10:34 Köpek we tilki | |
KÖPEK WE TILKI / basnýa
Goşgular
(Ata Salyha) Gadym eýýamda bir tilki bar eken, Hamy göwresine juda dar eken. Boýny bokur guýrugy hem ýokmuşyn, Hile bazarynda ýeke-täkmişin. Üýrermiş zor salman bokurdagyna, Şeýdip ynandyran batyrdygyna. Mönlük bilen öz aýbyny ýaşyryp, Gezer eken betnamyny aşyryp. Giň sährada köpek höküm sürermiş, Tilki wezirlige arza berenmiş. Soňra tilki oňa bolupdyr wezir, Itiň arkasyndan görüpdir hözir. Hajyk-hujuk edip itiň daşynda, Aýlanypdyr hile gurup başynda. Itiň hemmelere belet däbi bar, Wagtal-wagtal seňrigini ýygyrýar. Tilki onuň bu bolşuny öwrenen, Köpek gelen wagty gülüp goýberen. Halamandyr tilkiň bolşuny köpek, Özüne öýkünip, gülşüni köpek. Gözleri gyzaryp hökümdar itiň, Diýipdir: “Tilki han, bolşuňdan utan”. Tilki oňa ýene ýaranjak bolan, Seňrigin ýygyryp ýanyna gelen. It oňa üstünden gülýändir çaklap, Gazaplanyp, ähli güýjüni toplap. Hanjar dek dişlerin geçiren parran, Tilki soňky demde diýenmiş: “Arman”. Şeýdip tilki bu dünýäden ötenmiş, Ýaranjaňlyk onuň soňuna ýetenmiş. Bu wakaň üstünden ötenmiş asyr, Bolupmy, bolmanmy bilmedim asyl. 22.11.1978 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |