05:42 Garnyndaky çagany 50 ýyllap dogurman saklan ene | |
GARNYNDAKY ÇAGANY 50 ÝYLLAP DOGURMAN SAKLAN ENE
Geň-taňsy wakalar
Marokkoly bir ene dokuz aýy ýetip, wagty-sagady dolan çagasyny dogurmak üçin hassahana girdi. Emma çagasyny dogrup bilmedi. Munuñ sebäbi bolsa... Marokkoly Zahra Ebutalyp 1955-nji ýylda çaga dogumak üçin hassahana bardy. Ol kesar bölüminde nobatyna garaşyp durka ölüp barýan bir aýalyñ soñky pursatlaryny görüp trawma geçirdi. Sanjysy kiparlansoñ hassahanadan gaýdan Zahra garnyndaky çagany uklandyr öýdüpdir. Marokko halk ynanjynda enäniñ garnyndaky çaganyñ ene ýatgysynda uklaýandygyna ynanylýar. Ýetmiş bäş ýaşyna gelende Zahranyñ ykgy-çokgusy köpelip başlady. Agyrysyna çydaman hassahana ýüz tutan aýala ultrason barlagy geçirilende onuñ garnynda öli çaganyñ bardygy anyklandy. Lukmanlary haýrana goýan bu waka bilen baglanyşykly organizmiñ öli çagany synanyñ bir organy ýaly ulanandygy we funksiýalaryna dowan edendigi aýdyldy. Bäş sagatlyk operasiýanyñ netijesinde daşa öwrülişen we organlara zyýan berýän düwünçek organizmden sökülip alyndy. "Journal of Royal Society of Medicine" žurnaly şuña meñzeş wakalary başdan geçiren ýene 290 sany aýalyñ bardygyny habar berýär. https://www.olay.com.tr/galeri/karnindaki-bebegi-50-yil-dogurmadi-iste-sonuc-480735 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |