20:59 Gaza uruşynyñ nyşanasynda çagalar bar | |
GAZA URUŞYNYÑ NYŞANASYNDA ÇAGALAR BAR
Publisistika
Binýamin Netanýahu Gaza halkyny rehim-şepagatsyzlyk bilen agressiýa, ýykgynçylyga we açlyga sezewar edip, bir nesil palestinalyny çagalygyndan mahrum etdi. Indi howply däl ýer ýok. WCNSF - Gazadaky haýyr-sahawat kömegini edýän işgärleriñ ulanýan we "ýaraly çaga, diri galan hossary ýok" manysyny berýän iniñi düýrükdiriji gysgaltmasy. (AFP) Fatima üç ýaşynda we Gazäniñ günorta çetindäki Refahda BMG-nyñ Gumanitar kömek we jemgyýetçilik hyzmaty gullugynyñ (UNRWA) ýöredýän gaçybatalgasynda ýaşaýar. Ene-atasy we iki uly erkek dogany Gaza şäherindäki öýleri ysraýyl güýçleri tarapyndan bombalanyp ýer bilen ýegsan edilende öldürildi. Fatima alty sagatlap gum-kesegiñ astynda galandan soñ halas edildi we çep golunyñ kesilen hassahanasyna ýerleşdirildi. Ahyrynda deñ-duşlarynyñ gözegçiligi astynda hassahanadan çykaryldy, emma ýagyş bolup ýagýan bombalar onuñ täze maşgalasyny günorta - ilki Han-Ýunusa, soñam Refaha göçmäge mejbur etdi. UNRWA-nyñ gaçybatalgasynda adamdan ýaña aýak basara ýer ýok. Aladaly adamlaryñ ýüzünden gar ýagýar we wagtal-wagtal oñşuksyzlyk döräp dur. Azyk we agyz suwy çäkli, hajathana girmek üçin iki sagat garaşmaly. Geçen iki hepdäniñ dowamynda Fatima iki gezek diareýa keseline uçrady we häzirem göwüs infeksiýasyny başdan geçirýär. Dowamly ejesini göresiniñ gelýändigini aýdýar, basyrganýar, az uklaýar. Aç, suwsuz, beter gorkan ýagdaýda. Ol indi "WCNSF" ("wounded child, no surviving family", ýagny, "ýaraly çaga, diri galan hossary ýok"). Munuñ özi Gazada ähli ýakyn hossarlaryny ýitiren ýaraly çagalaryñ biçäre ýagdaýyny añlatmak üçin haýyr-sahawat kömegini edýän işgärleriñ ulanýan iniñi düýrükdiriji gysgaltmasy. Ene ýatgysyna düşen wagtyndan başlap üç ýaşaýança aralykdaky döwür çaganyñ saglygy, ösümini almagy bilen birlikde soñky saglygy duýguçyl we sosial asudalygy we kämillik ýaşyna ýetende işe ukyplylygy taýdan aýgytlaýjy ähmiýete eýe. Şol döwürde beýin çalt ösýär, çaganyñ daş-töweregi bilen dil tapyşmagyna jogap hökmünde beýin bulaşyklygy we baglanyşyklylygynda görnetin artyş göze ilýär. Kiçi ýaşdaky şeýle usuly öwrenme şol bir wagtyb özünde genleriñ daşyna urma şeklini-de üýtgedip, geljekdäki kämil durmuşy boýunça saglygynyñ we özüni alyp barşynyñ şablonyny emele getirýär we şeýlelikde geljekki nesillere täsirini ýetirýär. Çaganyñ gowy ýetişmegi we doly potensialyna gowşup bilmegi üçin hemmetaraplaýyn gözegçilige (howpsuz saklanmagy, sagdyn we gowy iýmitlenip bilmegi, jogapkärçilikli esewan edilmegi, töweregini açmaga we töwereginden öwrenmäge höweslendirilmegi) mätäçligi bar. Muña derek, yzygiderli oñaýsyz şertiñ çaganyñ duýgylaýyn we komponentleýin ösüşinde oñaýsyz täsir döredýändigini we munuñ uzak wagta çeken netijeleriniñ bardygyny-da bilýäris. Gazadaky köp çaga ýaly Fatima hem hemmetaraplaýyn terbiýäniñ bäş komponentinden mahrum. Munuñ oña we Palestina ýurdunyñ geljegine weýran ediji täsirleri bar. Çaknyşyklaryñ başlan wagtyndan bäri Gazada 13 müñden gowrak çaga öldürildi. Şu günki çenli wepat bolan 32 müñ adamyñ 70%-ne golaýy aýal-gyz we çaga. Çaga ölümleriniñ köpüsi bombalamalardan we harby operasiýalardan bolsa-da, aşa köpçülik, arassa agyz suwunyñ ýoklugy, sanitariýa sistemasyndaky weýrançylyk we immuniteti güýçlendirme elýeterliliginiñ azalmagy, ölümkeriñ barha artýan böleginiñ ýokanç kesellerden, aýratynam diareýadan we pnewmaniýadan gelip çykýandygyny añladýar. Fatima çaknyşyklaryñ başlan wagtyndan bäri ýaralanan 74 müñ palestinalynyñ biri we onuñ alan şikesleri ömürlik maýyp bolup galjak derejede uly. Ysraýylyñ medisina enjamlaryna we hasahana generatorlarynyñ ýangyjyna gönükdirip gelen ganawy-da täsirli medisina bejergisiniñ öñüni baglaýar. Dünýä boýunça bäş ýaşdan aşakdaky çaga ölümleriniñ ýarsyna golaýynyñ sebäbi ýeter-ýetmezçilikli iýmitlenme. Ysraýyl Gazada ýeterlik mukdarda azyk we suw getirilişine böwet bolmagyny dowam etdirýär. Bu ýagdaý pekarnýalaryñ (çörek bişirilýän ýerleriñ) we ekin meýdanlarynyñ sistematiki ýagdaýda bombalanmagy bilen birleşende, Gazäniñ ilatynyñ 95%-niñ eýýämden gyssagly ýagdaý derejesinde azyk ýetmezçiligini başdan geçirýändigini añladýar. Çagalar, göwreli we çaga emdirýän eneler, maýyplar ýetde-gütde iýmitlenmekde iñ ýokary howp astynda bolup, gury süýt bilen iýmitlenýän bäbejikler arassa suwa mätäçlik çekilýändigi üçin diareýa keseli howpy bar. Ýeterlik däl bolmagy bilen birlikde getirilýän azyk önümleriniñ düzüminde karbongidratyñ derejesi ýokary, emma proteiniñ, ýagyñ, esasy mikrowitaminleriñ derejesi pes. Şonuñ üçinem ösüp barýan çagalar üçin has kyn ýagdaý emele gelýär. Çaknyşyklaryñ başlan wagtyndan bäri ýeterlik iýmitlenip bilmeýändigi üçin we suwsuzlukdan ölen 31 adamyñ 27-si çagady. Iýmitlenme boýunça soñky geçirilen barlaglarda Refahda iki ýaşyñ astyndaky çagalaryñ 10%-niñ, Gazäniñ demirgazygynda bolsa 31%-niñ talabalaýyk iýmitlenip bilmeýändigi anyklandy. Bu görkeziji konflikt başlamazdan ïñ 1%-denem aşakdady. Bu ýagdaý näçe uzaga cekse, netijeleri-de şonça agyr bolar. Şonsuzam eýýäm çagalyk döwründe talabalaýyk iýmitlenip bilmezlik ýa-da gahatçylyk döwürlerini başdan geçiren çagalaryñ talabalaýyk ösmeýändigini we ösüşiñ potensiallaryna doly ýetip bilmeýändigini görkezýän ygtybarly subutnamalar bar. Kämillik ýaşyna ýetende kardiowaskulýar (серде́чно-сосу́дистые заболева́ния) keselini ýa-da süýjüli diabetiñ derejesini ýokarlandyrma howplary-da ýokary. Jogapkärli gözegçilik körpe çaganyñ diñe ýakynlary hakda däl, şol bir wagtyñ özünde adamlar, sosial we duýguçyl gatnaşyklar hem-de dil hakynda-da maglumat edinmegini üpjün edýär. Fatima Gazada çaknyşyklaryñ dowam edýän wagtynda ýetim galan ýa-da ene-atasyndan jyda düşen, dogan-garyndaşy bolmadyk we eýýämden özleri-de aşa stresleri başdan geçirýän kämillik ýaşyna ýetenler tarapyndan hossarlyk edilýän 17 müñ çaganyñ biri. Beýleki 1,7 million çaga ýaly (Gaza ilatynyñ 75%-i) olaram öýlerinden jyda düşdi, dowam edýän agressiýa, rasizm, ykdysady ynamsyzlyk, garawsyzlyk, hossarsyzlyk, erbet sanitariýa, açlyk bilen ýüzbe-ýüz. Şeýle şertler astynda körpelere jogapkärçilikli çemeleşmek we olara gol-ganat germek mümkin däl diýen ýaly. Gazada indi howply däl ýer ýok. Çaga dogrulýan öýler we çagalar baglary, mekdepler ýumruldy we adamlar hereket edip bilmejek derejede gorkuda ýaşaýar. Fatima güýçli trawmany we ýowuzlygy başdan geçirýär. Indi onuñ wagtyny geçirip, oýnap biljek we okamak üçin gidere ýeri ýok. Munuñ özi çagalara garşy alnyp barylýan uruşdyr. Binýamin Netanýahu Gaza halkyny rehim-şepagatsyzlyk bilen agressiýa, ýykgynçylyga we açlyga sezewar edip, bir nesil palestinalyny çagalygyndan mahrum edýär we Ysraýyla geljekde asla howpsuz ýagdaýda bolmazlygyny üpjün etjek ýaralary salýar. Jeýn KROLI. Penşenbe, 04.04.2024 ý. *Jeýn Kroli otuz ýyldan gowrak wagt bäri çagalaryñ saglygy goraýyş halkara ulgamy boýunça lukman bolup işleýär. Ol soñky sekiz ýylda medisina ugrundan okaýan talyplara we ýaş lukmanlara bilim üçin Gazä birnäçe gezek gelip-gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |