15:28 Garry söýgi — gamly söýgi | |
GARRY SÖÝGI — GAMLY SÖÝGI
Goşgular
Başda oýnan dek çagany, Sen meni kowduň ugruma. Uçurdym kelleçanagy, Gark bolup yşgyň nuruna. Bir gün duşduk öýüňde seň, Däliräp gidipdiň neden. Men ozal ýogrumy ýeten, Indi baş bermen ýogruma. Sese dönen adam-gepler, Biri aýdar, biri eşder. «Söýemok» diýilýän neşter, Sanjyldy ýürek bagryma. Tersinden tersine tutup, Diňe kowaýmadyň itip. Men tasdan gidipdim ýitip, Şol gün ýygryla-ýygryla. Şygyrýetiň baky sözi, Halas eder öýtdüm bizi. Sen tüýs zamananyň gyzy, Men düşünmedim pyglyňa! Eý, ylahy çemli söýgi, Hemişe tagamly söýgi, Garry söýgi, gamly söýgi, Siňip git meniň şygryma. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
√ Kooperatiwiñ puludyr / Goşgular - 22.09.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |