19:17 Tekepbir | |
TEKEPBIR.
Goşgular
Olam göräýmäge başgalar ýaly, Bir sany agzy bar, Iki gulagy, Köpbilmişlik edip şeýtan mysaly, Adamlaň aňynda gurar duzagy. Kellesin dik tutup gider işine, Hamyna sygmaýan belent tekepbir, Ilçe bilmese-de kakyp döşüne, Ol utanman başgalara sapak biýr. Oňat gylyk, Adamçylyk barada, Söhbete goşular, Nakyllar aýdar. Käte jedel turup iki arada, Lapy keç halynda öýüne gaýdar. Göwnüni hemmeden belentde tutup, Başgany diňlemez, Nähak jetleşer. Ahyrynda öz sözünde tutulyp, Gün geldikçe adamlardan çetleşer. 20.10.1977 ý. ■ GAÝYŞ ÝAKALY Göläniň gözi deý onuň gözleri, Erni-de hileli çala ýyrşarar, Dawa, jenjel söýýän zady-gözlegi, Bütin durky murdarlyga gurşalan. Akyl satar, Özi akmak bolsa-da, Ady il içinde “Gaýyş ýakaly”. Käte almytyny alýar onda-da, Agzyna dolduryp okar takaly. Dünýäde saýlany kezzaplyk, hile, Galan ömrüne-de şeýdibem ýörer. Ýagşy adam ömrün bagyşlar ile, Ol ýamanlyk paýlap gününi görer. 28.04.1975 ý. ■ GAÇYŇ Dünýäde adamlar hil-hil ekeni, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! Bähbidini arar, okar takaly, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! Ylalaşyp bolmaz gatydyr-gaty, Öz gara nebsidir gürrüňi-gepi, Il üçin bir aşyk onuň gymmaty, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! Göräýmäge adam jübüsi pully, Sungaty söýmez ol, halamaz ylmy. Kireýi bolmasa kakaýmaz kilmi, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! Bir seretseň öz diýenli ýalydyr, Buýsanjasy — baýlyk, pul - hyýalydyr. Manatdyr ganaty, zat aýalydyr, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! “Pul” diýer jahanyň görki-görmegi, Dünýäde başga zat görmez gözleri. Wezipeli görse üýtgär sözleri, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! Baýlyk ýygnamaklyk oň üçin kanun, Ýeke özün biler, illere zabun. Ony gorse gaçyp giderdi Karun, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! Itiň pohun iki keser, çaknyşar, Möhümi düşäýjek bilen gatnaşar. Çinli gorse guýruk bular, çök düşer, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! Baýlyga tabyndyr onuň ynsaby, “Pul-pul” diýip urar damarda gany. Adam diýip bormy şeýle ynsany, Diňe özün bilýän adamdan gaçyň! 13-14.01.1998 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Güýz we men / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |