03:38 Bahar etýudlary | |
BAHAR ETÝUDLARY
Goşgular
Çykdym gola Gelýär tüýdigiň sesi Torgaýlar asmanda aýdýar aýdym. Bagrymy oýkaýan ene topraga, Şundan ajaýyp ýer barmyka, aýdyň! Peýwagtyna ýüzüp gelýär bulutlar, Äpet derýaň doňy çözlen mysaly, Aý bukulýar, käte çykýar ýylgyryp, Edil gizlenpeçek oýnaýan ýaly. Gün tygy oýarýar agyr ukudan, Irkilen agaçlaň gyjyklap böwrün. Baglar gol uzadyp uzak asmana, Ýüzüne sylýarlar güneşiň howrun. Beýle ýeri entek görmändik diýşip, Guşlar bir-birine çawuş çakdylar. Bu ajap pursaty synlamak üçin, Kömelekler ýeri ýaryp çykdylar. Mary şäheri, Peduçilişe, maý-1968ý. ■ BAHAR Meniň sähram bilem deňeşip biljek, Bu ajap dünýäde gaty az-azdyr. Bahar ýellerine gulagyň gerseň, Durşuna mukamdyr, Durşuna sazdyr. Sähra tämizlikdir hemem päklikdir, Ol gyza meňzeýär bir açyk Bu düzlere çyksaň göwnüň açylar, Durşy bilen läle bolupdyr bu gün. Tolkun atyp ýatan ýaşyl maýsalar, Kalbym sizden niçik bähre almasyn?! Gözüňi ýumsaňam gulagyň eşder, Sähraň tarypçysy guşlaň nagmasyn. Bulutlar iner dek kükreşip, Ak çabgalar iner ýere şarlaşyp. Birden altyn güneş nuruny saçyp, Ösümlikler oturandyr derleşip. Sülgünler güsürdäp asmana galar, Owlak-guzyň sesi tutar her ýany. Belent dagy ýykyp – ýumran sil suwy, Däli eder akyp ýatan derýany. Gunçalar gül bolup ýarylyp çykar, Daragtlary durky bilen gül bürär. Gyzlara adyny dakan nowbahar, Gapymyzda gelin bolup sülmürär. 1969 ý. ■ BAHAR BILEN SÖHBET — Sözle, bahar, al–ýaşyl, Geýinmegiň nämeden? — Bu ýaşlygyň nyşany, Duýup biler äňeden. — Ýagyşyň bar, ýagmyryň, Gerekli bu name üçin? — Teşneleri gandyrýan, Ugruna men bar kişiň. — Onda näme, gülbahar, Köňülleri bozýarsyň? Ýogynlary inçeldip, Inçeleri üzýärsiň? — Ýogynlar sozulmasa, Inçeler üzülmese, Garramazmy bu dünýä, Täzeden dogulmasa?! ■ BAHAR Bahar akyp geldi bulaklar bilen, Baharyň howasy doldy düzlere. Juwanlaň kalbyny gyjyklap bahar, Nur bolup çaýyldy gara gözlere. Ýaprakdan ganatyn ýazan agaçlar, Baharyň ýellerne uçaýjak bolýar. Asmanyň ümmülmez mawy gümmezi, Guşlaryň sesine göçäýjek bolýar. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |