20:16 Rubagylar | |
R U B A G Y L A R
Goşgular
Duşmanyňa rehm etmegin erşeňde, Bagşy bolsaň duýgyň bolsun kirşiňde. Dostuňy söý, Watanňy söý ýürekden, Iliňi söý, söýgiň bolsun gurşun deý. ۞ ۞ ۞ Sowuk bolan wagty çoýunýas oda, Geýinýäs sütükli eşikler ýada. Ýürekleri çoýup ýöris elmydam, Pikir öwrüp edermenler barada. ۞ ۞ ۞ Adamlara mähir bilen gara sen, Goý, olaram mähir bilen garasyn, Sözüň bolsun däri – derman mysaly, Seýiklesin ýürekleriň ýarasyn. ۞ ۞ ۞ Bir wagtky münen atyňy öwüp, Beýleki atlary otyrsyň döwüp. Atlanyp gör, belki gören dälsiň sen, Beýle ýüwrükleri eneden dogup. ۞ ۞ ۞ Seret töweregňe durmuşy öwren, Ýatlap dur hataňy sen öwran – öwran. Temegiňi dik ýokary tutmagyn, Ele geldi diýip bäş günlük döwran. ۞ ۞ ۞ Käte degýäs adamlaryň ýüregne, Olara hoş sözler aýtmak deregne. Soňra özümizi horlap ýöris biz, Göni bakyp bilmän olaň garagna. ۞ ۞ ۞ Bir işi etmänkäň oýlan öňünden, Ýürekde çirk galmaz ýaly soňundan. Hiç haçan adama göriplik etme, Atyp çapyp geçseler-de deňiňden. ۞ ۞ ۞ Örän mukaddesdir ata diýen at, Atalardan beýik däldir hiç bir zat. Atalaryň ýodasyndan barýas biz, Atalaň ýollary ýatyrlar uzap. ۞ ۞ ۞ Eger goşgy hakda gozgalsa bir gep, Bizem baryp goşulýarys bada – bat. Çünki goşgy akyl – paýhas toplumy, Ýüregi taplaýjy körük ýaly zat. ۞ ۞ ۞ Ýatlap durgun duzun iýen ýeriňi, Hakykat ýolunda goýgun seriňi. Misginsokar bilen ýollara çykma, Gazyp goýan bolaýmasyn garymy. ۞ ۞ ۞ Ýylanyň hamy- da owadan niçik, Gözleri jadyly, özem kiçijik. Onuň jadysyna aklyň aldyryp, Belanyň üstünden baraýma mojuk. ۞ ۞ ۞ Kim sährany söýer, kim söýer dagy, Kim garany söýer, kimseler agy. Baýguşuň mesgeni harabalykdyr, Bilbiliň ýüregi küýseýär bagy. ۞ ۞ ۞ Gözleriňe bakdym, gülüm, doýmadym, Senden özge hiç gözeli söýmedim. Seniň mähir bilen muhabbetiňden, Men bedenmi, ýüregimi eýledim. ۞ ۞ ۞ Ol adam öwünýär, çişýär güpüläp, Ýaňrap otyr gelmese- de gepi bap. Iş üstüne baran çagy görseňiz, Durandyr ol şol çygryny depeläp. ۞ ۞ ۞ Bilbiller müdimi gülüň aşygy, Balary mydama balyň aşygy. Uly ilden alkyş alyň, adamlar, Alkyş uzadarmyş ynsan ýaşyny. ۞ ۞ ۞ Gyşyňy wasp etsem ýene- de azdyr, Baharyň beslenen bir ajap gyzdyr, Seniň bereketli yssy tomsuň bar, Güýzüň bolsa durşy bilen mazmundyr. ۞ ۞ ۞ Niçeler dünýäni saýýar bipeýan, Diýýär: “Nirden gelip barýarys kaýan”. Şonda- da bu dünýäň mahmal ýelleri, Mähir bilen saçlaryny sypaýar. ۞ ۞ ۞ Käte gürlänmizde goýberýäs hata, Belki hatadan- da geçirýäs öte. Bu dünýäde iň ýigrenen zadymyz, Ýalňyşýan bolmalyň meňzedip ite. ۞ ۞ ۞ Kiçi diýip ýumup geçme gözüňi, Damjalar birigip düzýär deňizi. Daragtlar howaly, beýik bolsa- da Örän kiçijikdir onuň maňyzy. ۞ ۞ ۞ Nirädir bir ýerik ugrasaň ätläp, Topraga tagzym et, iliňi ýatlap. Maksatsyz bir ädim ädiji bolma, Gez durmuşda ädimlerňi hasaplap. ۞ ۞ ۞ Gür baglyga bakdym gözlem doýmady, Miwesiz daragtlar uzyn boýludy. Başyn aşak salan miweli baglar, Meniň kalbym elendirdi, oýnady. ۞ ۞ ۞ Geldiňmi sen bu düzlere seýle, ýar, Ýaza meňzeş başyňdaky öýme, ýar. Söýgi ody tutaşdy bu gursakda, Seniň yşkyň meni telbe eýleýär. ۞ ۞ ۞ Haramlyk etmesin ynsan balasy, Işinden mälimdir adam alasy. Näçe özün duýdurmajak bolsa- da, Ýer – gök ýaly kişi – kişiň arasy. ۞ ۞ ۞ Aýdymlarda milli äheňler bolsun, Ylym ummanynda läheňler bolsun. Adamlara bagt, şatlyk paýlaýan, Goý hemişe ap – ak säherler bolsun. ۞ ۞ ۞ Synla, dostum, bu otlary çöpleri, Miweli az, tikenlidir kökleri, Bulaň bary ene ýerden nem alyp, Bu topraga urup otyr kökleri. ۞ ۞ ۞ Bir özünden özgeleri söýenok, Okanok ol, ýa okana uýanok. Öz nebsiniň sadyk guly bolsa- da, Il içinde kimligini duýanok. ۞ ۞ ۞ Ala daglaň gubary bar, gerdi bar, Her kişiniň maksady bar, derdi bar. Saz ummannyň ägirtlerniň birisi, Pendide guljaly Şiriberdi bar. ۞ ۞ ۞ Gülli – gülälekli, baýyrly Pendi, Topragyň mukaddes ‒ haýyrly Pendi, Çog deý läleleriň, gadymy adyň Türkmen halysynyň gölüne siňdi. ۞ ۞ ۞ Ol hiç haçan erk etmedi özüne, Wezipeli görse çökdi dyzyna. Wah, onuň bolşuna jähennem diýseň, Bu keseli geçdi ogly ‒ gyzyna. ۞ ۞ ۞ Gör, ne täsin ojar oduň ýalkymy, Ne ajaýyp ak üzümiň salkymy. Mert ýigitler öz bähbidin aramaz, Eziz görer Watanyny, halkyny. ۞ ۞ ۞ Ezizim, mähiriň güneşe meňzeş, Baharda açylan güle- de meňzeş. Uzak aýralykda buza öwrülen, Kalby ýyladyjy senede meňzeş. ۞ ۞ ۞ Bu günsüz erte bolmaz. Şor ýerde körpe bolmaz. Içi çog deý gelisiz, Kürteden kürte bolmaz. ۞ ۞ ۞ Bu toprak çäge – toýunly. Bu durmuş çynly – oýunly. Agzyňdan aşyň aldylar, Haramlar ondan doýundy. ۞ ۞ ۞ Ýaz gününiň öwüsgünne aşyk men, Guba çölüň geňisligne aşyk men. Bereketli güýze, ak donly gyşa, Tüp yssyly tomus günňe aşyk men. ۞ ۞ ۞ Baharda bu göwün küýseýär düzi, Alyslar gol bulap çagyrýar bizi. Ýazyň ak çagbasy, goý ezse ezsin, Ruhumyzy hem- de bedenlermizi. ۞ ۞ ۞ Ojakdaky oduň körese ýagşy, Aýdym – saz meýlisiň bezegi – nagşy. Bimahal gygyran horaz dek ylla, Halanmadyk ýerde aýtmasa bagşy. ۞ ۞ ۞ Ýakanok yzyňdan gybat gyýsalar, Kyn bolsa – da göni ýüzňe diýseler. Danalar şöhratyň aşygy däldir, Nadan kişi sähel zada buýsanar. ۞ ۞ ۞ Dostlar bilen meýlis gurýas, oturýas, Kart oýnaýas, gürrüň baryn otarýas. Danalary diňlemegiň deregne, Bihudalyk bilen daňy atyrýas. ۞ ۞ ۞ Murgabym, bal suwuň ýaraýar jana, Dirilik eçilýäň eziz mekana. Bereketden doly her damja suwuň, Tagzym seniň gözbaşyňa ‒ sakaňa ! ۞ ۞ ۞ Gör niçeler hormatlanýar at alyp, Oň sebäbi sadalykdyr, sadalyk. Kim bolsaňam yssy mähriň bolmasa, Şol hatarda ýeriň durar gäderip. ۞ ۞ ۞ Gürrüňi ýandakly ýol deýin uzap, Sag janyňa berer gör niçe azap. Ýalan gürrüňlerne diýmeseň “hawa”, Ykrar etjek bolar üstüňe dyzap. ۞ ۞ ۞ Awa şuňkar gerek ýa ütelgi, baz, Şirin söze toty, ýöremäge gaz. Mollatorgaýlara sena beripdir, Sülgüne gözellik, bilbile owaz. ۞ ۞ ۞ Adamda ýürek bolsun, Saçakda çörek bolsun. Her kim munda ýaşasa, Iline gerek bolsun. ۞ ۞ ۞ Tilsimde gezer tilkiler, Özün oňarmaz selkiler. Gülki bar şatlykdan doly, Ýene bar syrly gülküler. ۞ ۞ ۞ Dowarlar hor bor gyltymda, Ýagşy mal belli gyrkymda. Il öňüne düşjek bolsaň, Hapa bolmasyn syrtyňda. ۞ ۞ ۞ Suw çykar düýe, gowaly, Ýarganat söýer gowagy. Nanyň gadyryn bilýändir, Uruş döwrüniň oglany. ۞ ۞ ۞ Niçe adam dökmän deri, Gazanjakmyş simu – zeri. Gijeler möý bolup sokýar, Gündiz galplyk edenleri. ۞ ۞ ۞ Biri taryplar gülleri, Ýene biri bilbilleri. Meniň paýyma düşüpdir, Wasp etmek näzli dilberi. ۞ ۞ ۞ Pasyllar soltany ýazdyr, Adam diregi dost – ýardyr. Kimseler yz goýar munda, Kimseler munda azardyr. ۞ ۞ ۞ Täsindir adamlar ýerde, Syr saklar ýürekde, serde. Käsi gülüp, käsi dymyp, Ýüzüne tutarlar perde. ۞ ۞ ۞ Niçelerde pähim ýokdur, Niçelerde rehim ýokdur. Boz topraga düşse eger, Gögermejek tohum ýokdur. ۞ ۞ ۞ Tupan turup, düşse baran, Äre gerek ýaru – ýaran. Iline peýda getirer, Nebsine rehimsiz daran. ۞ ۞ ۞ Seniň murdar şekiliň bar, Bir akmak sen, akylyň az. Utançdan, haýadan daş sen, Deň – duşlaryň senden gaçýar. ۞ ۞ ۞ Onuň nazary başlykda, Manatda, ýene gapjykda. Bitaý bulançak gözleri, Agzy bar siňek gapjakda. ۞ ۞ ۞ Gözellik küýsär adamzat, Aşykdyr oňa bada – bat. Kitap okan ýaly däldir, Durmuş syrdan doly bir zat. ۞ ۞ ۞ Uzak gitjegi gümana, Daş düşüp ilden yraga. Gorkma, taýak atyp goýber, Duşsaň awuly ýylana. ۞ ۞ ۞ Aňyny aldyran araga, Duşar durmuşda azaba. Adam ýaly görünse – de Süňk, deri gury gabara. ۞ ۞ ۞ Ýeserje sen, tentejik sen, Aklyň juda keltejik seň. Ýoldaşlarňa uzan diliň, Çinli bolsa keltejik seň. ۞ ۞ ۞ Daýhany goýsalar erkine, Dünýäni getir görküne. Gorkuzyp bezgek etdiler, Peýdasy bardyr gör kime. ۞ ۞ ۞ Ýüň saýarlar sagaç bilen, Wagt ölçärler sagat bilen. Uzak ýola etseň sapar, Ýoldaş bolma biweç bilen. ۞ ۞ ۞ Nebsi üçin atar hallan, Il içinde halanmaýan. Halk bilen bir jan bir tendir, Ilinden alkyşlar alýan. ۞ ۞ ۞ Ýerinde atsaň ýomagy Başgaça bolar tagamy. Ilki özüň görelde bol, Onsoň edewer talaby. ۞ ۞ ۞ Adamlar munda hil – hildir, Bary birleşse bir ildir. Irmän, arman yhlas etseň, Bagtyňy tapmak mümkindir. ۞ ۞ ۞ Ýörme dünýäde diş gysyp, Ýaşamak kyn munda busup. Bagtyň üçin işle göreş, Durmuşdan al paýyň susup. ۞ ۞ ۞ Kiçem bolsaň ýamanja sen, Ökdeläpsiň gazanja sen. Nebsiň guly, pul ýesiri, Bir oýnatgy çemelje sen. ۞ ۞ ۞ Baýguş diýdi: “ men asyl guş”, “Asyldyryn” diýdi suw guş. Biz- ä erbedini görmedik, Garga – da özüne gowy guş. ۞ ۞ ۞ Eý, ata Watanym, eý, dogduk mekan, Ýelleriň bir täsin döredýär mukam. Men seniň keşbiňden ganyp bilemok, Göwsüňde ulalyp ösemdenmikän. ۞ ۞ ۞ Halky söý, göwnüňde bolmasyn diger, Hormatla ulyny başarsaň başarsaň eger. Söýgüsiz müň ýyllap ýaşan ömrüňe, Söýüp ýekeje ýyl ýaşanyň deger. ۞ ۞ ۞ Az gepläp, köp diňle başarsaň eger Göwnüňde garadan bolmasyn diger. Dagdan arkaň bolsa, daşdan ýüregiň, Atan okuň guşuň gözünden deger. ۞ ۞ ۞ Daýhanyň baş käri ekin ekmekdir, Ony bejermekdir, suwa ýakmakdyr. Oňa nädip ekmekligi öwredýän, Belki bir telbedir ýa- da akmakdyr. ۞ ۞ ۞ Örän bir geň haýwan eken geçiler, Bahar paslyn begsireşip geçirer. Aňzak gyşda sandyraşyp durandyr, Şeýleräk ýaşaýar munda kiçiler. Ýa şeýleräk bolýarmyka kiçiler. ۞ ۞ ۞ Işiň bitmez sen özüňi goýberseň, Azaşmarsyň gitjek ýoluň saýgarsaň. Her zada aýratyn garaýşyň bolsun, Hor bolmarsyň pähimiňe eýgerseň. ۞ ۞ ۞ Takyrlaňda kak suwundan içenim, Gyzyl köz deý lälelerňi guçanym. Öwürdiler seni düňle şorluga, Deňeşdirsem şu günüňi, geçeniň. (18.05.1989 ý.) ۞ ۞ ۞ Hiç bir gudrat bilmez seni butnadyp, Seni görmän uly – uly gepledik. Ak başyňyz ýatladyp dur, eý, daglar, Gojalary güýç – kuwwaty gitmedik. ۞ ۞ ۞ Bahar pyntyk bolup ýarylyp çykdy, Guşlaryň sesine garylyp çykdy. Tomusda mährini gysganmadyk Gün, Ýaşyl biýaradan saralyp çykdy. ۞ ۞ ۞ Tozga deý ýeňil bolma, Syratsyz semiz bolma, Zadyna gözüň gidip, Akmaga gelin bolma. ۞ ۞ ۞ Ýaşlygymda dalaş gurup ýellere, Aýlansam – da gözel – gözel ýerlere, Hiç ýerde duşmadym sen deý jenana, Hemra deý baş goýup gitse gelmeze. ۞ ۞ ۞ Seniň gözleriňde nur bar, ataş bar, Indi baksaň ýüreklerim çat açýar. Bir bakyşda meni Mežnun eýlediň, Nädip geldiň Nepes pire sataşman. ۞ ۞ ۞ Haram nebis adamyny kör edýär, Diňe kör däl, gulaklaryn ker edýär. Garyndaşdan, ilden jyda düşürip, Nebis eşegi öz ýolundan ýöredýär. ۞ ۞ ۞ Bu ýylyň gyşy deý gyş bolmaz asla, Gyşlaryň ýazlara ulaşyp geldi. Saglara rehmetdir, keremdir hassa, Gyş, bahar gül deýin çolaşyp geldi. ۞ ۞ ۞ Owadan dünýäde bir türpe zat sen, Bagt gujak açanda giç duýýar adam, Göwnüň galan bolsa bagyşla meni, Bu gün Nowbaharyň joşan pursaty. ۞ ۞ ۞ Halkymyz dünýäde bagtyýar juda, Türkmene ne diýse beripdir huda. ۞ ۞ ۞ Az sözlesin, uz sözlesin dahanyň, Geplemän söý gözelligni jahanyň. ۞ ۞ ۞ Birje pursat gulak goý sen dilberim, Men sen hakda goşgy ýazman bilmerin. ۞ ۞ ۞ Ogullaň edepli merdana bolsun, Gyzlaryň edepli, görkana bolsun. ۞ ۞ ۞ Bir – ä saryýagyz gyzy küýseýän, Birem sary meňiz güýzi küýseýän. ۞ ۞ ۞ Bahar çagy ýapynşy deý gül düzler, Gök ýüzüni eýeläpdir ýyldyzlar. ۞ ۞ ۞ Saýlanmadyk il adyndan wekil sen, Öz döwründe halwa iýen hekim sen. ۞ ۞ ۞ Ýeri, ne peýda bar tekepbirlikden, Irräjik dälmidir entek pirlikden. ۞ ۞ ۞ Sen barkaň kalbymda hiç bolmaz gam ýar, Duýgy goşgy bolup kagyza damýar. ۞ ۞ ۞ Ýagşymämmet baýyň Teleke aty, Elinden alnypdyr zor bilen gaty. Hatda şeýle zulum etmez han Baty. Şonda – da biz saňa doganym diýdik. ۞ ۞ ۞ Ýürek küýsäp seýran etdik gülşeni, Garşy bolma, dalaşaly, gülşeli. ۞ ۞ ۞ Gözüme kaklyşdy lowurdap ýalkym, Ol ýalkym däl eken,kümüşsow alkym. ۞ ۞ ۞ Ýaş başyňdan ynjyk bolma beýle sen, Entekler özüňi kämil eýle sen. (25.09.1999 ý). Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |