17:38 Hindi gyzy | |
HINDI GYZY
Goşgular
Hindi gyzy aýdym aýdyp, Ýaman etdiň ýüregimi. Ýatlatdyň ýaňadan gaýdyp, Ýatlaman – diýp ýörenimi. Aldandyňda uýduň bütin, Ykbalyňa ezeliňe. Meňzeş seniň tebigatyň, Sada türkmen gözeline. Ýürek näçe küýsese-de, Söýgüliňe bakmadyň sen. Göz ýaş näçe güýjese-de, Ilden pynhan sakladyň sen. Ýatlatdyň sen şeýdip-şeýdip, Ýatlaman diýp ýörenimi. Hindi gyzy aýdym aýdyp, Ýaman etdiň ýüregimi. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |