12:08 Goja esgeriñ gündeligi: Ýagşy niýetleri ýaran edinen | |
ÝAGŞY NIYETLERI YARAN EDINEN
Ýatlamalar
Döwlet edermenligi, hoşgylawlygy, başarjaňlygy bilen adygan. Harby gullukdamy ýa-da edara-kärhanalarda zähmet çeksin, jemagatyň ynamyny gazanýar. Işlän döwründe öz ýagşy gylyk-häsiýeti bilen tapawutlanýanlygy üçin berlen tarypnamalar onuň bu ahwalatyna ähli aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Öten asyryň ýigrimi dokuzynjy, otuz birinji ýyllarynda ol general Ýakup Kulyýewiň atly goşunynda gullyk edýär. At üstünde duşmana garşy göreşmekde her tüýsli tilsimleri ezberlik bilen berjaý edende onuň hereketlerine göz ilmeýär. Watan öňündäki perzentlik borjuny berjaý kylansoň, ykbal ony Daşoguz pagta bazasyna ýolbaşçylyga alyp barsa, sonra tokaý hojalyk işgärlerini taýýarlaýan okuwda bu ugurdan ýörite sowadyny çykansoň, şol mahalky Darganatada (häzirki Biratada) alan bilimini tejribede özleşdirip başlaýar. Ýerli şura hökümetine taýynlykly işgärler juda zerur bolansoň, sowet-partiýa mekdebine ýollanýar. Muny tamamlansoň, Dörtgül etrabynyň Şurahan oba arçynlygynda kätiplik edýär. Dünýä ot-ýalyn çabradyp ikinji jahan urşy başlan badyna gitlerçileriň garşysyna ilkinjileriň hatarynda göreşe çykýar. Kyrk üçünji ýylyň ahyryna çenli Kalinin frontunda ikinji gwardiýaçy atyjylyk diwiziýasynyň hatarynda ganly söweşlere gatnaşýar. Kalinin, Ržew, Torçak, Smolensk şäherlerinidir olaryň daş-töweregindäki obalary faşistlerden azat etmekde janyny aýamaýar. Döwlet Berdiýewiň şolardaky batyrlygy "Söwesjeň edermenligi üçin" medal bilen bellenýär. Kyrk üçünji ýylyň güýzünde nemes leşgerlerini güpbasdy edeninde Döwletiň üstüne olaryň üçüsi birden topulýar, türkmen ýigidi gaplaň çalasynlygy bilen salymyny bermän, ikisiniň ýoguna ýanýar. Özüniňem iki gapyrgasy serpilip, agyr ýaralanýar. Şonda-da awtomatyny işletmäge gaýrat tapyp, ganymyň beýlekisiniňem janyny jähenneme ýollaýar. Şeýdibem duşmanyň merkini berip, harby bölümiň ýeňiş gazanmagyna asylly goşandyny goşýar. Döwlet harby hassahana äkidilýär. Ol ýerde kän ýatyp, ýaralary bitişensoň, ýarawsyzlygy zerarly öz dogduk depesine - Birata etrabyna gaýdyp gelýär. Öz gurbatynyň çatjak pişesi bilen meşgullanýar. Eşeklije hat-petek, gazet-žurnal paýlaýar. Kyrk dördünji ýylyň ahyrlarynda söweşe ýene ýollanýar. Polşany, Gündogar Germaniýany Gitleriň gözi gyzaranlaryndan azat etmekde gan döküşikli jeňlerde kellesini etegine salyp, gana suwsanlara garşy ot sowurýar. Oder derýasynyň günbataryndaky duşman berkitmelerini böwüsmekde tapawutlanýar. Artilleriýa zarbasyndan soň, zabt edilende partlaýan el ýaragyny zyňyp, garymdaky duşmanlary amana getirýär. "Watançylyk urşy" ordeniniň ikinji derejelisi bilen sylaglanýar. Front Günbatara süýşýärdi. Berline ýetip, Reýstagyň depesinde Yeňiş baýdagyny pasyrdatmak gaýduwsyz esgerlerimiziň her biriniň baş arzuwydy. Arman, beýle elýetmez bagt hemmä nesip etmedi. Kyrk bäşiň başlarynda Berliniň belentden-belent ymaratlarynyň her gatyny eýelemek üçin aldym-berdimli söweş gidýärdi. Gitlerçileriň gana suwsan ganymlarynyň göwresi gowşan, süňňi lagşan bolsa-da her ädimini örän ätiýaçly, juda hüşgär, oýlanyşykly ätläýmeseň, janhowluna oslanmadyk ýeriňden janyňa kast edýärdiler. 4-nji maýda Döwlet şol zeýilli al-hiläniň toruna çolaşdyrylýar. Ölüm halynda ýaralanyp, harby gospitala aşyrylýar. Batyr yigit şol ýerde ýatyrka, harby birleşmäniň serkerdesi general-mayor E.Şafarenko bilen onuň syýasy orunbasary polkownik Deýewden hat alýar. Ol namany okadygysaýy ýarasy gutulyp baryana dönýär. "Hormatly söweşdeş dostumyz! Siz Watanymyzyň bitewiligi, abadanlygy ugrunda agyr ýara sezewar bolduňyz. Ondan sag-aman saplanyp, öz bagtyýar maşgalaňyza gowuşjagyňyza bil baglap, ýagşy umytdadyrys. Nirede bolsaňyz- da öz söweşdeş dostlaryňyzy asla unutmajakdygyňyza tūýs ýürekden ynanýarys. Adamzady faşizm gyrgynçylygyndan, gulçulygyndan dyndarmakda Siziň görkezen gaýduwsyzlyklaryňyzy biz hiç haçan ýatdan çykarmarys. Çözgüdi kyn wezipeler alnyňyzda keserse, bize hat üsti bilen tiz habar bermegiňizi haýyş edýäris. Size ýardamymyzy ýetirmäge biz elmydama taýýardyrys. Saglygyňyzy basym dikeltmegiňizi diläp, eliňizi berk gysýarys". Kyrk bäşiň 20-nji oktýabryndaaýynyň harby lukmanlar topary jemlenip, Döwlet Berdiýewiň saglyk ýagdaýyny içgin gözden geçirýärler. Onuň Beýik Watançylyk urşunyň ikinji derejeli maýybydygy doly ykrar edilip, obasyna iberilýär. Biratanyň aragatnaşyk bölüminde köneje kärine ulaşýar. Owalky poçtalýonlygyny dowam etdirýär. Geçen urşuň gazaply günlerindäki ýaly her öýe hat gowşurjak bolandaky kysmy sazanaklap duranokdy. Ol döwür göz öňüne gelende, ot içinden dolanan esger iki egninden agyr dem alýardy. Çünki öýleriň käbirine baryp, üç burçly haty uzadanyňda, ara salym düşmän, maýa kimin bozlaýan baýdak boýly gelniň ýa-da käbäniň zaryn nalasyny eşidip, özi-de saklanyp bilenokdy. Bularyň birinjisi söwer ýarynyň dereksiz ýitenini okap, nala çekse, beýlekisi gerçek zürýadynyň söweşde gahrymanlarça wepat bolanyny eşidip, bagryny paralaýardy. Eşeklije hat-petek paýlap ýörşüne ozalky maýyp esger öz ýanyndan şükür edýärdi. "Hernä, ol günler gaýdyp dolanmasyn, Hudaýym!". Arşdyr zemini gapyşdyrýan jeňleriň zenzelesiniň içinden mert geçen owalky frontça şolardan galan ýaralar ýazgynlyk bermän, asla galyndyrmaýar. Söweşlerde gahrymanlarça göreşenligini buşlaýan ordenlerdir medallaryň ýedisi Döwlet aganyň döşünde lowurdaýardy. Olaryň gapdalyny soňky alan sylaglary bezeýärdi. Urşuň awuly günleriniň yzasy ýagşy niýetleri yaran edinen esgeriň ahyry ýanyny ýere berdirýär. Edermen esger ganymyň synasyna salan öçmez möhri bilen näçe göreş etse-de zalym ajal bu gezek üstün çykdy. Owalky gaýduwsyz frontçy ýetmiş dokuzda bakyýete göç eýledi. Men watançylyk mowzugyndan "mawy ekranda" yzygiderli çykyş edip, frontdaş yoldaşlarymyzy gözleýändigimizi tekrarlaýardym. Nobatdaky gepleşikleriň birinde birataly Döwlet Berdiýewiň geçen uruşda görkezen gaýduwsyzlyklary barada aýdyp, ýakyn hossarlarynyň seslenmeklerini soradym. Günleriň birinde Döwlet aganyň ogullary Halmuhammet, Pirmuhammet, Şirmuhammet meni tapyp, öýlerine alyp gitdi. Bike ýeňňäniň baştutanlygynda döwletli ojakda örňäp-ösen ogul-gyzlarydyr agtyk- çowluklarynyň, dogan-garyndaşlarydyr dost-ýarlarynyň bary maşgalabaşynyň bina eden öýüne jemlenip, owalky frontçynyň geçen durmuş yoluna nazar aýladyk. Edermenlikden, ynsanperwerlikden, durmuşa ornaşan ýagşylyklardandyr umyt- arzuwlardan doly Döwlet aganyň ile-güne bähbitli ýagşy niýetlerini onuň gol doly neberesi dowam etdirýär. Oba hojalygyny girdejili pudaga öwürmekdäki tagallalary durmuşa berk ornaşdyrmakda öz söweşdeş dostumyň nebereleriniň bitirýän işlerini içgin synlamda, begenjimden, guwanjymdan depäm gök diredi. "Watan" gazeti, 11-4.05.2004 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |