17:26 Girman bagşy | |
GIRMAN BAGŞY
Aýdym-saz sungaty
Müňýyllyklardan gözbaş alýan türkmen medeniýeti, aýdym-sazy halkyň içinden döreýän zehinli ynsanlaryň hasabyna has-da kämilleşip gelýär. Öz gezeginde milli medeniýetimiz hem ýiti zehinleri ýüze çykarýar. Ussatlaryň hakyky döredijilik ukyplary bilen döreden ölmez-ýitmez eserleri milletimize ruhy kuwwat berýär. Halk arasynda «Girman bagşy» ady bilen tanalýan Orazsähet Ýagşysähedow hem özüniň gysgajyk ömründe — 44 ýylyň içinde taýsyz döredijilik ussatlygy bilen türkmen aýdym-saz sungatynda hemişelik yz goýdy. Orazsähet Ýagşysähedow baradaky söhbedimizi onuň «Girman bagşy» lakamyny alşy baradaky gürrüň bilen başlasak, ýerlikli bolar. Orazsähediň aýdym aýdyp oturan toýlarynyň birinde raýatlyk urşuna gatnaşan adam bar eken. Onuň bagşa juda göwni ýetip aýdan: «Baý, güýçli sesiň bar eken-ow, sen-ä şu sesiň bilen girmanam ýeňjek» sözlerinden soň, Orazsähediň lakamy «Girman bagşy» bolup galyberipdir. Girman bagşy 1906-njy ýylda Tejen etrabynyň Amaşagapan obasynda eneden bolýar. Onuň kakasy gargy tüýdügiň ýanynda aýdýan bagşy eken. Ýagşysähet aga burkaz tiresinden bolanlygy üçin, oňa «Burkaz bagşy» hem diýipdirler. Ýagşysähet aganyň Orazsähet, Myrat hem Şasoltan atly üç perzendi bolupdyr. Myrat (1908-1981) hem edil agasy ýaly güýçli sesli, eli ýiti bagşy bolupdyr, özi-de onuň sungatyň ähli tarapyna içgin gyzyklanmasy bar eken. Şasoltanyň hem aýdym-saz sungatyna ukyby bolupdyr. Ýöne, ol gyz ejaby bilen orta çykmandyr. Ýeri gelende bellesek, Girman bagşy Murgap etrabynyň Suhty obasynda ýaşan (1900-1961) Yhym bagşy lakamy bilen adygan Rahmanberdi Annasähedow bilen doganoglandyr. Orazsähet aýdym-saza oglanlykdan gyzygyp, kakasyndan hem-de obadaş bagşylaryndan köp aýdymlary öwrenipdir. Ýaşajyk Orazsähet tiz wagtdan toý-tomgularyň, şagalaňlaryň bezegi bolup başlaýar. Ol ýaşlygyna garamazdan «içinden ýalyn geçiren» tejribeli bagşylar bilen güýç synanyşýar. Şonda onuň ussatlardan ökde çykan wagtlary az bolmandyr. Bu ýagdaýlar Orazsähediň adynyň il içine ýaýramagyna itergi berýär. Ol ýaşan obalaryndaky Körje bagşy Mämmetesen oglundan (1881-1943) ençeme aýdymlary öwrenipdir. Şu obadan Joňk bagşy käte Girmana sazandarlyk edipdir. Ol dutaram, gyjagam çalypdyr. Girman we Sahy aga ýetginjek wagtlary aýdym öwrenmäge bile gatnapdyrlar. Körje bagşy sungatyny bu jahyldan gysganman öwredipdir. Ýagşysähet agalara türkmen sazynyň ägirdi Mylly Täçmyradow hem köp geler ekeni. Ol Ýagşysähetden rugsat alyp, Tejeniň töweregindäki toýlara Girmany hem alyp gider eken. Girman bagşynyň ogly Patyşaguly bilen duz-emek bolmak miýesser etdi. Şonda ol kakasynyň saz öwrenen halypasynyň Mylly agadygyny tekrarlaýardy. Girman bagşy Tejende ýaşan ýyllarynda (1933-nji ýyllara çenli) meşhur Şükür bagşy — Dowod ogly (Döwletmyrat) bilen gatnaşyk saklapdyr. Bu ýagdaý Girmanyň Şükür bagşydan kämillik babatynda eýt-beýdi alandygyny çaklamaga esas berýär. Bu iki ussadyň gatnaşyklary barada gürrüň edenimizde, 1931-nji ýylyň ýazynda bolup geçen wakany belläp geçmelidiris. Şol ýyl Girman bagşy oglunyň dünýä inmegi mynasybetli uly toý tutýar. Şol toýa-da Şükür bagşyny ýörite at arabaly getirdýär. Şükür bagşy Girmanyňkyda üç günläp bolýar. Şondan 3-4 aý çemeleri geçensoň, Şükür bagşy ýarawsyzlyk tapyp, güýz aýlarynda dünýäden gaýdýar. Halypasy hökmünde öz kakasy Ýagşysähediň maslahatyna eýeren hem bolsa, Girman Şükür bagşynyň şägirdi, sazanda Hudaýberdi Sertipden ak pata alyp ýola düşýär. Maşgalasynyň 1934-nji ýylyň başlaryna Mara göçüp gelmegi bilen Girmana öz inisi Myrat sazandarlyk edipdir. Girman öz agasy Murgap etrabynda ýaşaýan Yhym bagşy bilenem ýakyn aragatnaşykda bolýar. Şu agzalan bagşylarymyzyň üçüsiniňem aýdym aýdyş, ýerine ýetirijilik hörpi birmeňzeşräkdir. Ahal etrabynyň bagşylary Sahy bagşy, Mylly aga, Jepbar Hansähet, Çary Täçmämmet we başgalar käte ýöriteläp Girman aganyňka myhmançylyga geler ekenler. Sahy bagşy: «Girman, şu bokurdak mende bolsady» diýip, ruhy göterilip guwanar ekeni. Bir gezek bolsa üýtgeşik ussatlyk bilen aýdylan aýdymlaryň täsirinden çykyp bilmän, gözlerine ýaş aýlap, Girman bagşyny gujaklap şeýle diýipdir: «Halaýyk, siz meniň bu bolşumy geňlemän. Munuň edip oturan oýnuna bir serediň-ä. Ony şu ýerde Girmanyň özünden başga edibiljek adam ýok. Aýdýan aýdymlarynyň barsynyň eýesi şunuň bir özi. Näçe aýdym aýtsa, hemmesini ýazyp almaly. Men-ä özüme berlen wagtam Girmana bagyş edýän. Ussat diýeniň şunuň ýaly bolar». Bu örän jaýdar, dogry aýdylan sözlerdir. Magtymguly Garlynyň hem Girman bagşa sarpasy üýtgeşik bolupdyr. Oňa «Bilbil» diýer ekeni. Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran bu iki ussadyň gatnaşyklary barada gürrüň edilende, bir wakany ýatlap geçmezlik mümkin däl. Bir gezek Aşgabatda Oba hojalyk işgärleriniň maslahaty geçirilip, oňa ýurdumyzyň ähli ýerinden sungat ussatlary konsert bermäge çagyrylýar. Şonda Sahy aga ähli bagşylary öz öýüne myhmançylyga çagyrýar. Bagşylaryň şeýle köp üýşen ýerinde heý-de aýdym-saz edilmezmi!? Şonda haýsy bagşynyň ilki orta çykjaklygy tutuş märekäni gyzyklandyrýan sowal bolýar. Teý-ahyr orta Girman bilen Magtymguly Garlyny çykarýarlar. Soňra märeke «Indi öňürti kim başlarka» diýşip howlugýarlar. Ýene-de ähli kişiniň ünsi şu ikisinde saklanýar. Iki bagşy biri-birine: «Sen başla-da, sen başla» diýşensoňlar, Magtymguly Garly ähli adama eşitdirip, ýakynda gören düýşüni aýdýar: «Düýşümde Girman ikimiz aýdym aýdyşdyk welin oňky maňa ýetdi-de, meniňki oňa ýetmedi. Ertesi kakama ýordurdym. Şonuň üçin şu aýtsyn! Aýtsynam, başlasynam!» diýipdir. Girman bagşynyň hem ussat-halypalara goýýan hormaty uly bolupdyr. Ol Oraz Salyr, Magtymguly Garly (Çuwal bagşy) dagyny diňläp: «Bulardan soň, asyl aýdym aýdyp bolmaz» diýip, nahar-şora güýmener ekeni. Aýdyma-da, saza-da deň derejede erk edýän ussat bolup ýetişeninde-de Girman bagşynyň göwni ýene ussatlary küýsäpdir. Beýik bagşylar Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow, Çary Täçmämmedow, Durdy Myradow, Nursähet we Jumasähet Halsähedowlar, Ýoldaş bagşy, sazanda Orazmyrat Juwazow, Uly Garly Ilamanow dagy bilen käýarym aýdym aýdyşyp, saz çalşyp gatnaşykda bolupdyr. Hatda ol bir gezek halk aýtmyşlaýyn «Aýdymlaryň ýolbarsy» Uly Garly bagşy bilen ýüzbe-ýüz oturyp ýaryşypdyr. Ussat halypalar bilen aýdyşyklar Girmany örän kämilleşdirip, aýdym-saz sungatynyň çür depesine çykarypdyr. Girman bagşy Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda işlän ýyllarynda köp ýerlerde çykyş edipdir. Ol gahrymançylykly aýdymlary bilen 1941—1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan türkmen ýigitleriniň ruhuny göterip, gussalaryny egismäge ýardam edipdir. 1946-njy ýylda Daşkendiň gramplastinka zawodynyň wekili ýörite Aşgabada çagyrylyp, bagşy-sazandalaryň aýdym-sazlary ýazgy edilýär. Şonda Girman bagşynyň hem 40-a golaý aýdymy ýazgy edilipdir. Şolardan «Gürjüniň», «Düşmüş», «Şelepli durna», «Alagaýyşly» aýdymlary hil taýdan şowly çykypdyr. Ýazgy edilýän döwründe bagşy uly alada edipdir, hatda öýüne gitmekligi hem unudyp, filarmoniýadan çykmandyr. Girman bagşynyň tejenli şägirdi Geldi Çaryýewiň aýtmagyna görä, radionyň Altyn hazynasyna ussadyň 22 aýdymy ýazdyrylyp alnypdyr. Agajet, kelte boýlurak Girman bagşynyň özboluşly süýjüdillilik, pespällik, çaga göwünlilik ýaly belent adamkärçilik sypatlary bütin ömrüne saklanypdyr. Ol ýaşkiçilere «jijim», «jigim jan» diýip, ýüzlener ekeni. Girman bagşy Tejendäki Garamämmediň çaýhanasyna köp barar ekeni. Garamämmediň özem güýçli sazanda bolan adam. Ol aglaba Oraz Salyra sazandarlyk edipdir. Girman bagşy agyr hassa ýatyrka ogly Patyşagula: «Oglum, dört ýoly bilmeseň, bagşy men diýip orta çykmagyn!» diýip, sargyt edipdir. Elbetde, köpi gören halypanyň bu sargydynyň ýorgudy damana, salyr-saryk, teke, ýomut-gökleň ýollaryndanam aýdym aýtmany bilgin diýdigi. Çünki, bagşynyň ýolunyň dürli illere düşmegi ahmal, şonda ýerli halkyň söýýän, halaýan ýolundan habarly bolmak onuň abraýyny has-da beýgeldýär. Girman bagşynyň özi bu dört ýol bilen birlikde, dutarda parslaryň «Nowaýy» hem-de «Gülümsi Selbim» sazlaryny ussatlyk bilen çalypdyr. Munuň özi Girman bagşynyň aýdym-saz repertuarynyň örän baý bolandygyny görkezýär. Girman aga 1950-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda bagyr serroz keseli zerarly aradan çykýar. Girman bagşynyň 1992-nji ýylda Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda doglan gününiň 85 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Şol ýyl oňa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at berilýär. Häzir Garaýap obasy Girman bagşynyň adyny göterýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sungatyny, medeniýetini öwrenmeklige, dünýä ýaýmaklyga giň ýol açylyp, milletimiziň kalbynyň owazyny nesillere ýetiren ussatlara uly sarpa goýulýar. Goý, milli aýdym-saz sungatymyzyň hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, medeniýetimizi has-da gülletmek ugrundaky tagallalary mundan beýläk-de rowaçlansyn! Meret REJEBOW, saz sungatyny öwreniji. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||