02:51 Gyr Atyñ ykbaly | |
GYR ATYŇ YKBALY
Goşgular
(Momataý obasynyň ýurdumyza belli Gyr atyna bagyşlanýar). Obamyň owadan Gyr aty bardy, Döwründe hiç atdan galmandy yza. Ýöne şol hakynda gozgalsa gürräň, Kalbymda üýtgeşik döreýär yza. Aýlawa çykanda ezberdi gaty, Saýlanardy başgalardan mazaly. Adamlaryň deňlerinden geçerdi, Raketaň bulutdan geçişi ýaly. Dik boýundy, aýaklary uzyndy, Bendi ederdi gözi düşen adamyn, Guwanardy garry seýis ýürekden, Göz-guwanjyn idederdi ýadaman. Ol diňe gojanyň guwanjy däldi, Obamyzyň buýsanjydy- buýsanjy. Ýöne dal bedewiň soňky kysmaty, Ýadymdan çykanok. Kalbymda ünji. Aýlar geçdi Ýyllar geçdi yzba-yz, Atymyzyň aýaklary köneldi. Indi oňa taý tapylman duranok, Ondan öňe geçýänlerem käneldi. “Bu atymyz gowy atdy” diýdiler, Diýdiler: “Ol bize getirdi şöhrat. Ýöne indi bu janawer garrapdyr, Galmandyr gadymky çakganlyk, gaýrat.” Birgün başlyk berdi şeýle permany: - Geçirmeli—diýdi—Gyr aty ete, Indi mundan ne peýda bar kolhoza, Eti berin nesip etsin millete - Şeýdip iberdiler Gyr aty ete, Kombinata eltip goşdular sürä. At dillenip diýdi, ine, şu sözi: — Atlar dek öljekdim, bolmady gör-ä. Atda bar bolsa-da gör niçe gaýrat, Gözlerinden ýaşy akyp dur paýrap. Mary şäheri, peduçilişe, 13.05.1968 ý. ■ GOJA SEÝSIŇ GÜRRÜŇI Atlar atyldylar Gaýdyş pelleden. Toýnak sesi göge sygmajak bolýar. Üstünde outran çapyksuwarlar, Atdan–da öňürdip ylgajak bolýar. Ýyldyz dek süýnüşip, Süýnüşip olar, Üýşüşen ülkere döndüler bada. Guýruklaň yzyndan uzaýan tozan, Akmaýaň ýoluny salýardy ýada. Hanha, iki bedew saýlanyp çykdy, Gygyrýarlar: — Hä, Garlawaç! — Kepderi! Kepderidir Garlawaja sözüm ýok, Ýöne bir zat haýran etdi köpleri. Teleke jylawy goýberlen bada, Öwrüldi-de bir kümüşsow peýkama, Olaryň duşundan şemal deý geçip, Ähli zady çözdi meniň peýdama. Rezin şarlar däldi göge zyňylan, Buýrasy sümmül dek silkme telpekleň, Asmanda gaýyşy akly-garaly, Göz öňümden gitmez entek-entekler. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. “Täze durmuş” gazeti. 11.04.1987 ý. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||