasynyň açylmagy, diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem tutuş Alynky Aziýada hem haýran galdyryjy täsinlik boldy. Çünki sebitiň gadymy ýerli halklarynyň dini ygtykatlarynda suwy keramatlaşdyrmak, suwuň keramatyna sežde etmek däbiniň bolandygy barada ýazuw çeşmelerinde ýatlanylýan hem bolsa, şu çaka çenli suw ybadathanasynyň desgasy mälim däldi. Bu ybadathana köşgüň gorag galasynyň günorta diwary bilen şäheriň daşky aýlaw haýatynyň aralygyndaky giňişlikde ýerleşipdir. Bu meýdanyň köp ýerini uly hem kiçi howuz eýeläpdir. Ybadathananyň dürli maksatly jaýlarydyr desgalary howuzlaryň daşyny gurşap alypdyr. Ybadathananyň otaglarynyň ençemesinde iki gatly ojaklar bar eken. Bu ýerde suw bilen bedeniňi tämizlemek, suwuň ruhy penakärine gurbanlyk bermek, sadaka tagamyny taýýarlamak ýaly dessurlar berjaý edilipdir...
(Dowamy bar)...
Akmyrat BABAÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.
Taryhy makalalar