20:38 Gelinlik | |
Gelinlik
Goşgular
Başyndan geçirdiň bir kem otuzy Ýoldaşlaryň ata boldy bireýýäm. Sen bolsa şol gyzy – şol ajap gyzy, Soňsuz söýgi bilen henizem söýýäň Seniň gelinligiň üýtgeşik bir zat, Meňzemeýär bu görünýän gyzlara. Gözellikde ýeke özi taý gelýär, Aşyk-magşuklara – selbinýazlara. Alym bilen alym ýaly gepleşýär, Alym diýýär kesesinden syn eden. Şahyr bilen şahyr ýaly gepleşýär, Şahyr diýýär kesesinden syn eden. Käte seniň bilen pikir alyşýar, Atomdan, kosmosdan, medisinadan. Saňa akyl berýär, saňa öwredýär, Okuwda, durmuşda, garaz, her işde. Asyl oňa gyz diýmegem dürüs däl, Gökden inen perişde-le, perişde… Ýöne bir azajyk kemter ýeri bar: Entek şol gelinlik inenok dünýä. Haçan injegini bilenok hiç kim, Belki, inen bolsa, ony kim bilýä. Belki, aramyzda ýaşap ýörendir, Söýýändir, duýýandyr, göreşýändir ol. Seniň oňa gezişiň dek garaşyp, Seniň söz gatarňa garaşýandyr ol. (1966) Halyl KULYÝEW | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |