00:02 Goja esgeriñ gündeligi: Akmämmet aganyñ ak ýoly | |
AKMÄMMET AGANYŇ AK ÝOLY
Ýatlamalar
Öten asyryň müň dokuz ýüz on sekizinji ýylynda häzirki Bereket etrabynyň Ajyguýy obasynda dünýä inen oba oglany agy-garany saýgaryp ugranyndan mal-gara idetmekde, olara ot taýýarlamakda, maldarçylykda möhüm enjamlary bejermekde deň-duşlaryndan tapawutlanýar. Balkan arkajynda daýhan birleşikleri döredilende Akmämmet arçynlyga çagyrylyp, onuň kätipligi hem-de hasapçylygy ynanylýar. Mal ara goýlanda resmi hatlary döwrüň talabyna laýyk düzmekde halalhonlygy, gylyny gyşyrtman berjaý edişi, dogruçyllygy, kärine jürlügi, yhlaslylygy bilen adygýar. Hojalyga köpçülikleýin alynýan iri mallaryňdyr dowarlaryň görnüşlerini, ýaşyny, reňkini, urbalykmy ýa tohumlyk, baryny birin-birin görkezip resmileşdirýär. Onuň işine gaýymlygyny, hakyna kaýyllygyny, derwaýys dokumentleri henize-bu güne deňeç üýtgetmän saklaýşy, özüniňdir dogan-garyndaşlarynyň hem-de beýleki obadaşlarynyň orta goýan düyeleriniňdir dowarlarynyň aýyl-saýyl edilmegi onuñ ynanylan wezipä örän ykjam yapyşandygyny, tertip-düzgünlilige, kada-kanunlylyga biçak sarpa goýandygyny ähli aýdyňlygy bilen örboýuna galdyrýar. Ýetginjeklikden şu zeýilli asylly häsiýetleri bilen il-güne özüni tanadan yigit kyrkynjy ýylda Gyzyl goşun hataryna çagyrylyp, Bereket etrabyndan Meretgylyç Garaýew, Geldi Gulow, Aşyr Ilmämmedow, Gurbannazar Gulanow, Baýar Ajyýew, Berdijan Sazakow, Aýjan Manjyýew, Agar Tasymow dagy bilen Stepanakertde 324-nji Dagly atyjylyk polkunda türgünleşýär. Artilleriýanyň tilsim-tärlerini özleşdirýär. Polkda dürli milletiň wekili örän agzybir gulluk edýär. Şolardan Meretgylyç Garaýew bilen Aşyr Ilmämmedow, Geldi Gulow öz deň-duşlaryndan has tapawutlanýar. Çünki bular esger eşigini geýmezden ozal, şindiki Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde, şol mahalky ýörgünliligi bilen atlandyrsaň, rabfagy gutaran eken. Öz döwrüniň sowatlylary saýylýan ýigitler polkdaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat, öwüt-ündew, syýasy- düşündiriş çärelerini yzygiderli alyp barýar. Watansöýüjiligi, edermenligi, batyrlygy, başarjaňlygy, tutanýerliligi, hakyky watançylygyň asylly häsiýetleriniň hemmesini her kimiň özünde mäkäm jemlemegine, kynçylyklara döz gelip, polat kimin taplanmaga çagyrýardy. Her bir tabşyrygy, ýumşy edil talap edilişi kimin yerine ýetirmegi juwanlykda werziş edinen Akmämmet harby tilsim-tärleri özleşdirmekde, söweşjeň ýaraglary söküp-düzmekde, serkerdeleriň buýruklaryny aýny mahalynda ýerine ýetirmekde asla asgynlyk etmeýär. Nyşana ok atanda edil onlukdan çüýleýär, granat zyňanda nyşanany tozadýar. Hüşgärlikde, ezberlikde, edenlilikde deň- duşlaryny haýranlar galdyrýar. Stepanokertdiň gulagyňy, burnuňy kesip barýan, ýüz-gözüňi ýalaýan şatylama aýazy güneşli ülkeden baran esgerleri aljyradýar. A.Meretgylyjow öz gatybaşlygy, berdaşlylygy bilen gazaply gyşyň ýyly demiňi dodagyňda doňdurýan aňzagyna ýan bermezlige çalyşýar. Gurak aýazyň gazabyny has güýçlendirýän uzak gijesinde ambarda garawulçylyk edende näçe çydamlylyk görkezse-de bir aýagynyň barmaklaryny sowuga aldyrýar, öýkenini üşedýär. Harby hassahana äkidilip, zeperlenen synalaryny üç aýlap bejerdýär. Hemaýata mätäç ýagdaýy synagdan siňe geçirilip, Beýik Watançylyk urşunyň 3-nji derejeli maýyplygyna degişlidigi kesgitlenip, ýarym ýyl möhlet bilen obasyna yollanýar. Öýde bolmaly müddeti dolansoň, onuň gulluga ýarawlylygyna ýaňadan garalyp, Kokantda ýörite döredilen 18-nji Günbatar demir yol polkuna iberilýär. Smolenskden tä Kensberge deňeç gitlerçileriň weýran eden front ugrundaky magistral polat ýollaryny dikeltmäge işjeň gatnaşýar. Biziňkiler berbat edilen menzili abatlap ýetişse, gitlerçileriň partladyjylary demsalymda wes-weýran edýär. Pajygaly ahwalat telim gezek gaýtalanýar. Ahyry örän berk gaýtawul görmese, duşmanyň halys goýmajagyna, weýrançylygy dowam etdirjekdigine doly göz ýetirilip, biziň polkumyz asmana atýan artilleriýa bilen üpjün edilip, faşistleriň depelerinde gaýmalaşýan partladyjy "gara gargalarynyň" merki berilýär. Dutaryň tary deýin sazlanyp çekilen, alyslara uzaýan polat menzili dikeltmekde edermenligi üçin 3-nji Belorus frontunyň serkerdeleri A.Meretgylyjowa telim gezek minnetdarlyk yglan edýär, hormat hatlardyr "Kensbergi azat edenligi üçin” diýen medal bilen sylaglaýar. Önümçilikde gazanan ýokary netijeleri zerarly şahsy tabşyryklaryny wagtyndan ozal ýerine ýetirip, Soýuzyň demir ýol aragatnaşyk ministrliginiň hormat haty dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Tas dört ýyla çeken ýowuz ýow arzyly ýeňiş bilen tamamlanandan soň hem seržant Akmämmet Meretgylyjow Wýazma şäherindäki 01850 belgili harby demir yol goşunda polat menzili dikeltmekde, abatlamakda tä kyrk sekizinji ýyla çenli janypkeş zähmetini, yhlasyny aýamaýar. Gullukdan gelen esgerleriň bir toparynyň ellerine berlen resminamalaryny öwrenmek maňa miýesser etdi. Wýazma şäherindäki 01850 harby goşunyň serkerdeleriniň Akmämmede beren hatynda biziň ildeşimiziň örän sap, garageriş işländigi, front ugurlaryndaky polat ýollary dikeltmekde janyny ayaman zähmet çekendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk, minnetdarlyk bildirilýär. Esasanam, jeniň jygba-jygly,j jeniň jygba-jygly, juda howply pursatlarynda duşmandan heder etmän, serkerdeleriň söweşjeň tabşyryklaryny ýerine ýetirişi aýratyn nygtalýar. Batyrlykda, gaýduwsyzłykda ýoldaşlaryna görelde görkezendigi tekrarlanýar. Uruşdan soňky döwürde halk hojalygynyň haýsy pudagynda işlese- de Akmämmet aganyň arassalygy, halalhonlygy hemişelik hemrasyna öwrüp, dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna özüne ynanylan käre, wezipä hiç çirk getirmejekdigine, ak ýürekliligine, dogruçyllygyna, yhlaslylygyna kepil geçilýär. Şunuň kimin ägirt uly ynanç bildirilip, haşamlanyp, rejelenip hem-de derejelenip ýazylan resminamanyň ahyryna polkuň serkerdesi, syýasy işgäri, ştabyň naçalnigi gol çekýär. Akmämmet aga söweşdeş serkerdeleriniň ygtybarly ynamyna ömürboýy ikilik etmeýär. Harby kasamyna hiç haçan çirk getirmeýär. Gyzyl Goşun gullugyndan dolanyp geleninden DOSAAF-yň häzirki Balkanabat şäherindäki guramasynda köpçülikleýin goranyş çärelerini guramaçylykly, talabalaýyk alyp barmakda görkezen işewürligi zerarly kyrk sekizde şu ugurdan respublikan edaranyň hormat haty bilen sylaglanýar. Aradan iki ýyl ötenden sonra "Gyzyl baýdak" ordenli Bütinsoýuz guramanyň şol zeýilli sylagy bilen mübäreklenýär. Hakyt "işleseň il tanar” diýleni. Ol nirede, haýsy edarada, guramada zähmet çekse-de tebigatyň özüne eçilen lebizliligine, halalhonlygyna, zandy saplygyna kir ýokdurmaýar. Balkanabatda FZO-da terbiýeçikä halk hojalygynyň dürli-dürli pudagyna zerur, taýynlykly hünärmentleri yetişdirmekde işewürligiň asyl nusgasyny görkezýär. Bu ýerde-de onuň yhlaslylygy, işjeňligi gymmat bahaly sylaglardyr gaýry hormatlar bilen bellenýär. Beýik Watançylyk urşunyň gazaplyklarynda gaýnan, ýigitlik çagynyň joşgunynyň gujur-gaýratynyň tas sekiz ýylyny gyzyl goşunyň sapynda geçirip, ata Watan, ene toprak öňündäki perzentlik borjuny birkemsiz berjaý eden Akmämmet Meretgylyjow öz many-maňyzly ömrüniň otuz ýedi ýylyny söwda ulgamyna bagyşlaýar. Bu ugur halk hojalygynyň beýleki pudaklaryndan özboluşly aýratynlyklary bilen görnetin tapawutlanýar. Gara nebsine haý diýip bilmeýän saly gowşaklary derrew ýüze çykarýar. Her gelen alyjydan yonmaga eli ram eden satyjy bilen müşderiniň arasynda gapma- garşylyk döräp, satýanyň ýakasy, alýanyňam eli bolýar. Elbetde, egri ýük uzak gitmeýär. Gyrp-çyrpa öwrenen dükançy sürenine basym ýetdirýär. Akmämmet deý zandy halallykdan gözbaş alanlar üçin mizan tereziniň şol bir dürslügi. Ol şindiki Balkanabadyň 4-nji dükanynda işläninde baý, barlaýarlar-a! Şol döwrüň OBHS-niň, halk kontrollygynyňdyr gaýry derňewe dahylly edaralaryň işgärleri yzly-yzyna barlag üstüne, barlag geçirýärler. Her gezegem hemme zat dürs çykýar. Yekeje köpük ne eýläk, ne beýläk bolaýsa, nädersiň?! Dop-dogry. Dükanyň satyjy bilen alyjynyň arasyny bölýän germewiniň aňyrsynda durup, gapydan girene hyzmat edýän Akmämmet Meretgylyjow bolsa, onuň başgaça bolmaga haky ýok. Ýetik tanaýanlar ony dürslügiň, halallygyň, sap ynsabyna kir ýokdurmazlygyň, tegmilt düşürmezligiň nyşany hökmünde kabul edýärler. Sen öz belet dükançylaryňy birlaý gözden geçirip göräý! Heý, şolaryň içinde hökümetiň ýokary sylagyna mynasyp bolanlary barmy? Beýniňe agram salyp oturma, gadyrdan okyjym! Añsat-añsat ýokdur. Bolaýsa-da juda seýrekdir. Otuz ýedi ýylyň söwda işgäri Akmämmet aganyň döşünde weli, "Beýik Watançylyk urşy" ordeniniň 2-nji derejelisi bilen söweşjeň medallaryň 11-siniň hatarynda "Gyzyl Baýdak" ordeni (1976) çogly güneşimiziň nuruna öwşün atýar. Şol döwrüň dili bilen aýtsaň, muňa saplygyň simwoly diýilýär. Ýurduñ prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy her gezek mejlis geçirip, "türkmene haram ýokmaýandygyny", örän halal işlemelidigini tekrarlanynda, ýolbaşçylaryň arasyndaky döwletiň gaznasyna, halkyň emlägine kast edýänleri ýazgaryp, wezipesinden boşadýandygyny, etmişine görä çäre görmegi berk tabşyryşyny "mawy ekranda" synlanynda, eli egrilere, geň galmakdan ýaňa garaýer ýarylanok, Akmämmet aga oňa girenok. Çünki ömürsaly segsen bäşi sermeläp ýören ýaşuly üçin döwletiň malyna el gatmak, lomaý maýasyny öz haýryňa geçirmek, ýele-yga sowurmak tomsuň orruk ortasynda süýr günortan ýyldyrym çakan deý adatdan daşary hadysa ýaly duýulýar. A.Meretgylyjowa beletleriň haýsyny, isle dogan-garyndaşlary bolsun, hala onuň bilen bile işleşmek miýesser edenler bolsun, ýa-ha goňşy-golamlary, ýa gaýry tanyş-bilişleri - bularyň haýsy birini gepletseň: "Ýaşasaň, Akmämmet ýaly ýaşaýsaň", kişiniň ýeke köpügine göz gyzdyrjak ýa ýerinden gozgajak gümany bolmaz. Ýogsam, ol baryp-ha, kolhoz gurluşygynyň irki döwürlerinde buhgalterçilik etdi, manyly ömrüniň tas kyrk ýylyny dükançylykda geçirdi. Tüýs lomaýja urulýan ugurlar-da!" diýerler. Halallykda il-güni bir çukura tüýkürdip, beýle diýdirmek üçin eneden diňe Akmämmet aga bolup dogulmaly. Uruş hem zähmet aksakgaly ýaşlar bilen duşuşyklara çagyrylanda ömür ýoly juwanlara, ösdürümlere, ýetginjeklere nusga ýaşuly durmuş menzilini külterläp, sowet hökümeti döwründe hojalyklaryň şahsy mallaryny ara goýduryp, kolhozyň haýryna geçirişleri, ikinji jahan urşunyň ýalynly ýyllary, dikeldiş wagtynyň azap-güzaplyklarydyr Soýuzyň diýdimzorlyk zamanasynyň kötellikleri, islegli-küýsegli Garaşsyzlygymyzyň dünýämize nur çaýdyran eýýamynyň eşretleridir sapasy barada gürrüň berýär. Akmämmet agada aýdara zat ummasyz. Ol nirede çykyş etse-de, üýşmeleňde täsirli söhbetdir gyzykly gürrüň berse-de, ahyryny ynsan arassalygyna, halalhonlyga, päklige, saplyga syrykdyrýar. Aýdýanlaryny ynandyryjy deliller bilen berçinleýär. Şoňa görä, ony tutuş durkuny gulaga öwrüp diňleýärler. Öz töweregindäkileriň, goňşy-golamlarynyň, hatar-hatar syrgynlarda ýaşayanlaryň gözüne aklygyň, päkligiň alamaty hökmünde görünýän Akmämmet aganyň döwleti yranmaz maşgalasy onuň sarpasyny bäbenegi deýin goraýar. Edep-ekramlylykda, tertip-düzgünlilikde, kada-kanunlykda, hakyna kaýyllykda gojanyň göreldesine eýerýär. Zürýady Şyhmämmet, gyzlary Gurbansoltan, Orazgül, Tuwakgül, gelni Bibitäç, bulardan örňäp-ösen agtyklary gojanyň bir sözüni iki gaýtaladanok. Başy agyryp, baldyry syzlap, ýaşulynyň hyk-jyky artyberse, şepagat uýasy agtygy Göwher onuň hyzmatynda häzir. ....Sapaly döwranda ýaşap, öz ýetişdiren miwäňe guwanyp gezmekdenem gaýry bir zyýatlyk küýselermi? "Türkmeniñ Ýüpek ýoly" gazeti, 08.05.2004 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |