17:33 Syzla | |
SYZLA
Goşgular
![]() Bilýän maňa söýgiň gowşak. Nakys mazy ýaly syzla. Göreňogam meni ogşap, Bagtyň özi ýaly syzla. Gowudan soň ganymat bar, Her kes bähbidin amatlar. Sen kimin serwi kamatlar Türkmen ýazy ýaly syzla. Hor kamatyň — hüýr kamatyň, Saňa diýmek bolmaz hatyn. Az sözli seň tebigatyň, Sözüň uzy ýaly syzla. Lebiň taýsyz içgilerde. Öýüň Käbe dek ilerde. Az görünýäň biz illerde, Turan gazy ýaly syzla. Ýüzden ýüwrük, müňden tulpar, Gelişip dur: sölper, keýker. Seniň kimin peri-peýker Suwry guzy ýaly syzla. Gursak — ojak, ýürek ýanar, El seniň waspyňy ýazar. Ýar, maňa salyşyň nazar, Hakyň gözi ýaly syzla. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |