11:08 Bagş etdim saňa | |
BAGŞ ETDIM SAŇA
Goşgular
![]() Käkilik ählini küle gördüm men, Sähra sülgünini ogşatdym saňa. Kelläm göçen wagty dilewardym men, Pynhan syrlarmy paş etdim saňa. Sen hakda henizem pikirim yrga, Aşyklar hemişe bolýarlar ýygra. Seniň suratyňy siňdirdim şygra, Ýüz etdim, göz etdim, gaş etdim saňa. Kim öwretdi beýle hetden aşmany, Ýaňy dälmi dostlugmyzyň başlany? Söýmäni öwretdim, söýdüň başgany, Men yşgy ömürlik iş etdim saňa. Joýalar çemen dek düzülýär oka, Meni nädip, läläm, döz geldiň oka? Waspyňy namaz dek gaýtalap oka, Ýaşyma bir mukam joş etdim saňa. Seniň gujagyňda dokuz jennet bar, Agzyňdan gaçan söz janyma nektar. Hiç ýok şygrym üçin bolgun minnetdar, Tükenmez söýgüni bagş etdim saňa. İtalmaz AKMYRADOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |