21:46 Goja esgeriñ gündeligi: Armansyz ölüm ýok | |
ARMANSYZ ÖLÜM YOK
Ýatlamalar
Watan üçin iş bitirip, ser goýan Gurban Kuryýew baradaky söhbedimi bellikden başlamagy makul bildim. Harby arhiwden ýazyp alan familiýalarymdyr atlarymy ýoýlup ýazylan bolsa-da, men ýazylyşy ýaly aldym. Şübhelenenlerimi anyklanymdan soň düzetdim. Ýene säwlik goýberen bolsam, hormatly okyjylarymdan ötünç soraýaryn. Gurban Kulyýew öňki Aşgabat, häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasynda 1907-nji ýylda dünýä inip, 1942-nji ýylda goşun hataryna gidýär. Çini leýtenant, atyjylyk wzwodynyň serkerdesi. WKP(b) agzasy. Birinji Belorus frontunda, 48-nji goşunyň 137-nji atyjylyk diwiziýasynyň 409-njy polkunda sekizinji rotanyň düzüminde baş kesip, ser togalanýan söweşleriň ençemesine gatnaşýar. Geçen asyryň kyrk dördünji ýylynyñ 29-njy iýunynda daňdanyň alagaraňkysynda 409-njy polk Berýozin derýasyndan geçýär. Hatardan çykarylan agaç köpriniň günbatarynda duşman bilen gazaply darkaş gurulýar. Iki tarap hem köp ýitgä sezewar bolýar. Duşmanyň güýjüniň agdyklygy mese-mälimdi. Irden howa aba-saba bolansoň, goňşy polk derýadan geçip, faşistleriň arka tarapyndan hüjüme geçýär. Iki tarapdan zarba urlup, duşman derbi-dagyn edilýär. Gana suwsanlaryň ýek-tüki gaçyp gutulýar. Mogilýow oblastynyň Bobruýsk şäherini gitlerçilerden arassalamak maksady bilen gan dökülýän garpyşmada gahrymanlarça döş gerip, şol aýyň 29-yna ildeşimiz Gurban Kuryýew nejisleriň çaltatar ýaragyndan ýagdyrylan güllelerden wepat bolýar. Watanyň ar-namysy üçin janyny gurban eden türkmen gerçeginiň jesedi Bobruýsk şäheriniň günorta çetinde depin edilýär. Gurban aganyň ogly Ýazly Gurbanowyň öňki Aşgabat, häzirki Ahal welaýatynyň Duşak obasynda yaşaýandygy harby arhiwiň maglumatlarynda görkezilipdir. Leytenant Kuryýewiň serkerdelik eden atyjylyk wzwody ýokary serkerdeleriň buýruklarynyň hötdesinden gelmekde tapawutlanandyklary üçin esgerleriň aglabasynyň döşlerini ordendir medallaryň bezändigini, jan bermeziniň öň ýanynda Watanyny, ýeke didesini zarlandygyny polkownik Ý.N.Danilow Podolsk harby arhiwinde işläp ýörkäk, 1989-njy ýylda maña jikme-jik gürrüň beripdi. Ol Bobruýskide harby-ylym jemgyýetiniň başlygy, ätiýaçdaky polkownik. Salgysy: Belorussiýa, Bobruýsk şäheri, Moskwa köçesiniň 28-nji jaýy, 6-njy otag. (137-nji atyjylyk diwiziýasynyň fondy, ýazgysy 2, iş 41, Podolsk şäheri). 2004-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiwe baryp, Gurban Kuryýew barada maglumatlaryň käbirine göz ýetirdim. Bu gerçegiň familiýasy Kuryýew däl-de, Nuryýew bolup çykdy. Gurban aga barada Ý.N.Danilowyň beren beýleki maglumatlarynyň dogrudygyna göz ýetirdik. ("Hatyra" kitaby, 3-nji tom, 684-nji sahypa). "Hatyra" kitabynda Gurban Nuryýew barada ýene bir maglumat ýerleşdirilipdir. Öten asyryň kyrk üçünji ýylynyň 19-njy noýabrynda wepat bolan, özi-de Gomel oblastynyň Şestin obasynyň demirgazygynda jaýlananlygy ýazylýar. Şu maglumatyň nätakyklygy mese-mälim. Sebäbi Gurban Nuryýew kyrk üçünji ýylda wepat bolan bolsa, kyrk dördünji ýylyň ortaky aýynda Watanyň azatlygy ugrunda faşizm leşgerleri bilen bolan söweşlere gatnaşmazdy. Ýene bir bellemeli zat: uruş ýyllary harby bölümlerde türkmen familiýalarydyr atlarynyň ýoýlup ýazylanlygy: Röwşen diýmegiň deregine Ruşen, Durdynyň deregine Turdy, Annaýewiň deregine Anaýew, Nuryýewiň deregine Kuryýew... Baş arhiwiň işgärleri söweşlerde wepat bolanlaryň sanawyny "Hatyra" kitabyna girizjek bolanlarynda ýerli hökümet guramalary arkaly anyklapdyr. Duşak obasynda Kuryýew familiýalynyň asla ýaşamanlygyny, ähli maglumatyň Gurban Nuryýewe syrygýanlygyny tassyklapdyrlar. Biz bu ýazgynyň üsti bilen Gurban Nuryýewiňki ýaly ykbalyllaryň başga-da bar bolmagynyň mümkindigini aýtmak isledik. Seýitmämmet ORAZGELDIÝEW. "Ahal durmuşy" gazeti, 2004 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |