GARAÝYŞ
Men ret edýärin dosta al salyp,
Gije-gündiz özün gaýgyrýanlary.
Men ret edýärin söýýänden bolup,
Boş hüñläp, bihaýa gygyrýanlary.
Men ret edýärin howlugmaýany,
Howlugyñ, howlugyñ, örän howlugyñ!
Ak tomsuñ ýagşy dek gysga ömürde
Goragynda duralyñ biz gowlugyñ.
Men ret edýärin pyşdyl ukusyn
Hem gürleñgüjügiñ düýbi boşlugyn.
Ýatyp geçirmäge artyk gyşym ýok,
Bir gezek, bir gezek parlap guşlugym.
Ret edýän ýylan sowuklygyny!
Ýylylygyñ baky galjagny bilýän.
Öýlenjek ýigit dek tolgunýan mydam,
Tolgunmadyk günüm öljegmi bilýän.
Agzy jäheksizi ret edýärin,
Ýaramsak ýylgyrşy ret edýärin.
Kethuda salynda meslikden aýnan,
Göterim çal başy ret edýärin.
Men dostumam ret edýän käýarym,
Ret edýän garna çöken pis päli.
Bu dünýeden doýgun terkidünýäni ~
Mugtuna berilýän arzan wysaly.
Men käte özümem ret edýärin,
Ýyllar bilen döwüş gurýar jahyllyk.
...Gözleriñ agyny saraldyp gelýäñ,
Ýa ýollaryñ şeýlemidi kämillik?
* * *
Bir öwrümde gol uzadyp entäne,
Haýyrmy-şer ~ aýanlygny bilmedim.
Bu zatlaryñ şu günüme, ertäme ~
Peýdadygny, zyýandygny bilmedim.
Şygyr diýlip gadym kökene düzlen,
Ýeñsesi has gowy gök sürçek ýüzden,
Ne aglan, ne gülen doñbagyr sözleñ ~
Aýdymdygny, beýandygny bilmedim.
Göz ýumup-açýançañ günleriñ çäşdir,
Söýgi ýaş, göwün ýaş, dünýeler ýaşdyr,
Bu ne gudrat, söýen gyzyma duşdum!
Arzuwdygny, hyýaldygny bilmedim.
Şu ýaýlanyñ ogly, hut şonda güllän,
Ýüküni artdyrýan gaýratly kelläñ,
Öz-özüme dost men hem ganym jellat ~
Kämillikmi, kemaldygny bilmedim.
Özüni aldyrsa sözleriñ dowam!
Dünýä için döküp, gaýnan hem sowan ~
Bir şahyr aýdypdyr: "Şahyrlar ~ sowal",
Jogapdygny, sowaldygny bilmedim.
Bir dostum bar bilmen öwsüp dur kandan,
Iñ uly ýalany başlaýar çyndan,
Magtymguly aýtmyş: "ýarysy jyndan",
Erkekdigni, aýaldygny bilmedim...
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular