GÖLE DAWASYNYŇ TÄZE TAPYNDYSY
Öwezberdiniň ogly Körmolla Suhanberdiniň ýaşlygy Daşhowuz sebitlerinde geçenem bolsa, gün-güzeranlaryny dolandyryp bilmänsoň, Sakarçäge etraplaryna göçüp baryp, daýhançylyk bilen meşgullanypdyr.
Suhanberdi ýigrimi üç ýaşyndaka iki görejinden mahrum bolup, Körmolla lakamyna eýe bolupdyr. Onuň çep gözi azajyk saýgarýanam bolsa, sag gözi hiç zat görmändir.
Ol XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň 20-nji, 30-njy ýyllarynda ’’Bessir han’’, ’’Guýruk gitdi gördüňmi?’’, ’’Gahar donna giren Gülhan Soltanyýaz’’. ’’Iýse iýsin kooperatiwiň puludyr’’. ’’Aşyr keçjäň mele atyna taý ýokdur’’. ’’Çaý’’. ’’Palaw’’. ’’Ýusup han’’. ’’Durdy han’’ ýaly odalardyr ýiti duzly satiriki goşgularyň onlarçasyny döredipdir.
Körmollanyň eserleri öz wagtynda doly toplanylmanlygy, galyberse-de, timarlaşdyrmak maksady bilen awtoryň özüniň üýtgedip duranlygy sebäpli, şahyryň ’’Göle dawasy’’ diýen eseri ’’Aç, Çotan arçyn’’, ’’Göläniň dawasyn açmaga geliň’’, ’’Göle dawasy’’ diýen ýaly dürli wariantlygy we köp atlylyga eýe bolupdyr.
Şahyryň ’’Göle dawasy’’ eserinde şeýle waka beýan edilýär. Bir bendäniň gyranly düwençegi ýitýär. Bir palçy ony göle ýuwdandyr diýip toslaýar. Bu gürrüň Marynyň ähli etraplaryna ýaýraýar. Gyran ýitiren adam: ’’Göläni öldürip, onuň garnyndan meniň gyranlarymy alyp beriň’’ diýip, oba arçynyna ýüz tutýar. Göläniň eýesi bolsa: ’’Birinjiden-hä, ony meniň gölämiň iýenem belli däl, onsoň ol gyran üçin men gölämi öldürip bilmen’’ diýip nägilelik bildirýär.
Ol göläniň dawasyny çözmek üçin ýüz tutulan oba arçynlary köpräk para almak niýet bilen sähel zady çişirip, diňe öz bähbitlerini arap, düwünçegiň düwnüni çözmekligi uzaga çekdirýärler. Şol sebäpli Körmolla ’’Göle dawasynda’’ hakykatyň hatyrasyna däl-de, gara nebisleri üçin ylgaşyp-ylgaşyp ýören, para alyp, kiselerini galňatmak ugrunda göreşýän açgöz arçynlaryň, polkownikleriň (bolkoýnekleriň), generallaryň (ýanarallaryň), azgyn, ýalançy adamlaryň üstünden gülýär. Şahyr:
’’Uly ile iş boldy bir ýekeje göle,
Rumystan gelsin iňlisi bile’’
diýmek bilen, diňe bir oba, etrap, welaýat arçynlaryny däl, dürli halklary, daşary ýurt wekillerini hem göle dawasyny çözmäge çagyrýar. (Takmynan 1903-nji ýyl aýdym-saz öwreniji Rybakow tarapyndan ýazylyp alnan goşguda taýpa-tire atlary, ýer-ýurt atlary, ýerli arçynlaryň, baýlaryň atlary ökdelik bilen sanalypdyr). Ýokary gatlagyň wekilleri iş oňarmazlykda, adalatsyzlykda, nalajedeýinlikde, nebisjeňlikde uly ile masgara edilýär.
Biz bu goşgynyň doly wariýantyny şu wagta çenli halk arasyndan, Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň bukjalaryndan hem tapyp bilmän ýördük. Ýogsa, biz 1967-nji ýyl Körmollanyň ’’Saýlanan eserlerini’’ jemgyýetçilik başlanjygynda çapa taýýarlanymyzda hem, halk şahyrymyz Ata Salyhyň, Ç. Gurbangylyjowyň, A. Duşakowyň we başgalaryň toplan materiýallary esasynda ony doly ele salyp bilmändik.
Mertebeli Prezidentimiz Türkmenbaşynyň atalyk aladasy netijesinde biz edebi mirasymyzy toplamaklyga täzeçe çemeleşip başladyk. Uzak gözlegden soň, ’’Göle dawasynyň’’ 41 bentden ybarat doly wariýanty ele düşürildi. Körmollanyň ’’Göle dawasyny’’ aýdan 41 bendini filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň sungatda at gazan işgäri Akmuhammet Aşyrow öz şahsy magnitofon lentasyna geçiren eken. Ýazgynyň kä ýerlerinde ’’Ehhä, ehhä’’... sagja bol’’ diýen ýaly sesler eşidilýär. Körmolla ’’diwan’’ sözüni ’’diwal’’, ’’arçyn’’ sözüni ’’diwal’’ diýip aýdar eken. Goşgudaky 13 bent henize çenli metbugatda çap edilmedik bentlerdir.
A. Aşyrow bu goşgyny Türkmenistanyň belli wraçy Han Çapawyň şahsy arhiwinden ýazyp alan ekeni. Han Çapaw bolsa öz gezeginde belli magaryfçy, filolog, professor Aman Garahanowyň şahsy arhiwinde saklanylýan gramplastinkadan göçüripdir. Ine, şol ’’Göle dawasy’’ diýen goşgynyň Körmollanyň dilinde ýaňlanan doly wariýanty aşakdaky ýalyrak bolmaly.
Allaberdi ORAZTAGANOW.
Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň söz folklory sektorynyň müdiri.
Edebiýat we Sungat gazeti 1997-nji ýylyň 3-nji oktyabr.
Kril harpyndan häzirki zaman Latyn harpyna geçiren: Gurban Geldiýew.
Edebiýaty öwreniş