13:32 Garaýyş | |
Gerçek Döwletowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Şenbe, 14.10.2023 ý. Garaýyşyň köpugurlylygy bizi köp babatynda edebi, syýasy ugurlarda bolşy ýaly maliýe ýagdaýlarymyzda hem pikirlendirýär. Hat-da diňe bir pikirlendirmeýär-de gaýta ol biziň ykjamlygymyzy we biziň öz maddy ýagdaýlarymyza görä däl-de eýsem-de daş-töweregimizde çalşyp duran hallara hem-de şol hala düşenler bilen baglarymyza görä netije çekarmagyň usullaryny gözlemäge itergi berýär. Hat-da itergi berse ne ýagşy, şol sebäpli-de ýalňyş düşünjeleriň emele gelmeginiň “sebäpkäri” bolýar. Biziň ýigrimi birinji asyrymyz tygşytly ýaşamagyň, akyl ulgamy bilen tehnologiýa eýýämini birlikde saklap, onuň üstesine öz maliýe serişdelerimizi dogry ulanmagyň tarapynda duran adamlardan nähilidir bir hili pikirler gözläp, mysal üçin “öýkelemek" ýagny tygşytly bolmagy bir nokat öwrenmändir-de beýleki bir nokat tygşytly ýaşap, “tygşytsyzyň” maddy harajatyny ýerine ýetirmedigi üçin ondan “ynjamak” ýaly endiklerden saplanmaga wagtyň birmahal gelendigini bildirmek bizi – birimizi bir sekunt öň bolsa-da döwrüň talaplaryna görä “ruhlaşmak” “merdiwanlary” bilen ýaşaýyşa täze garaýyşlary hem ýüze çykaryp biler. Maliýe üpjünçiligi her zaman biziň ruhy dünýämize-de öz täsirini ýetirýär. Islendik arzuw eden zatlarymyzyň aňyrsynda biziň maddy, maliýe ýagdaýlarymyz bar, şol sebäpli-de biziň bu günüň tygşytly ýaşlary bolmagymyzy talap edýär. Her bir ýerde bolsa-da adam öz ýagdaýynyň ýetdigi boýunça özüni üpjün etmäge taýýar bolmak endigi, ýa-da uly maddy garşylygy ýüze çykarmak isleseň, edil şolar ýaly zähmet çekmek usullary, ýagny maliýe, maddy garşylygy saýlamak üçin netijesini gazanmaga ymtylmagy, bu döwrüň döwrebap ynsanlary üçin hususdyr. Ýagny şeýle ýagdaýlarda birden ýadyma düşen zat enelerimiziň bir mahallar näme üçindir haltadan gapjyklary bolardy we ol garry eneleriň hemişe öz ýanynda “gizlinje” bir “gapjygy” hökmünde saýylardy. Munuň özi eneleriň “tygşytlylygy” üçin däl-de bir zamanlar perzendiniň ýa-da agtyklarynyň maliýe garşylygyny “ödemek” üçin pikirleriniň “gapjygy” diýen düşünje döreýär. Çünki eneleriň çaga has ýakyn bolmagy bilen, çaganyň enesi öz çagasyna gerek zady özi has gowy bilýär. Şol sebäpli-de enelerde şeýle “tygşytlylygy” görmek usullary biziň geçmiş taryhymyzdaky üpjünçilik teoremalarymyzyň çözgüdidir belki. Ykdysady üpjünçiligiň maddy ulgamyna nazar salnanda, birden-bire däl-de asyrlardan gelýän adatlara hem ser salynsa has ýakymly bolýar. Taryhy eserleri – filmleri göreniňde bir obanyň näçe sandyk gyzylynyň bolmagy bu bitewilikdäki “gazna” şeýle hem ol gaznadan peýdalanmaga her bir obdanyň raýatynyň hukugy bardygy düşnüklidir. Şol sebäpli-de ol gaznanyň tygşytly hem goragly saklanmagy bu günki bank ulgamynda geçirilýän kiberhowpsyzlyk bilen bagly täzelikçi informasiýalaryň diňe köne usuldan başga bir usula geçendigini alamatladnyrmasydyr. Şol sebäpden hem hiç wagt täze zat ýok-da eýsem biziň tygşytly ýaşamagymyzda ata- baba göreldesine eýermek endikleri ýene-de dowam edýänligi bilen baglanşyklydyr. Şeýlelikde durmuş ykdysady usullaryň birnäçe görnüşleri hakynda diňe “çümmük-çümmük” agzap geçdik. Emma tygşytlylyk sowatlylygy we beýleki bir adamdan hantama bolmak endiklerini indi galdyrmak asyrynyň gelendigi bilen bagly temalar gozgalamagy maliýe usulynda ata-baba däp-dessurlardan ugur alynmasydyr diýip düşünýärin. “Ýatan öküze iýim ýok” ýa-da “Hantamaçylyk gursun”, şuňa meňzeş pikirleriň şu günki täzeçe mysalalry bilen nukdaýnazarda orta alynyp pikirlenişilmesi gelejekki ýaş ykdysadyýetçilere we tygşytly bolmak usullaryny öwrenmese “gitjek ýeri ýok” ýaşlary pikir ulgamy bilen tanyşdyrmak has ýerlikli bolarmyka diýýärin. Nukdaýnazaryň sahypalarynda täze döwrüň köne ýörelgelerinden ata-baba ugurlardan ýörelge almagyň bizi diňe gelejege taýýar edip ýetişdirjekdigine ynanýaryn. • Awtor hakda Gerçek Döwletow - Türkmen Döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň talyby. Ol ýurdumyzyň gelejegi bolan talyp ýaşlaryň watanymyzy ösdürmekde, ýaş ykdysadyýetçileriň ata-baba däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde gelejek üçin üstünlik gazanjakdygyna berk ynanýar. Gerçekde ýaşlaryň dünýägaraýşyna mahsus bolan hereketler bar, täzeligi halaýar. Şol bir wgatyň özünde türkmen halkynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp öwrenilen bilimiň has gowy ýol aljakdygynyň tarapdary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |