00:46 Goja esgeriñ gündeligi: Ýagşydan at galar | |
ÝAGŞYDAN AT GALAR
Ýatlamalar
Geleňsizlikdenmi ýa-da parhsyzlykdan, ýerli häkimiýetiň ýaş işgärleriniň günäsi bilenmi, geçen uruşda nemes basybalyjylarynyň garşysyna el-ele berip, aldym-berdimli ganly jeňlere gatnaşan ýoldaşyma ýollan hatym oňa gowuşman, söwer dostumyň aýadyna barmaly boldum. Söweşdeşim fronta Türkmenbaşy şäherinden gidip, ondan dolananynda Jebel demir yol menzilinde ýaşaýan maşgalasyna gowuşýar. Orsýetiň Podolsk şäherindäki harby arhiwden alan salgyma (Jebele) ýazan hatymy Gaýly aga almandyr. Täze ýerden jaý salnan eken. Aragatnaşyk bölüminiň işgärleri içi ýazgyly bukjany açyp okanlarynda onuň awtorynyň öz söweşdeşini gözleýändigine göz ýetirip, namany şäherçe arçynlygyna eltýärler. Şol ýerde ol ýüzüne seredilmän üç aýlap ýatýar. Gaýly aganyň geçen asyryň segsen ýedinji ýylynyň Sanjar aýynyň sekizinde agyr keselden soň ýurduny täzeländigini maňa şol senäniň 28-nji dekabrynda habar etdiler. Ara wagt salman ýola düşdüm. Näzigül ýeňňä aýat berdim. Ertesi şäherçe arçynlygyna baryp, alysdan ýollan ýazgymyň ykbaly bilen gyzyklandym. Onuň jogapkär işgärleri H.Maýsaýewa bilen A.Meretgylyjowa hatyma mahalynda seslenmändikleri üçin menden ötünç soradylar. Hormatly okyjylar! Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy ikinji jahan urşuna gatnaşyp, şirin janlaryny pida edenleri Milli Gahrymanlar atlandyrdy. Ýurt Baştutanymyzyň aladalaryny goldanyp, olaryň atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň işgärleri "Hatyra" kitabynyň birnäçesini çapdan çykardylar. Onuň nobatdaky taýýarlanylýan neşirinde şol gerçekleriň bakyýete göç eýlänleri bilen bilelikde aýatda barlarynyň hem Watan öňünde görkezen gahrymançylyklary öz beýanyny tapjak. Ägirt uly sogap işe, tutumly neşirde ata Watan, ene toprak, ar-namys üçin başlaryny eteklerine salyp söweşenleriň ýekejesiniň- de nazardan sypmazlygyna tagalla bary edilmelidir. Saý-sebäp bilen olaryň ýek-tüküniň unudylmagy, ýatdan çykarylmagy mähriban ýurdumyza polat galalyk edenleriň öňünde öwezi dolunmajak hata edildigi bolar. Bu gezegem söweşdeş dostum Gaýly Annataganowyň neberesi Näzigül ýeňňemiziň umytly ojagyna üýşdi. Gaýduwsyz gerçegiň ýowuz ýowlarda görkezen gahrymançylyklaryny ýatlaşdyk. Şäherçedäki 14-nji orta mekdebiň ýolbaşçylarynyň haýyşy bilen söweşdeşimiň bitiren hyzmatlary barada mugallymlaryň, ýokary synp okuwçylarynyň öňünde çykyş etdim. Gaýly pälwanyň jeňlerdäki edermenlikleri hem-de Ýeňşiň nägünlük bilen gazanylandygy hakyndaky söhbet uzaga çekdi. Ýaragdaş dostumyň söweş ýoly dogrudaky ýazgylarym mekdebiň "Ruhyýet" otagynda goýuldy. Duşuşykda onuň suratyny görkezemde, ýaşulyny tanaýandyklaryny, ozalky frontçynyň ol ýerden dolanandan sonra ömürboyy söwdada uly abraý bilen işländigini, elmydama il-günün aladasyna gurşalandygyny, mekdepden habar tutup durandygyny, okuwçylaryň arasynda geçen uruşda arzyly Ýeňşe 21 niçik külpetler bilen eye bolnandygy barada ömürsaly paýawlaýança çykyş edendigini ýatladylar. Gaýly Annataganow ganym uruş tutaşan badyna ilkinjileriň hatarynda Türkmenbaşy şäher harby komissariatyna baryp, dessine 3-nji zarba urujy goşunyň minomýotçylyk rotasynyň düzüminde söweşe girişýär. Kyrk birinji ýylyň awguwt aýynda agyr ýaralanýar. Kyrk ikide gapdalynda topuň ýarylanlygy zerarly seňseleýär, huşuny yitirýär, gulaklary gapylyp, güň bolýar. Ol meýdan harby hassahanasyna eltilýär. Saglygy dikelensoň, ýene fronta ugradylýar. Jygba-jygly jeňleriň birinde tenine agyr ýara düşýär. Ýarawsyzlygy nazarda tutulyp, alty aý öýlerine iberilýär. Möhlet tamamlanansoň, Çelekene - häzirki Hazar şäherine işçi batalyona iberilýär. Soňra özi haýyş edip, fronta gidýär. 125-nji aýratyn medisina - sanitar batalyonynda gulluk edip, ýaraly esgerleriň ýüzlerçesini yow meýdanyndan çykarýar. Kyrk dörtde ganym güllesi endamyny ýene parçalansoň, harby hassahana düşýär. Ýeňiş ýylynyň başynda 68-nji gwardiýaçy atyjy polkunyň 2-nji batalýonynyň 4-nji rotasynyň hatarynda ganymyň garşysyna garysyna galýar. Gaýduwsyz Gaýly Annataganów Oder derýasynyň günbatarynda gitlerçileriň goranyş berkitmesini böwüsmekde geçirilen göreşlerde arslan deýin arlap, zalymyň garymlaryna granat zyňýar, olaryň ot açýan pulemyotçylarynyň ençemesini hatardan çykaryp, nemes esgerleriniň altysynyň läşini serýär, iki ofiserini ýesir alýar. Beýle agyr jeňleriň hiç biri-de nyşansyz galmaýar. Kyrk bäşiň Nowruz aýynyň 17-sinde gözlerine gan öýlenleriň güllesi Gaýly aganyň berdaşly bedenini syzladýar. Gaplaň çalasynlygynda görkezen edermenliklerini nazarda tutup, polkuň serkerdesi kyrk bäşiň awgust aýynda 048/n buýrugy bilen G.Annataganowy "Batyrlygy üçin” diýen medal bilen sylaglaýar. Onuň gapak deýin döşüni söweşjeň medallaryň ýedisi, "Watançylyk urşy ordeniniň" 2-nji derejelisi bezeýärdi. Gözsüz batyrlygy, berk bedenliligi, gurşunly kenek mysalylygy Gaýly agamyzy kän-kän kişiden tapawutlandyrýardy. Diwiziýamyzyň sapynda Polşany, Gündogar Germaniýany basybalyjylardan boşatmakda gaýduwsyzlyk görkezýär. Gitlerçileriň Şnaýdemýul toparyny derbi-dagyn etmäge işjeň gatnaşýar. Batalýonymyzda Gaýly agamyzy göreşde ýykýan, tutuşsa basýan bolmazdy. Şonuň üçin adynyň yzyna pälwan sözi goşulýardy. Söweşden sähel sypynylýan salymda-da onuň ýany hemişe esgerlerden ýaňa hümerdi. Gyzykly, täsirli gep-gürrüňler, diňläp ganylmaýan söhbetler bilen gyzylgyran gülüşdirýärdi, göwünleri ganatlandyrýardy. Gaýly aga Ogulbibi, Ogultuwak, Ogultokgar, Ogulboldy, Ogulsona, Ogulsapar, Ogulgerek kimin hersi bir ojagyň böwrüni bezeýän ýedi gyzyna guwanýardy. Perzentleriniň sany bilen gyzyklanylanda, gülümjiräp, sakynman uly buýsanç bilen on dört diýerdi. Giýewleriniň her haýsyny öz zürýady saýýardy. Gyzlarynyň hersi özüne mynasyp taýy bilen durmuş toýuny tutanda, tutumyny uludan tutýardy. Olar rysgyny başgalap, jaý toýlaryny edenlerinde, bili hemişe berk guşalgy, bilegi mydama çyzgalgydy. Olaryň her birine jaý ýa-da aýagulag edinmäge öz ýardamyny ýetirerdi. Gaýly aga diňe öz perzentlerine däl, eýsem, daş-töweregindäkilerdir gözýetimindäkileriň ýagşysynyň ýaranydy, ýamany ýazgaryjy, mätäjiň medetkäridi. Onuň beýle häsiýeti küren obany haýran galdyrýardy. Gojanyň göwnüniň, eliniň açyklygy, ynsanperwerligi, kethudalygy, aksakgallygy, toý-tomaşanyň bezegidigi barada obadaşlarynyň ikisi birikde, dilleriniň senasy, söhbetiniň seresi. Hakyt "Yagşydan at galar” diýleni. "Esger" gazeti, 06.05.2004 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |