03:36 Dag goçlary | |
DAG GOÇLARY
Goşgular
Dumanly daglary söýer aýraklar, Süýji çeşmelerden suwlanyp gezer. Olar gorkmaz gyýçak-gyýçak daşlardan, Şirdir peleňlerden duwlanyp gezer. Olaryň bolşuna akylyň haýran, Berk-tertip düzgüne boýun egerler. Erkana ýaşaýyş ýokdur olara, Elmydama howp astynda gezerler. Hersiniň aýratyn serdary bardyr, Her süri goşulmaz başga bir sürä. Süriniň başynyň aman bolmagy, Serdaryň tertibi gurşuna görä. Öňe saýlanarmyş başga bir aýrak, Süriniň serdary garran mahaly. Çünki dag üstünde ýaşamak üçin, Ol sürä baş gerek doly bahaly. Iki baş gerek däl, bir sany sürä, Bu ýerde olaryň ýeterlik biri. Iki goç şeýle bir süsüşermişler Haýsam bolsa biri, Galmaly diri. Teý ahyr ýaş goçdan basylyp garry, Saýlanyp sürüden çykarmyş gyra. Süri tabyn bolup täze serdara, Ýaşarmyş gadymky endigne görä. Garry goç-da tabyn bolup düzgüne, Belent dagdan özün goýbärmiş derä. Gyýçak-gyýçak gaýalarda pytyrap, Bölek-bölek bolup düşermiş ýere. 19.01.1979 ý. ■ OWNAMASYN Işlesin, etsin bilenin, Ýigitlermiz ownamasyn. Ýagty dünýäde dilegim, Ýigitlermiz ownamasyn. Süýji söz bolsun bilýäni, Çagasyn görsün gül ýaly. Öýün ýylatsyn Gün ýaly, Ýigitlermiz ownamasyn. Daş bolsun arak-neşeden, Dileg etmesin kişiden. Guwansyn gören-eşiden. Ýigitlermiz ownamasyn. Mähirli bolsun gelnine, Açyk ýüz bersin gelene. Ýörmesin elene-elene, Ýigitlermiz ownamasyn. Ýigit gaçmasyn azapdan, Heder etmesin hiç zatdan. Är bolsun bärki hasapdan, Ýigitlermiz ownamasyn. Ýigit gazanjy maşgala, Maşgala bolsun daş gala. Mert äriň gadyry başga-la, Ýigitlermiz ownamasyn. Bermesin jebri-ezýeti, Maşgala etsin hezzeti. Budur jahanyň lezzeti, Ýigitlermiz ownamasyn. 8.03.1997 ý. ■ BOLMASYN Hünär öwret perzendiňe, Emelsiz töhmet bolmasyn. Many siňdir her bendiň, Guraksy küplet bolmasyn! Diňle sözün dana kişiň, Olar bilen bol hemnişin. Ýortup ýörme bähbit üçin, Ýoldaşyň akmak bolmasyn! ■ BOLMA Bikär ýatma, oka, döret, Ýürek-kalby dagly bolma! Arkaňda garaşsyz döwlet, Hiç adama bagly bolma! Iller deý bol, gaýşarma sen, Hümmet taparsyň ilňden. Abraý gazan gaýdarňa çen, Ýeke özüň nanly bolma! Döwlet gelse halkyň bilen, Galkyn göwün, galkyngyn sen. At gazanyp altyn bilen, Şöhratly – nyşanly bolma! Besdir kimligiň aňlansa, Ykbalyň halka baglansa. Goşgyň il göwnün awlasa, Dünýäde armanly bolma! 7- 8.03.1999 ý. ■ ÝAŞA Dünýä bir synag mekany, Halka gerek bolup ýaşa! Uly il keser bahaňy, Käte aglap, gülüp ýaşa! Munda ýaşasaň söýülseň, Duýawer aşa öwülseň. Ýowuz ýollarda döwülseň, Il goldawyn duýup ýaşa! Ýyllar geçýär ýörjen-ýörjen, Ýagşy adam dürdür merjen. Kyn durmuşda bolgun merdem, Ejizligi goýup ýaşa! Deňizler daşar, gomlanar, Köňül kä şat, kä gamlanar. Ýaşyl ýaz gyz dek sallanar, Bu jahany söýüp ýaşa! 26.02.1997 ý. ■ ÄGÄ BOLAWER Gül isleseň saýla ter gül, Tikenden ägä bolawer. Gatnasaň-da ýoldan her gün, Gapandan ägä bolawer. Ýola çyksaň bolma gende, Kuwwat bolsun bedeniňde. Jöwenlikden öteniňde, Sapandan ägä bolawer. Beýiklerden etme heder, Işiň düşse kömek eder. Diňe özün söýer gedem, Gedemden ägä bolawer. Gorkma oduň alawyndan, Goran adam ýamanyndan. Suwjuk sözläp ýaňgyňdan, Öpenden ägä bolawer. Gitjek ýoluň saýla özüň, Ölçerip dök öňüň-yzyň. Ýalbaryp, ýallaklap dyzyn, Ependen ägä bolawer. Durmuşda hor bolmaz ylgan, Ejir çeker munda ýyglan. Çakmaz owsun atan ýylan, Ýatandan ägä bolawer. 14.03.1999 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |