12:19 Gelin | |
GELIN / degişme
Goşgular
![]() Mähiriň, messebiň, wepaň eýesi, Geldim men gaşyňa dermana, gelin. Ýassykdaşym, oglanlaryň enesi, Ne diýseň razy men permana, gelin. Çagalaň daşyňda jagyl-da-jugul, Gujagyňda bolsa bir tämiz ogul. Ýadawlyk, tukatlyk bir ýana sowul, Orun ýok, gam-gussa, armana gelin. Içeri suslanar gaşyňy çytsaň, Töwerek ala-ýaz daşary çyksaň. Seniň mähiriňi bir hala çitseň, Nagşy şugla saçar her ýana, gelin. Iş edeňde edýäň eden şekilli, Ýönekeý sen, mylaýym sen, akylly. Sözleriň sadadyr nan dek hökümli, Süýjüdir lebleriň sormaga, gelin. Sada öýümiziň sensiň bezegi, Gözlerime gözelleriň gözeli. Şat günümiň hem bagtymyň özeni, Geldim hyzmatyňda durmaga, gelin. 25.12.1978 ý. ■ GELIN Saçlaryň başyňdan akýar gerdene, Meňzäp dagdan inen sillere gelin! Tolkunup-tolkunup gidýär görsene, Köpri bolup inçe billere, gelin! Ýaryljak-ýaryljak gunçadyr lebiň, Ýaňaklaň gyzarýar degende demiň. Kalbyňda yşk ody golda melhemiň, Tarypyňy ýaýsam illere, gelin! Gadam urşuň uçjak durna mysaly, Lebleriň tagamy hurma hurma mysaly. Ýene-de artdyryp biljek bu sany, Al öýmäň bäs edýär ýellere, gelin! Men bagtyýar bärik gadamyň bassaň, Seýkin ýöre ýa-da dähedem-dessem. Bu dünýäde seýrek duşýan bir zat sen, Aýak yzyň düşmez ýollara gelin! Il içre akylly sahypjemal kän, Nazarkerde uz owadan jenan kän. Ýüregime yşk hanjaryn çenän kän, Bakman senden başga dilbere, gelin! ۞ ۞ ۞ Bu goşgy şanyňa bagyşlanandyr, Waspyňy etmäge çalyşmagymdyr. Ýürek emri bilen nagyşlanandyr, Galam, kagyz alyp gollara, gelin! 15.09.1987 ý. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 12 | ||||||||||||
| ||||||||||||