14:14 Goja esgeriñ gündeligi: Sarwan gaýraty | |
SARWAN* GAÝRATY
Ýatlamalar
"Ata kesbi ogluna halal" diýleni. Nazar çarwanyň dogmasynyň mala yhlasy oglanlykdan oýanýar. Ol maljanly bolup ýetişýär. "Guzy bakdym, guş bakdym, goýun bakdym - ýag gapdym, düýe bakdym gan gusdum" diýilse-de Babaguly bularyň soňkusyna imrinýär. Aýagy uzyn janawar gezegen, her bir ösümlige agzyny urmaýar. Özüniň halaýan ot-çöpüne ýetýänçä, salgyma kowalaşýan kimin gidýär. "Mal eyesine çekmese, şumluk" diýişleri ýaly, düýe-de milletimiziň özi deýin erkinligi, erkanalygy söýýär. Islän ugruna ýol salýar, çökýär, agnaýar, suwa inýär. Şeýdibem örküji ýigdekçe oturan mysaly bolup guya gelýär, suwa ýakylýar. Şonuň üçin eti ýeňil, süýdi, çaly derman. Ýüňi derwaýys, gymmatly. Ýorgana salsaň, belli gadyry ýok, çäkmen etseň - belli bahasy. Gumalaklary ýakylyp, alnan garaýag guragyra em. "Düýäm bar dünýäm bar" diýilmegi asla yöne ýere däl. Çünki onuň yrýa zady ýok. Şoňa görä, hojalygy bir düýeli maşgala asla hor bolmandyr. "Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz" diýilmegi hut şonuň üçin. Ýigit keremli haýwana esewançylyk etmegiň tilsim-tärlerini ele alanynda, Watanymyzyň asuda asmanyny gara bulut gaplady. Dişine deňeç ýaraglanan Gitler ähtiyalanlyk edip, parahat halkymyzyň üstüne duýdansyz çozdy. Duşmanyň ýowuz penjesine düşüp, onuň guluna dönmelidi ýa-da ganymyň öňünde gaýa kimin durup, onuň merkini bermelidi. Eli ýarag tutan bir ten, bir jana öwrülip, Watan goragyna aýak üstüne galdy. Ýurduň ykbalynyň saly suw üstündekä, Babaguly umumyhalk bähbitli işden çetde galyp biljek däldi. Düye çopan taýagyny dula söýäp, häzirki Bereket (ozalky Gazanjyk) etrap harby wekilçiligine alnyny diräp, özüniň fronta ýollanmagyny sorady. Edil häzir özi ýaly merdanalaryň tylda derwaýysdygyny nygtap, çölde düýe bakmagyny dowam etdirmelidigini düşündirdiler. Kyrk birinji ýylyň ikinji ýarymynda Gitleriň badyhowa leşgerleri Moskwanyň alkymyna aralaşanda, mähriban Watanyň, eziz halkyň ykbaly mizan terezä münende güýçleriň ählisini döwleti goramaga jebisleşdirmek hemme zatdan ilkinji orna geçirildi. Şonda Babaguly hem çopan taýagyny atgyr ýaraga öwürdi. Welikaýa derýasyndan Berline deňeç söweş menzilini külterledi. Beýewanda düýe yzynda selpän sähraýy ýigit ganym bilen garpyşdy. Dno bilen Berliniň adyny göterýän 23-nji gwardiýaçy atyjylyk diwiziýasynyň 68-nji polkunda Oder derýasynyň günbatarynda duşmanyň berkitmelerini böwüsmekde, Berliniň köçelerindäki ganly göreşlerde nemes sülsatlaryna böri deýin darady. Çarwa gerçegiň çalasynlygy, edermenligi, batyrlygy serkerdeleriň eserdeň nazaryndan sypmaýar. Kyrk bäşinji ýylyň 28-nji maýynda 055/n belgili buýruk bilen Babaguly Nazarow "Gyzyl Ýyldyz" ordeni bilen sylaglanýar. Ozalky sarwan ýokary sylaga deňeç külpet köküni görýär, ejir baryny çekýär. Geçen asyryň kyrk üçünji ýylynyň 3-nji fewralynda agyr yaralanýar, kyrk dördüň 8-nji noýabrynda tenini ganym güllesi ýene parçalaýar. Harby hassahanalarda saglygyny dikeldip, atyjylyk polkuna dolanýar. Päli azan ýagy amana gelýänçä söweşýär. Reýstagyň üstünde Yeňiş baýdagyny parlatmaga gatnaşýar. Duşmana galkan edinen berdaşly döşünde belli ordenleriň, ýanynda gujur-gaýratyna, merdanalygyna güwä geçýän medallaryň 8-si peýda bolýar. Gyzyl Goşun sapyndan dolananyndan soň, kemala gelen "Oboy" daýhan birleşiginde juwanlykda köňül beren sarwanlygyny dowam etdirýär. Sürüsinde näçe düýe bolsa-da her haýsynyň yzlaryny biri-birinden tapawutlandyryp, hemmesini aýak basyşyndan tanaýar. "Düýe ýitmese semremez" diýen pähime eýerip, gyşa deňeç mallaryny başyna goýberýär. Ýöne olaryň öri meýdanyny, suwa inýän ýerlerini asla gözden salmaýar. Aram-aram barlap, tükelläp durýar. Düýeleriň baş sanyny abat saklamak, olardan köşek, ýüň almak meýilnamalaryny elmydama artygy bilen ýerine ýetirýär. Dünýäni gyrgynçylyga salyp, Ýer ýüzünde ýeke-täk özi agalyk sürmegi niýetine düwen, päliýaman Gitleriň leşgeriniň merkini bermäge gatnaşanlar elmydama biri-biriniň gözleginde. Goja taryhyň gatyna siñen asyryň segsen ýedisinde önüp-ösen etrabyma görme-görşe, gezelenje gitdim. Garagum derýasynyň kenaryna dynç almaga çykdyk. Ýagyş-ýagmyrdan gaýry nem garasyny görmän, tebsiräp ýatan mele toprak emeli derýanyň gudraty bilen keşbini bütinleý özgerdipdir. Ýer eýeleri boz meýdany özleşdiripdirler. Ak bugdaýyňdyr gaýry ekinleriň maýsasy göwnüňi göterýär. Guwançdan ýaňa gözüň dokunýar. Awtoulagly iki ýigit ekinlere organiki dökün berýärdi. Ýagyş suwy üýşen oýdan geçjek bolan maşynyň biri batyp ýatyrdy. Biz onuň deňinde saklanyp, batgadakyny çykaryşdyk. Men sürüjä ýüzlendim: - Nireli borsuň, ogul? - "Oboy" daýhan birleşiginden. - O-ho, örän gowy! Biziň frontçymyz Babagulynyň hal-ahwaly neneň-niçik? - Hä, düýe çopanymyzmy? Ýetmiş altyda taýagyny duluna sõýäp, hormatly dynç alşa çykdy. Segsen bäşde-de bakyýete göç eýledi. Maljanlydy bende. Onuň ýaly kesbi-kärine berlenler ýa tapdyrmaz, ýa-da juda seýrekdir. Onuň lebzine gaýymlygyny, sözüniň iki çykmaýanlygyny, myhmansöýerligini, gaýry gowy häsiýetlerini oňa beletler dillerinden düşürenok. Obadaşlary Babaguly agany hemişe ýagşylykda ýatlaýarlar. Ata-babalarymyzyň aýtmadygy ýok. "Ýagşydan at galar, ýamandan set". Agşamara Babaguly aganyň ogly maňa jaň edip, kakasynyň suratyny gowşurdy. Endamynda uruşdan "ýadygär" galan ýaralar aram-aram gozgap, azar ýamanyny berýär eken. Tenindäki çoýun, demir bölejikleri gorjalaň tapyp ugranynda yzasyna çydaman, hassahana girýär eken. Şonda halasgärler öz belet näsagyny mylakatly garşylap, oňa habar gatýarlar: - Babaguly aga, ýene-de geldiňizmi? - Hawa, hekim ogullarym! Synalarymdaky demirleri tygsyz aýyrmagyň täze usuly tapylmadymy?... Men olary kyrk ýyla barabar göterip ýörün. Uruş ýyllary pyçagyň astynda bäş gezek dagy ýatypdym. Indi beýtmäge birneme ýaýdanýan. Ýaşam könelişýär. Etrabyň merkezi hassahanasynyň hirurgy Mämmet Atajanowdyr onuň gapdalyndakylar demir bölejiklerini synadan aýyrmagyň ýeke-täk täriniň tyga ýapyşımakdygyny tekrarlanlarynda uruş maýyby ýarym degişmä salyp närazylygyny syzdyrýar: - Aý, inerlerim, oň ýaly bolsa, şol demir çoýun bölejikleri meň baky öýümde hem hemram bolaýsyn-la! Gaýratly esger gepini gögertdi. Öz synalaryna faşistleriň salan top ülüşjikleriniň ikisini Watan goragynda görkezen gaýduwsyzłyklaryna şaýat hökmünde bakyýete alyp gitdi. Arman, eziz diýarymyzyň asmanynyň elmydama asudalygy, ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň röwşen geljegi üçin gyrmyzy ganymy seçelän gaýratly gerçek arzyly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilen eşretleriniň hözirini görmäge ýetişmedi. "Armansyz ölüm bolmaz, öýkesiz toý” diýenleri-dä!... _____________________ *Sarwan - düýe çopan "Beýik Türkmenbaşy nesli" gazeti, 08.05.2004 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |