13:02 Goja esgeriñ gündeligi: Sähet aganyñ söweşjeñligi | |
SÄHET AGANYŇ SÖWEŞJEŇLIGI
Ýatlamalar
"Mawy ekranda" "Söweşdeş ýoldaşlarymyz hakda söhbet" diýen mowzukda çykyş edip, uruş ýyllary Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan goşun gullugyna çagyrylan Sähet Mätgulyýewi gözleýändigimi aýdanymda, Sähet aganyň aýaly Amangül ýeňňe diňläp oturan eken. Gepleşik gutaran dessine ol çagalaryna ýüzlenýär: - Wä, Akdepede biziň familiýadaşymyz bar eken, aýaly hem meň bilen atdaş. Asyl hemmesi gabat gelip dur. Beýle-de bir meňzeşlik bor oguşýan. Yz ýanyndan Sähediň körpe ogly Ýagşymyradyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimliginde işleýän dosty meniň Akdepe häkimligine ýollan gözleg hatymy oňa gowşurýar. Görüp otursalar, "Sazanda" obasy Akdepeden ozalky Ýylanlynyň tabynlygyna geçirilen eken. Meniň hatym şol etraba ýollanylýar. Guşlugrak ýaňy ýöräp ugran oguljygyny göterip, bize bir ýigit geldi. Salamlaşdy. Habaryny ýañzytdy: - Seýitmämmet aga sizmi? Men Sähet Mätgulyýewiň ogly. Daşoguzdan. Ejem, doganlarym iberdi. Dädemiziň söweşdeş dostuny alyp gelmegi sargadylar. - Hoş gelipsiňiz. - Dädemiz ýurduny täzeledi. Ine, şujagaza adyny dakdyk. Obasyny başgalan frontçyny ýatlaşdyk. Hatyrasyna aýat okap, Iman baýlygyny diledik. Ýöriteläp, alys ýoldan gelen ýigidiň sargydyny mähetdel etmedim. Gyzylgüldür Ýagşymyrat hem-de beýleki golaý garyndaşlary agalarynyň söweş ýoly bilen içgin gyzyklandylar. Ýadyma düşüşinden olaryň isleg-arzuwlaryny kanagatlandyrmaga çalyşdym. "Sazanda" obasynyň kitaphanasynyň işigindäki güjümíň kölegesine üýşen okuwçylardyr uly ýaşulylar meniň gysgaça söhbetimi bir gulaga dönüp diňlediler. Sähet aga 1-nji Belorus frontunyň üçünji zarba urujy goşunynda söweşýär. Belorussiýanyň, Polşanyň, Germaniýanyň şäherleridir obalarynyň ençemesini faşistlerden azat etmekdäki aldym-berdimli jeňlerde edermenligi, gözsüz batyrlygy, ganyma gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanýar. Gitleriň biziň gabawymyza düşen Şnaýdemýul harby bölümini kyrk bäşiň martynda derbi-dagyn etmekde duşmana ýowuz daraýar. Biziňkileriň gazabyndan sypyp, janyny halas etmäge alaç agtarýan basybalyjylar howsala düşýär. Sähet aga oňaýly pursatdan peýdalanyp, gizlin garymdan awtomatdan ot sowurýar, faşistleriň onusynyň janyny jähenneme iberýär. Munda görkezen gahrymanlygy üçin "Watançylyk urşy" ordeniniň 2-nji derejelisine mynasyp bolýar. Polşanyň Pankowo şäheriniň golaýynda nemesleriň goranmak berkitmesine zabt edilende, Sähet aga öz bölümçesini birinji aýaga galdyryp, beýleki esgerlere görelde görkezýär, serkerdäniň buýrugyny ýerine ýetirmekde söweşdeşlerinden saýlanýar. Şonuň üçin kyrk bäşiň iýul aýynyň 20-sinde 040/n belgili buyruk bilen "Batyrlygy üçin" medal bilen sylaglanýar. Daşoguzly gaýduwsyz esgeriň döşüni hökümet sylaglarynyň ýene sekizisi bezeýär. Söweşlerde iki gezek ýaraly bolýar. Saglygyny dikeldip, ýene 23-nji gwardiyaçy atyjylyk diviziýanyň 68-nji polkuna öwrülýär, göreşını dowam etdirýär. Döşüni ordendir medallardan dolduryp, dogduk mekanyna gaýdyp gelenson, oba hojalygynda esgerlik dabini dowam etdirýär. Ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmekde nusgalyk işler bitirýär. Pagta ekýän, mal semredýän topara ýolbaşçıłyk edýär. Işdeş yoldaşlarynyň üns-aladasyny, ukybyny, başarjaňlygyny önde goylan asylly maksada gönükdirmekde guramaçylyk görkezýär. Öz melleginde yetişdiren üzüm, nar, injir kimin bol bar getiryan daragtlaryny Daşogzuň gazaply gyşynyň aňzagyndan aman saklamak üçin Sähet aga beýleki daýhanlaryň edişi ýaly gapysynda gömmeýär-de, iki-üç ýyllap aldajy aýaza öwrenişdirýär. Deslapky ýyl olaryň üstüni gum bilen örtse, birki ýyl gamyşdyr saman bilen basyryp, gazaply gyşa uýgunlaşdyrýar. Şeýlelikde, Sähet aga goňşy golamlarynyňky kysmy köp zähmet talap edýän işleri geçirmese- de üzümleri hasylyny kemeldenok. Gyş suwuny, azak-tenek dersini yetirse boldugy. Salkym-salkym önümleriniň tagamy üýtgeşik. Beýle datlylygynyň esasy sebäbi daragtyny diñe gysyna suwa yakýar. Başyna baran işine örän oýlanyşykly, döredijilikli çemeleşmegi başarýan Sähet aga ene topraga ýürekden hyzmat etmekde hem nusgalyk işler bitirýär. Frontçy dostum Sähet aganyň ýassykdaşy Amangül ýeňňe, körpe ogly Ýagşymyrat, maşgala agzalary edermen esgeriň asylly däplerini dowam etdirýär. Agzybir maşgalanyň baştutanlary uly iliň sylag-hormatyndan peýdalanýar. "Ataň ölse dostundan ýüzüň öwürme” diýen arap nakylyna eýerip, biziň maşgalalarymyz bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar. Seýitmämmet ORAZGELDIÝEW. "Esger" gazeti, 22.04.2004 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |