21:51 Goja esgeriñ gündeligi: Täk özi telime taý | |
TÄK ÖZI TELIME TAÝ
Ýatlamalar
Polkdaşym, Beýik Watançylyk urşundan ozal Baýramaly etrabynyň "Bäşýyllyk" daýhan birleşiginiň daýhany, miraby Han Garaýew gitlerçi basybalyjylar ýurdumyza çozanda ilkinjileriň hatarynda kyrk birinji ýylyň awgust aýynda harby gulluga çagyrylýar. Sada ýigidi Moskwanyň etegindäki Dzeržinsk obasynda howa harby bölüminde zarba urujylyga taýýarlaýarlar. Ol bu käriň tilsim-tärlerine türgenleşýär. Faşizm leşgerleriniň tylyna yollanmaga gezek ýetende ýokary harby guramalardan gelen wekiller başlangyç klas bilimli Garaýew bilen onuň ýoldaşlarynyň birnäçesini rus dilini bilmeýänligi zerarly zarba urujylykdan pyýada goşuna, ýagny 68-nji atyjylyk polkuna geçirýärler. Ol awtomatçylyga kämilleşýär. Soňra minomýotçylyk rotasynda urşuň ahyryna deňeç şu polkda söweşýär. Ganym bilen jygba-jygly jeňlerde gaýduwsyzlyk görkezýär. Dno, Riga, Warşawa, başga-da köp şäherdir obalary duşmandan azat etmäge işjeň gatnaşýar. Ikinji batalýonda mina salýar, nyşana alýar, kiçi seržant çini berlende, minomýotçylyk toparyna serkerdelik edýär. Kyrk dördünji ýylyň iýul aýyndaky söweşde öz minomýotyndan mergenlik edip, faşizmiň ot açýan iki nokadyny hatardan çykarýar hem-de gitlerçileriň ýagdyrýan okundan gypynç etmän, agyr yaralanan wzwoduň serkerdesi leytenant Sergeý Şorowy jeň meýdanyndan alyp gaytmagyň tärini tapýar. Ony şepagat uýasyna tabşyryp, ýow meýdanyna dolanjak bolanda agyr halda ýatan serkerde öz gözsüz batyr esgerine gujagyny gerip, bar güýjüni jemläp dillenýär: "Senden tama uludyr, Garaýew, ganymyň merkini bergin!". Görkezen şu edermenligi üçin seržant Garaýew "Batyrlygy üçin" diýen medal bilen sylaglanýar. Kyrk dördünji ýylyň oktýabr aýynda Riganyň töwereginde polkdaşym Han wzwoduň täze serkerdesi bilen gijäniň gylla ýarynda razwedka gidýär. Şonda "awlarynyň" oňşuny ýatlanda goja esgeriň ýüzüne ýagtylyk çaýylýar. - Duşmanyň öňdäki ýerleşýän ýerinden sag-aman geçip, uly asfalt ýoluň kenaryna baranymyzda uzakdan ölügsije yşyk göründi. Derrew ýoluň her ýanyny birimiz eýeläp, gizlendik. Awtomaşyn özümize golaýlanda bukulyp ýatan ýerimizden zöwwe galyp, awtomatymyzy duşmana gezäp, nemesçe buýruk berdik: "Hendi-hoh" ("Elinizi galdyryň!"). Sürüji bilen onuň gapdalynda oturan esger kabinadan atylyp çykyp, ýaraglaryny taşlaga-da, rusça gyssanmaç gygyrdy: "Rus gud, rus gud" ("Orslar ýagşy, orslar ýagşy!"). Orta boýluja nemesiň elini arkasyna daňyp, sürüji ikimiz maşynyň nowasyndaky ok-ýaragly ýaşikleriň üstüne okladyk. Agzyna ýaglyk dykdyk. Özümem onuň ýanyna mündüm. Serkerdäm sürüjiniň gapdalynda ornaşdy. Maşynynyň ölügsije yşygyny-da öçürdik. "Oljamyzy" daňa golaý alyp geldik. Şonda polkuň serkerdesi polkownik Mihail Knýazow bizi güler ýüzli garşylap, guwançly dillendi: - Awy oňan gerçeklerim! Kyrk bäşinji ýylyň Baýdak aýynda Germaniýanyň Noý Brattow ilatly punktuny faşizm leşgerlerinden azat etmekdäki söweşlerde Han Garaýew gaýduwsyz hereket edýär, şol aýyň dördi güni duşman garaşylmadyk ýagdaýda hüjüme geçýär. Şonda baýramalyly seržant öz topary bilen minomýotyny rejeli peýdalanýar. Ganymyň ot açýan nokatlarynyň sesine suw guýýar, nemes jellatlarynyň 8-siniň janyny jähenneme yollaýar. Şeýlelikde, duşmanyň öňdäki hatarymyzy eyelemek meýil-islegi puja çykarylyp, ol berk goralýar. Minomýotyny dynuwsyz işledip görkezen batyrlygy üçin, 23- nji gwardiýaçy Dno şäheriniň adyny göterýän Gyzyl baýdakly atyjylyk diwiziýasynyň serkerdesiniň kyrk bäşiň Baýdak aýyndaky 012/n belgili buyrugy bilen H.Garaýew "Şöhrat" ordeniniň üçünji derejelisi bilen sylaglanýar. Kyrk bäşinji ýylda Germaniýanyň çäklerinde aldym-berdimli söweş dowam edýärdi. Wzwoduň serkerdesi esgerlerine örän wajyp harby tabşyrygy mälim etdi: - Bürgütler, alnymyzdaky obadan "dil" getirmeli. Höwesjeňler öňe çykyň! Beýle ýumşy ýerine ýetirmek - ölüm bilen ýüzbe-ýüzlük her kese başartmaýardy. Oňa atyň kellesi kimin ýürek gerekdi. Han Garaýew syçrap, aýaklaryny tarpyldadyp, serkerdäniň buýrugyna taýýardygyny harbylarça aýan etdi. - Saňa näçe esger gerek? - Gije ýaryndan agansoň, ýeke özüm ýola düşmekçi. Serkerde razylaşdy. Nemesleriň çaklaňrak obasy bir ýarym kilometrden uzakda däldi. Han ol ýere ýetiberende, awtomatly iki faşistiň özara gepleşýändigini eşidip, ugruny üýtgedip, obanyň demirgazygyna sowuldy. Jaýlaryň biriniň penjiresinden jyklasa, gitlerçileriň birgideni gyşaran-gyşaran ýerinde çalam-çaş bolup ýatyr. Arslan ýürekli Garaýew gapyny depip serpäge-de, awtomatyny olara ykjam çenäp, sesine bat berýär: "Hendi-hoh" ("Ellerinizi galdyryň"). Güýçli içgiden gark-gäbe doýup, sangaty bolup ýatan faşistler zähresi ýarylan dek ýerlerinden zöwwe galyp, ellerini galdyryp, buýrugy berjaý edýärler. Han Garaýew on ýedi nemes esgeri bilen bir ofiserini öňüne salyp, serkerdesine guwançly habar berýär: "Tabşyryk ýerine yetirildi, yoldaş serkerde!". Munça "dile" gözi düşen serkerde buýsançdan ýaňa şadyýan seslenýär: - Ты настоящий хан, сержант Караев! Täk özüniň telim ganyma taý gelşine hayranlar galan serkerde H.Garaýewiň häli-şindi gabat gelmeýän beýle edermenliginiň gazaply ýyllaryň iň ýokary harby sylagyna - Gahrymanlyga örän mynasypdygyny tekrarlap, şir ýürekli türkmen ýigidine minnetdarlyk bildirýär. Arman, serkerde asylly maksadyny durmuşa geçirmäge - H.Garaýewi Gahrymanlyga hödürlemäge ýetişmeýär. Ol nobatdaky ýowuz jeňleriň birinde wepat bolýar. Han aga iki gezek ýaralanýar. Harby hassahanada saglygyny dikeldip, ýene polkuna dolanýar. Gyzza-gyzza ýowlarda batyrlygyny, gaýduwsyzlygyny görkezýär. Berliniň köçelerindäki aldym-berdimli çaknyşyklarda öz minomýotçylyk topary bilen pyýada batalýonyň öňe hüjüm etmegine ýol arçamakda aýratyn edermenlik görkezýär. Berliniň köçeleriniň birindäki duşmanyň berkitmesi biziň batalyonymyzyň hüjümine päsgel berýärdi. Garaýew öz minomýotçylary bilen oňa üznüksiz ot sowurýardy. Han munuň bilen kanagatlanman, bagry bilen eli granatly öne süýşýär. Ganymyň goranmak desgasyna golaýlanda elindäki granatyny zyňyp, ol partlan badyna pişik çaltlygynda berkitmeden aşaga-da, nemes esgerleriniň 10-sy bilen bir ofiserini ýesir alýar. Nobatdaky gözsüz batyrlygy üçin, ol ýene "Şöhrat" ordeniniň üçünji derejesine hödürlenýär. Munuň bilen ozalam sylaglanany nazarda tutulyp, oňa bu sapar "Gyzyl ýyldyz" ordeni gowşurylýar. Uruşdan ozal obanyň "ody bilen girip, küli bilen çykan", bary-ýogy başlangyç klas bilimli Hanyň her ädimi ajal bilen gös-göni bagly hereketlerine, batyrlygyna, taýsyz edermenligine haýranlar galyp, men onuň ýüzüne soragly nazarymy dikdim. Her bir hereketden many aňmagy başarýan duýgur ýaşuly mähetdel etmedi: - Ganly jeñde ölüm beýleki ýadyňa düşenok. Maksat ýeke-täkdi hem-de aýdyňdy, her etmeli, hesip etmeli ganymyň merkini bermeli, ikini gaýtalamaga dili öwrülmez ýaly etmeli. Ony sürenine dykmaly. Şu asylly matlaba durkum, düýrmegim, janym-tenim bilen berlipdim. Şonuň üçin şirin jany orta goýupdym. Serkerdelerimiziń gije-gündiz şundan özge ündewi ýokdy. Aragatnaşykçy Luzanyń, seržant Stepçenkonyň, başga-da öz polkumyzdan gazaply döwrüň iň ýokary sylagyna mynasyp bolan gahryman yigitleriň göreldesine eyerýärdik. Diňe ýeňiş gazanmalydy. Özge hiç zat gözümize görünmeýärdi. Ýönekeý daýhanyň sözleri çyn ýürekdendi. Yekeje-de üresi ýokdy. Munuň hut şeýledigini jeňdäki gaýduwsyzlyklary, söweşdeşlerine wepalylygy, ýürekdeşligi bilen subut edýärdi. Onuň ýarasy agyrdy. Topuň çoýun gyýçagy zeper ýetiren bolarly. Çep böwründe gapyrgalarynyň iki-üçüsi serpilipdir. Serkerdäniň diridigi bildirenokdy. Yöne onuň wesýetini Han doly berjaý etdi. Her süňňüne iki gitlerçiniň läşini serdi. H.Garaýew agzy ganly ýowy ýeňişli tamamlap, kyrk altyda dogduk depesine üç ordenli, dokuz medally dolanýar. Yene şol daýhan birleşiginde suwçulyk edýär, ata goşulan arabadyr düye bilen pagta daşaýar. Öri meýdandaky maldarlara azyk, mallara ot eltýär. Düýe kerweni bilen etrabyň merkezine ýüň çekýär. Han aganyň işeňňirligi, jepakeşligi üçin, oňa "Zähmet weterany" medaly gowşurylýar. Döwletli, döwranly maşgala ojagynyň eýesi goja esger ogul-gyzlarynyň altysyna, olardan ösüp-örňän agtyk-çowluklaryna guwanýar. Il-güne diñe ýagşylyk etmelidigini, kişi malyna asla göz gyzdyrmaly däldigini, halal iýip, arassa geýmelidigini nesil-neberesiniň gursagyna guyýar, gulaklaryny gandyrýar. Ogullary Gara mugallym, Sapar montyor, Gylyçdurdy agyrlyk galdyrýan maşynyň sürüjisi, Allamyrat traktorçy. Hemmesi köňül beren kärlerine jan-u-tenden hyzmat edýär. Döwletli ojaga çirk ýetirenoklar. Kyrk iki ýyldan soň sataşan polkdaşym Han aga bilen hal-ahwal soraşýaryn. Ol durmuşyndan örän hoşal: - Eneleri obasyny irräk başgalady diýäýmeseň, ogullarymdan, gelinlerimden örän razy. Hersi gol doly maşgalalarynyň eýesi. Menem, ynha, görüp oturyşyň ýaly, birgiden agtyk-çowlugyň atasy, babasy. Öten urşuň gar ýassanyp, buz düşenen ýyllaryndan başy dik dolanyp, beýle eşretli günleri görmek kimlere ýetiripdir, Seýitmämmet?! Togsany sermeläp ýören ömrümde arzyly Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň erkana günlerine guwanmak nesibämizde bar ekeni, inim! Munuň üçin biz il-günüň söwer ogly Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşa näçe alkyş okasagam bärden gaýdýar. Herki zadyň dogrusyny aýtmaly, özüm-ä şu ömrüme mydama adalaty, hakykaty ýaýmagyň tarapynda. Men her ýyl saglygymy dikeltmäge Baýramaly şypahanasyna baranymda, Han aga bilen hökman sataşyp, geçen jeňiň pajygaly günlerine nazar aýlaýarys. H.Garaýew, dogany Annamuhammet, uly gelni Ogulkeýik, agtyklary, çowluklary Tas dört ýyla çeken ganly, gowgaly, galagoply döwürde ýatlara-goýara zat juda ummasyz, çöşläp aňrysyna çykar ýaly däl. Ylaýta-da, bir döwüm çöregi telim bölüşen söweşdeşleriň bilen ýüzbe-yüz çagyň. Sadadan türkana ozalky esger asudalygyň, abadanlygyň, agzybirligiň, jebisligiň gadyr-gymmatyny bilýär, ony bar zatdan ileri tutýar. Çünki ol owadan dünýäni öz durkunda görkezýän şu enaýylyklaryň adamzada hözirini, eşretini eçilmegi üçin diri galjagyň gümana ýowlarda kellesini etegine salyp jeňe giripdi. Häzir şol azap-güzaplaryňdyr görgüleriň, jebir-jepalaryň okgunly maksat-matlapdan sowa geçmän, ýerine düşendigine guwanýar. Öz obasynyň kethudasyny tutuş küren hormatlaýar. Çünki ýediden ýetmiş ýaşa deňeç Han aganyň bir kişini ynjydanyny henize çenli hiç kim bilenok. Mundan birki ýyl ozal doňaklykda aýagy taýyp, ýaşulynyň ýanbaşyna zeper ýetip, ýarym ýyllap düşege baglanýar. Garrylyk müçesini gulaçlaýan frontdaş dostumyň ahwalyny eşidip, hal- ýagdaýyndan habar almaga ýörite ýola düşdüm. Görsem, Han aganyň dünýä deýin şol giňligi, ruhubelentligi. Ogullarynyň ulusy. Gara mugallym bilen bile ýaşaýar. Özüne idi-yssywat edilişinden biçak hoşal: - Ogulkeýik balam halaýykda gowy maşgala iki bolsa, biri hut şunuň özi. Munuň adamkärçiliginiň yzyndan ýetme ýok. Seýitmämmet inim, senem segseni sermäp ýören, gowga köküni başdan geçirenlerden, ýata syrkawa esewançylyk etmek adam saýlaýar. Şu babatda nowbahar gelnim Ogulkeýik balamyň gullugyna gaýymlygynyň gadyryny söze sygdyrar ýaly däl. Durşuna gyzyla gaplasaňam bärden gaýdýar. Ogulkeýik gelin ýaşmak astyndan edaly pyşyrdady: - Atasy, siz sagalyp, aramyzda gyrmyldap ýörseňiz, altyndan köýnek geýdirendenem zyýat bize. Öten asyryň togsanynjy ýyllarynda Han Garaýewiň ýaşaýan Baýramaly etrabynyň "Azatlyk" daýhan birleşiginiň arçyny Baýram Hallyýewe frontdaş dostumyzyň Beýik Ýeňşe goşan şahsy goşandyny nazarda tutup, hal-ahwalyndan habar alyp durmagyny, zerurlyk ýüze çykanda aksakgaly goldamagyny sorap hat ýolladym. Bolsa-da aladam yerine düşüpdir. Ömürsaly togsany alkymlan söweşdeş dostum özi barada edilýän üns-aladadan hoşal. Belent mertebeli Yurt Baştutanymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň sakasynda gaya kimin durmagynda gazanylan Garaşsyzlyk zamanamyzda döredilen mümkinçiliklerdir şertlerden, ýere, mala, suwa, salgyt salmaýşyndan, elektrik togy, gazy, suwy hem-de gaýry zerurýetçilikleri mugt edişinden, frontçulara berilýän beýleki ýeňillikleri döredişinden göwnübitginliginidir hak Howandarymyza hoşallyklaryny, minnetdarlyklaryny diliniň senasyna öwürýär. Han aga küt-küt kitaplyk söweşdäki söhbetlerini mesawy gürrüňçilige ýazdyryp, onuň soňuny indiki tagallalara sowýar: - Seyitmämmet inim, Ýurt Eýämiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň hödürlän hem-de rowaç alan milli müçenamamyzda biz deň-duşlaryň gulaçlan ömürsaly gartaňlyk atlandyrylsa-da göwün, ýürek ony duyanok. Senem meň frontdaşym. Aytmasam-da özüňem aňýansyň. Meniň mus-muslap, Mustapa diýmekçidigimiň sebäbi sen juda sogap iş bitirýäň. Söweşdeşleriňi idäp-gözläp, agtaryp, olaryň aýatdakylarynyň halyndan habar alýaň. Özümiz bilen egin-egne berip, ganym bilen ganly çaknyşyklaryň jeň meýdanynda baş goýanlaryň birnäçesi barada "Durmuş hakykatynyň teswiri" kitabyňda okap, depäm gök diredi. Gerdeniň bilen çekip, gözüň bilen görenleriňi kagyza geçirip, nesil-neberelerimize, urşuň-sögüşiň nämedigini diňe kinofilmlerde görýän ýaş-ýuşlara galdyrmak her frontçynyň elinden gelenok. Ine, seniň öz deň-duşlaryňdan artykmaçlygyň, ilgezikligiň, erjelligiň, armazak-ýadamazaklygyň, ýatkeşligiň, durmuşa çäksiz söýgiň. Il- günüň halaýan, sogap işlerinde Alla saňa kuwwat bersin! Uzyn gepiň gysgasy, ynha, men özüm bilen 2-nji batalyonda gulluk eden, şol wagtky salgysy bilen aýtsam, Mary raýonynyň Peşanaly oba sowetinde 1919-njy ýylda doglup, kyrk ikinji ýylyň Baýdak aýynda gulluga alnan Hudaýberdi Akmyradowy agtaryp hiç tapamok. Yefreýtor, bölümçäniň serkerdesi, kyrk bäşiň Gurbansoltan aýynyň 16-syndaky hüjümde nemesleriň berkitmesini böwüsmekde örän tapawutlanýar. Şol ýylyň 9-njy awgustynda 68-nji gwardiýaçy ätiýaçlyk polkunyň serkerdesiniň buýrugy bilen "Batyrlygy üçin" diyen medala mynasyp bolýar. Hudaýberdiniň aýaly Täjigül Akmyradowa Peşanaly oba sowetinde ýaşaýan eken. Gözläp telim bardym, tapmadym. - Han aga, men siziň sargydyňyzy ýerine salmaga çalşaryn. Ýatlamalarymyz bilen tanşanlar, belki, seslenerler. Moskwanyň golaýyndaky harby arhiwleriň birinde atsyz-sorsuz ýitdi hasaplanylýan watandaşlarymyzy agtarýarkam, döwrüň öz maglumatyndaky görkezilişi bilen aýtsam, Mary raýonyndan Tagala Uglow (Tagan Gulow bolmagy ähtimal) diýen ildeşimiz barada maglumat bildim. 1924-nji ýylda doglan, kyrk birde harby gulluga çagyrylýar. Duşman bilen çaknyşyklarda iki sapar ýaralanýar. Hudaýberdiniň bu obadaşy-da "Batyrlygy üçin” diýen medal bilen synaglanýar. Dogduk diýaryň, ata Watanyň, ene topragyň hatyrasyny, belent mertebesini goramakda şirin janlaryny pida eden gerçekleriň dogan-garyndaşlary, ilen-çalanlary, obadaşlary bular barada bilýänlerini bize äşgär edip, biziň soňlanmadyk söhbetimiziň üstüni ýetirerler. Belki, "Yagşy niýet - ýarym döwlet" diýlipdir. Seýitmämmet ORAZGELDIÝEW. "Watan" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |