ÝAZLYK KER
Ýazlyk şahyr Jomart ogly 1869-njy ýylda häzirki Gökdepe etrabynyñ Gorjaw obasynda eneden bolup, 1942-nji ýylda şol ýerde aradan çykýar. Şahyryñ Ogulabat, Gözel, Hally diýen gyzlary bolupdyr. Onuñ nebereleri Aşgabat, Gökdepe, Tejen sebitlerinde ýaşaýarlar.
Ýazlyk şahyr ýaşlykda Gorjawyñ başlangyç dini mekdebinde okaýarka hem ýatkeşligi, zehinliligi bilen deñ-duşlaryndan tapawutlanýar eken. Şol sebäpli hem ol Nowaýynyñ, Nyzamynyñ köp setirlerini, "Leýli-Mejnun", "Şasenem-Garyp" dessanlaryny ýatdan bilipdir we halk arasynda aýdyp gelipdir. Soñ-soñlar Ýazlygyñ özi hem şahyr bolup ýetişipdir.
Ýazlygyñ birnäçe goşgusy 1935-nji ýylda şahyryñ dogany Baýmyradyñ ogly Gylyçdurdy we Şorgala obaly Muhammetgulynyñ ogly Ata, büzmeýinli Abam ogly Molla püri tarapyndan toplanylyp, TYA-nyñ Golýazmalar institutyna tabşyrylypdyr.
(Seret: Inw. 81, 263, 264, 269, 297, 931, 944).
Olaryñ halk arasyna giñden ýaýran "Atdy gelin", "Deýýusyñ", "Gurbanýaz", "Baýyñ" kimin goşgularyna tankydy garamak gerek. Bu goşgular käbir bukjalarda Durdy Gylyç, Molladurdy, Gajar bagşy, Mollanepes, Kemine ýaly başga şahyrlaryñ ady bilen hem duş gelýär.
Ýazlygyñ "Burun gelsin", "Juwan iberiñ", "Obalara geñeşiñ", "Hasabyñ", "Bakypdyr" diýen ýaly goşgulary onuñ şorgalaly Şyhly molla bilen aýdyşyklaryndan ybaratdyr. Olarda şorgalaly Burun atly bir adamyñ görmän, söýüşmän, Gorjaw obasyndan "bir gelne" öýlenmekçi bolanlygy barada gürrüñ berilýär. Şol sebäpli oýnalyp, masgaralanyşy hakda durlup geçilýär. Ýazlyk Şorgala obasyna:
Guda bolsañ goñur ile,
Habar ýetir Kelejara,
Gelin alsañ Burun hana,
Ataş gul hem Kelhan gelsin -
- diýip, ýañsa alyp, hat ýollaýar. Şol obaly Şyhly molla:
Molla Ýazlyk, iş bitinçä o ýan, bu ýan sözleme,
Bize gerek kähudanyñ mydam biri özüñ sen,
Ne ýagdaýyñ bar bolsa, bizden syryñ gizleme,
Seni wekil etdiler, ygtyýary özüñ señ -
- diýip, oña jogap ýazýar.
Bu goşgularyñ ýazylmagyna şeýle waka sebäp bolýar. Burun aýal almaga baranynda, Gorjaw obasynyñ jahyllary Hepe diýen erkek adamyny aýal egin-eşigine salyp, onuñ atynyñ syrtyna berýärler. "Hepegül" bolsa orta ýolda onuñ atynyñ syrtyndan düşüp, gaçyp obalaryna gelýär.
Ýazlyk şahyryñ käbir şygyrlarynda erbet gylyk-häsiýetli, ýalta aýallar berk tankytlanylýar. Käbir goşgularynda Tejen sebitleriniñ il-ýurdy, tebigaty wasp edilýär.
Allaberdi ORAZTAGANOW.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly