19:47 Garaşsyzlyk / sonetler çemeni | |
GARAŞSYZLYK
Poemalar
I Geljege ynam bar, eý göwün galkyn, Garaşsyz bitarap Watanňa buýsan. Täzeçe gurmaga girişdi halkym, Zähmetiň aýama borjuňy duýsaň. Ýolumyz aňsat däl, biz muňa belet, Her ynsanyň aladasy ýeterlik. Ýaşyl tugumyzy parladyp belent, Ynam bilen al asmana göterdik. Baýdak ruhlandyrýar ýeňişe sary, Ol halkyň geljege ynam – erkidir. Baýdak ajap döwrüň täze karary, Ol Garaşsyzlygyň belent hörpüdir. Eziz halkym muňa gowy düşündi, Aýdyň ýolumyzy tapdyk biz indi. II Aýdyň ýolumyzy tapdyk biz indi, Watanyň ümmülmez sähra – düzünde, Bu pikir her teşne ýürege siňdi, Guwanç duýgusy bar halkyň gözünde. Bu barýan ýolumyz ýagty hem dogry, Bu türkmeniň tüýs bagtynyň geldigi. Abadanlyk bilen turuzman dowly, Gideliň biz baýdak edip deňligi. Haýbatly gürlemäň geçdi zamany, Gygyrmak gerek däl belent münberden. Il-günüň çykaran täze karary, Alyp çykar kynçylykly günlerden. Duýmaly zamanaň şu günki hörpün, Eý, türkmenim, bu gün erkin sen, erkin. III Eý, türkmenim, bu gün erkin sen, erkin, Barýan ýollarymyz gizlin däl, äşgär. Ýurdum bütinleý üýtgedýär görkün, Aýdyňlyk tümlügi nur bolup deşýär. Bize bu gün beýik Pyragy deýin, Kemine, Seýdi dek şahyrlar gerek. Men sizi kalbyma ýaran edeýin, Bu gün beýikleri küýseýär ýürek. Sizden pata alyp ugrasam her ýan, Garaşsyz diýaryň aýdyň ýolundan. Belent maksatlara ýetjegmi görýän, Halkym goltgy berer sagy-solumdan. Yza ýol ýok, diňe öňe ýör indi, Bagtymyzyň şineleri göründi. IV Bagtymyzyň şineleri göründi, Bize bagly bu öwrülşik döwründe. Batly gadam bilen öňe ýörüldi, Her köçede her ýodada, öwrümde. Bu ýolda kalbyny päk tutan ýeňer, Bu ýol umman deýin tolkunly-gomly, Täzeçe pikirlen kömegi deger, Eziz Watan eýýäm jahana doldy. Haramlyk edýänler bolsa eger-de, Olar il gözünden juda tiz düşer. Watan üçin ursun ganyň damarda, Şonda halkym menziline ýetişer. Adamlar, täzeçe guruň işleri, Öňe salmaň, azgynlary-pisleri. V Öňe salmaň, azgynlary-pisleri, Olar ýolumyzda bolmasyn böwet. Geljege ynamly jemläp güýçleri, Bize ýol görkezýär garaşsyz döwlet. Biziň bu ýolumyz ajaýyp ýoldur, Ruhlandyrýar ýaşyl baýdak pasyrdap. Işiňi dogry gur, arkaňda ildir, Beýle bagty görmändik biz asyrlap. Birnäçeler düşüp halkyň öňüne, Öz bähbidi üçin ylgaýar, çapýar. Onuň işi hiç wagt bolmaz oňuna, Görüň ol adamlar pälinden tapýar. Adamlaň kimligin durmuşda syna, Ak göwünli bolsa, hormat goý, syla. VI Ak göwünli bolsa, hormat goý, syla, Bakma onuň kimligine – kürine. Adam bol, goşul – da keremli ile, Wepaly bol ata – baba dessuryňa – däbiňe. Bu gün üýtgetmeklik üçin durmuşy, Ilki bilen üýtgetmeli aňymyz. Bina etmek üçin belent gurluşy, Watan üçin aýamalyň janymyz. Eziz Watanmyzy gülletmek üçin, Gijäňi gündiz et, ýadama, galkyn. Oka, işle, döret uly hem kiçiň, Şonda minnetdar bor senden il – halkyň. Ýol görkezýär Arkadagyň dersleri, Garaşsyzlyk halkyň beýik islegi. VII Garaşsyzlyk halkyň beýik islegi, Garaşsyzlyk bolsa hemme zat bolar. Bag – bossana öwüreliň mesgeni, Gözel bolsun şüherlermiz, obalar. Bu gün toprak daýhanlaryň elinde, Öz ýakaň, öz eliň ekinler ekseň. Ýurdy gülletmek bolsun seriňde, Ýadaman zähmet çek, haýsy iş etseň. Daýhan yhlas etseň ýere – meýdana, Yhlasyňa laýyk hasylyň müňlär. Köp kararlar çykdy seniň peýdaňa, Daýhan indi Babadaýhana meňzär. Öň işiňi gurup bilmezdiň beýle, Garaşsyzlyk bagtdyr keremli ile. VIII Garaşsyzlyk bagtdyr keremli ile, Ol diniň, dessuryň gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk meňzär uly bir sile, Garaşsyzlyk aryň – namysyň erdi. Topragyň üst – asty bagly erkiňe, Eýe sen halyňa, bedewleriňe. Watan alyp barýar ýagty ertire, Hiç kim garşy çykmaz edenleriňe. Bu gün seň öndüren pagtaň özüňki, Özüňkidir indi nebitiň, gazyň. Eý, türkmen, gazanan bagtyň özüňki, Abraýna abraý goş eziz diýaryň. Döwüre hyzmat et, bolsaň-da kim sen, Maksada ýetersiň, halkyňy söýseň. IX Maksada ýetersiň, halkyňy söýseň, Watan adyn sena eýle dahanda. Topragy sen söýmän kim söýsün eýsem, Toprakdyr diregiň ýagty jahanda. Hereket etmedik bereket tapmaz, Zähmete gaýymdyr obada doglan. Gaýratly ýigitler öýünde ýatmaz, Gündizler pikir et, gijeler oýlan. “Alma biş, agza düş” diýeniň bilen, Düşünmeli almaň bişmeýänine. Seret, iller eýýäm duýdular kileň, Zähmetsiz baýlygyň üýşmeýänine. Adamlar, päk zähmet çekmeklik zerur, Wyždan tämizligi – bu esasy ugur. X Wyždan tämizligi – bu esasy ugur, Adamlaryň ölçeg daşy ynsaby. Bitarap döwletiň saçyp durka nur, Ýeňişlere ruhlandyrýar ynsany. Bu pursatda işle, döret durma-da, Şonda eşret salar saňa saýasyn. Başarjaň mynasyp bolsun hormata, Zähmet çeken, goý baýasa baýasyn! Bize zähmetsöýer adamlar gerek, Olar ýurdy alyp gider ileri. Batyrgaý urulan ädimler gerek, Belentlige alyp gitjek illeri. Il derdini göter güýjiň ýetenden, Watan kän zatlara garaşýar senden. XI Watan kän zatlara garaşýar senden, Senden razy bolsun gudratly diýar. Toprak miras galdy eneň – ataňdan, Ýazyň ak çagbasy depäňden inýär. Ummasyz Watanyň baýlygy seňki, Seniňki daglary, sährasy, çaýy. Zemine siňipdir baharyň reňki, Dünýä gözelleşýär ýyl geldik saýy. Gül mekanyň gözelligni göreliň, Bolsun derýalarmyz balykly köller. Hyýanat edenden jogap soralyň, Hatarda bolmasyn galp, şowakörler. Ellerimiz uzan ýerne ýetip dur, Topragyň öňünde öwşün atyp dur. XII Topragyň öňünde öwşün atyp dur, Gije Aý, ýyldyz bar, Kuýaş bar gündiz. Her bir günüň zähmet bilen ötüp dur, Arkaýyn bolmagyň wagty däl şindiz. Garaşsyzlyk bize köp zatlar berdi, Munda juda ýiti gerek aňymyz. Zähmetde egsilsin ýüregiň derdi, Ýeňişlerde bolsun ömür salymyz. Giňden tutuň baýramlary, toýlary, Hötde gel iliňe, öde tamany. Şatlyk gurşap alsyn ähli öýleri. Türkmen öz-özüni tapan zamany. Zähmetden, ýeňişden gözle höziri, Ynanýan, kararlar geçäýmez gury. XIII Ynanýan, kararlar geçäýmez gury, Gün tertipde bu gün halkyň ykbaly. Batyrgaý gadam ur geljege sary, Gazanç et şat günde ýaşaryň ýaly. Diňlenilýär haýsy zady görkezse, Bütin ýurduň pikirleri-islegi. Eşdilip dur Aşgabatda – merkezde, Adamlaryň ýüreklerniň sesleri. Halkym Aşgabada gulagyn gerip, Diňleýär her günde ýürek owazyn. Işlerine ähli ukybyn berip, Üýtgedip başlady ýurduň howasyn. Halkyň bagtdan dolar öýüniň töri, Gün-günden bark urýar Watanyň nury. XIV Gün – günden bark urýar Watanyň nury, Baýdak edineliň ary – namysy. Goý, eşretden dolsun öýleriň duly, Zähmet çek, zähmetde ömrüň manysy. Asmanymyz aýna dek tämizdir, Bu topraga bardyr bugdaý dänesi. Türkmen aga işlerine kämildir, Zehin siňdir, toprakda bar nan ysy. Garaşsyz diýara galkan boluň siz, Bagtdyr bize täze daňyň atany. Bu ene mekanda ägirt gujur biz, Gülledeliň bu ajaýyp Watany. Ýolumyz umman deý atyp dur tolkun, Geljege ynam bar, eý, göwün galkyn. MAGISTRAL Geljege ynam bar, eý, göwün galkyn, Aýdyň ýolumyzy tapdyk biz indi. Eý, türkmenim, bu gün erkin sen erkin, Bagtymyzyň şineleri göründi. Öňe salmaň azgynlary, pisleri, Ak göwünli bolsa hormat goý syla. Garaşsyzlyk halkyň beýik islegi, Garaşsyzlyk bagtdyr keremli ile. Maksada ýetersiň halkyňy söýseň, Wyždan tämizligi ‒ bu esasy ugur. Watan kän zatlara garaşýar senden, Topragyň öňünde öwşün atyp dur. Ynanýan, kararlar geçäýmez gury, Gün – günden bark urýar Watanyň nury. 03.04.1997 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |