21:38 Gidelimi? | |
GİDELİMİ?
Goşgular
Bu dünýä geldim men, illerden irräk, Täleýime ýazylan geň adym bilen. Bu dünýä geldim hem ötüp barýaryn, Maňa yrylmadyk ykbalym bilen. Köp zadym bar, içi hiç zatdan doly, Bagtsyzlyga aşyk bolan bagtym bar. Ýöremäge jennete äkitjek ýoly, Ne umydym, ne ýeterlik wagtym bar. Sypyrylmasa myjabatly köýnegim, Başymdan uçmasa gybat ýaglygy, Bagtdan binesip, yşkdan jyda, Ýüregimiň diňmän geçer agysy. *** Göwnüm, ýör gideli bärden! Lakamy ýalançy bu "dogry" dünýä, Bize nesip däl! Biziň ýolumyz başga, Ykbalmyz aýry! Dogrularyň arasynda egri biz, Ýüplügimiz dogry bolup egrilmez! Bagtymyz da:ş bolsa atylmaz bize, Gül bolsa açylmaz ýene! Göwnüm! Bagta gidýän ýola dikme nazaryň, Ol ýollarda kimse tutmaz goluňdan. Ýöne biz ýöräris, hupbatlam bolsa, Has owadan, täsin dünýäň ýolundan. Olar ýaşabersin öz peý wagtyna, Gidibersin bagtyna! Sen gamlanma, tut elimi, Biz poeziýa gidelimi? Aýsapar EMELOWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||
| ||