20:40 Gijeki otly / hekaýa | |
GIJEKI OTLY
Hekaýalar
Jenap Harris uçarlardan örän gorkýardy. Awtobuslary hem halap baranokdy. Ol on ýaşynda mahaly otla mähir beripdi. Ol häzir elli ýaşynda we entegem otlyny halaýar. Jenap Harris on dördünji sentýabrda Helsinkiden (finlandiýa) Oulu-a gidýän gijeki otla mündi. Öňde on sagatlyk ýol garaşýardy. Otlyda adam kän däldi, jenap Harrisiň kupesine hiç kim girmedi. Ol muňa juda begendi. Käbir adamlar otlyda gije uklap ýol aşmagy halaýan bolsa, Jenap Harris penjireden daşaryny synlamagy ýa-da kitap okamagy halaýardy. Otlyň restoranyndaky nahardan soňra jenap Harris wagonyna dolanyp penjiräň öňüne geçip oturdy. Penjireden birki sagat Finlýandiýaň tokaý we köllerini synlady. Garaňky gatlyşansoň kitap okamaga başlady. Gijäniň ýarynda otly Otewadaky duralgada durdy. Jenap Harris penjireden daşary seretdi, emma hiç kimi görmedi. Otly ugrady, az salymdan soňra kupaniň gapysy açylyp bir ýaş ýigit bilen ýaş hanym girdi. Hanymyň gahar-gazapdan ýaňa gözleri ýanyp durdy. Ol ýigide: — Karl! Beýdip bilmersiň— diýip gygyrdy. Ýaş ýigit bolsa hahahaýlap oturgyja oturdy. Jenap Harris mylaýym adamdy. Ol belent sesde gürleşýän adamlary halanokdy. Şol sebäpli bularyň gelmegi jenap Harrise umuman ýaramady "Wah ýaşlar! Nämüçin olar pessaýja gürläp bilenok?" Ol kitabyny ýere goýup gözlerini ýumdy. Ýöne uklap bilmedi çünki ýaşlaryň gohy gutarar ýerde gutarmady. Hanym oturyp, pesiräk owazda: — Karl! Sen doganym ahyryn, seni gowy görýän. Ýöne maňa düşün, saňa almaz bilezigimi berip bilmeýän. Haýyş, ony yzyna ber!—diýdi. Karl ýylgyrdy: — Ýok, Ýelena, ýakyn wagtda Russiýa dolanýan, şonuň üçin almazlaryňy almasam bolanok— diýip başgabyny ýere goýdy— Ýelena, maňa gulak as, äriň örän baý, men bolsa garyp. Meň hiç zadym ýok. Pulsyz nädip gün göreýin? Pul berip bilmeýän bolsaň almazlaryňy almaly bolaryn jigimjan. Jenap Harris hanymy ünsli synlady. Ol gözi-gaşy, saçlary gap gara gözel zenandy. Onuň ýüzi buz deýin agarypdy, gözlerinde bolsa gorky bardy. Jenap Harrisiň Ýelena rehimi geldi. Olam doganam jenap Harrise ýekeje gezegem seretmedi. "Olar meni görenokmyka" diýip oýlady. Ýelena ýene-de pessaý ses bilen: — Karl!— diýdi — Bu gün öýümize geleniňde almaz bilezigimi ogurladyň, näme üçin beýtdiň?. Ol bilezigi ärim berdi. Bu oňa ejesinden ýädigär galanypdyr. Ärimiň gazaba münjegi anyk, men ondan gorkýan. Karl bolsa ýylgyryp elini jübisine sokup bilezigi çykardy. Onuň elindäki almaz bilezik juda owadandy. Jenap Harris bilezigi synaldy. Kupede bir minuda golaý dymyşlyk höküm sürdi. Jenap Harris kitabyny açdy, ýöne okamady, ol Karliň ýaldyraýan gözüne, sowuk ýüzüne bakdy. Karl: — Nähili owadan almazlar! Olar maňa ep-esli pul getirer— diýdi. Ýelena pyşyrdap: — Olary maňa gaýtaryp ber—diýdi— Ärim meni öldürer. Sen agam ahyryn, haýyş! Karl ýene ýylgyrdy. Jenap Harris ony suwa salma ýençmek isledi. — Öýüňe bar, jigimjan, almazlaryňy bary bir bermeýän. Hany, ugra şol tentek äriň ýanyna! Hanymyň elinde kesgir, uzyn pyçak peýda boldy. Jenap Harrisiň agzy açylyp, hiç zat diýip bilmedi. Ýelena gygyryp: — Almazlarymy ber, bolmasa seni öldürýän— diýdi. Karl gülüp: — Serediň, nähili mähriban, süýji söz jigim bar. Ýok jigimjan, olar indi meniň almazlarym. Pyçagyňy ýygna— diýdi. Emma... Garaşylmadyk wagty pyçak onuň bedenine sünjüldi. Karl elhenç ses çykaryp ýere süýndi. Barça ýer gyrmyzy gana boýaldy. Almaz bilezik Karlyň elinden pola gaçdy. Ýelenanyň reňki ak-tam boldy. — Wah, ýok! Karl! Dolan... dolan!... Seni öldürjek däldim... Ýöne Karldan ses-seda çykanokdy. Ýelena onuň başyna ellerini goýup aglaýardy. Jenap Harris bolsa gorkydan ýaňa agzy açylyp göýaki saň-gaty bolup galypdy. Özüni ele alyp,ýerinden syçrap turdyda gapyň ýanyna bardy. Ýelena oňa ünsem berenokdy. Jenap Harris koridora çykyp göni otlyň gözegçisiniň ýanyna bardy . Demi-demine ýetmän: — Çaltyrak— diýdi— Çaltyrak men bilen ýörüň! Jenaýat!... Ol ýerde bir hanym!... Ýa Allam! Ol öz doganyny öldürdi. Gözegçi jenap Harris bilen kupa bardy. Gapyny açdylar, içeri girdiler. Emma... kupede ne hanym, ne-de jeset bardy. Hiç hili pyçagam, almaz bilezigem ýokdy. Ol ýerde diňe jenap Harrisiň sumka, başgap we paltosy durdy. Gözegçi bilen jenap Harris biri-birine seretdi. — Ýöne... Ýöne olar şu ýerdedi! Men olary anyk gördüm! Ol... ýaşajyk hanym... elinde pyçagy bardy, şol pyçak bilen doganyny öldürdi. Gözegçi: — Pyçagy bardy diýýäňizmi?— diýip sorady. — Hawa, uzyn pyçak. Dogany onuň almazyny alypdyr şonuň üçin... — Ä-hä almazlar— diýip jenap Harrisiň gepini gözegçi böldi—Şol hanymyň ady Ýelenamy? Jenap Harris geň galyp: — Hawa. Muny nireden bilýäňiz? Ony tanaýarsyňyzmy?. — Hawa, şeýle diýseňem bolýar— diýip gözegçi oýlanyp galdy, soňra jenap Harrise seredip— Ýelena di Saronelli juda gözel hanym bolupdyr. Ýarym italýan, ýarym finn. Dogany onuň ene başga öweý agasy. Doganynyň ejesi rus bolan bolmaly. — Bolupdyr? Näme üçin geçen döwüriň gürrüňini edýän ýaly gürleýärsiňiz? Ol hanym diri ahyryn. — Ýok. Ýelena di Saronelli takmynan mundan segsen ýyl ozal aradan çykdy. Doganyny öldürensoň gorkusyna özüni otlydan oklap öz janyna kast edipdir. Bu waka şu kupede ýüz beren bolmaly. Jenap Harrisiň ýüzi öňküsinden beter agardy. — Segsen ýyl ozal? Nämeler diýýäňiz? Diýmek ol we agasy... ýöne men olary gördüm. — Hawa, dogry olary görensiňiz ýöne olar häzir ýaşanok. Olar ruh bolsa gerek. Adatça olar sentýabr aýynda çalt-çaltdan görünýär. Men olaryň ruhlaryny hiç haçan görmedim. Olary sizden başga adamlaram gördi. Geçen ýyl bir är-aýal şol ruhlary görendigini aýdypdy. Şeýle diýip gözegçi jenap Harrisiň gorkudan ak-tam bolan ýüzüne bakdy. — Suw içseňiz gowy bolar, meň bilen ýörüň size suw bereýin— diýip ol jenap Harrisiň elinden tutdy. Jenap Harris finn suwyny halanokdy. Ýöne şu wagt gorka düşüpdi. Gözüni ýumsa elinde pyçak tutup duran Ýelenany görýärdi, onuň sesi gulagyna eşidilýärdi. Şonuň üçin gözegçiniň yzyna düşdi. Suw içensoň biraz özüne geldi. Emma ýüregindäki gorky heniz ony terk etmändi. Şol sebäpli gözegçiniň ýanynda galdy, kupesine barmady. — Hawa bu meşhur hekaýa. Hemmesi anyk ýadymda ýok. Bu waka ençe ýyl öň bolupdyr. Ýelenanyň kakasy Finlýandiýaň iň baý adamlaryndan biri eken. Şoňa görä-de üç-dört aýaly, sekiz sany çagasy bolupdyr. Barça baýlygyny keýpi-sapa sowurany üçin çagalaryna hiç zat galmandyr. Karl onuň iň uly ogly. Adamlaryň aýtmagyna görä ol ýeňil ýaşaýyşy saýlapdyr, örän erbet adam bolan eken. Ýelena bolsa.. Ol biçäre bu üç erkek— kakasy, agasy, äri bilen ýaşamak aňsat bolmandyr. Bir ýyl ol ejesiniň ýanyna italiýa gidýär, şol ýerde-de ýoldaşy di Saronelli bilen tanyşýar. Ol juda baý ýöne gaharjaň adam bolupdyr. Olar filandiýa dolanansoň Karl olaryň öýüne çalt-çaltdan barypdyr. Ol jigisiniň baý ärinden pul soraýan ekeni. Ýelena agasyny gowy göreni üçin pul bermän durup bilmändir. Ýöne di Saronelli Karly halamandyr, Karla pul berýändigi üçin Ýelena hem gaharlanýan eken. Ol Ýelena gaharlanyp Karla pul bermegi gadagan edipdir. Şondan soňra... Galanyny siz hem bilýäňiz. Jenap Harris uludan dem alyp: — Hawa, biçäre, bagtsyz Ýelena— diýdi. Jenap Harris Ouluda iki hepde dostlary bilen dynç aldy. Heliniski-ä gaýdanynda bu sapar awtobusa mündi. Awtobus haýal ýöreýärdi, adamlaram kändi. Emma, jenap Harris juda bagtyýardy. Şol wakadan soňra jenap Harris galan ömürinde gijeki otla münmezlige äht etdi. Jennifer BASSET. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |