09:12 Gulaş şahyr barada täze rowaýatlar | |
GULAŞ ŞAHYR BARADA TÄZE ROWAÝATLAR
Edebi makalalar
Gündogar halk nakyllarynyñ birinde: "Ömründe bir guýy gazan ýa-da bir ogul terbiýeläp ýetişdiren, ýa-da bag eken adamyñ biderek ýaşamadygydyr" diýip aýdylýar. XIX asyryñ soñunda XX asyryñ başynda, häzirki Gazanjyk raýonynyñ Uzynsuw obasynda ýaşap geçen Gulaş şahyr öz ömründe 4 guýy gazypdyr, ýetmişdenem gowrak bag ekipdir, 9 ogul terbiýeläp ýetişdiripdir. Onuñ Uzynsuwda, Garañky derede, Çal dagda, Küren dagynyñ eteginde gazan guýylaryndan raýonyñ kolhozlary häzirem peýdalanýar, buz ýaly sowuk suwuny içip, Gulaş şahyra alkyş okaýar. Uzynsuwda Gulaş çeşmesi bar. Onuñ boýunda şahyryñ öz eli bilen eken erik, alma, injir, garaly, şetdaly ýaly miwe agaçlaryndan häzir diñe iki-üç sanysy süllerişip otyr. Gulaş şahyr öz eken zatlarynyñ il-halk üçin uzak wagtlap peýda getirmegini isläp: "Uzynsuwdyr - gara dag, Seni görsem göwnüm çag, Miwe berýän iýmiş-bag, Uzak berilsin indi" - diýip, ýazanam bolsan şol ýerdäki kolhoz ýolbaşçylarynyñ geleñsizligi zerarly, arman, ol miweli agaçlar aýawly saklanylmandyr, çapylyp-ýakylup ýok edilipdir. Gulaş çeşmäniñ başynda Lenin adyndaky kolhozy ýerleşýär. Şahyryñ nebereleriniñ köpüsi şol kolhozda ýaşaýar. Onuñ Ogulbäbek atly aýalyndan: Nedirguly, Gazakguly, Meretguly, Täçguly, Ýegenguly, Amanguly, Durdyguly, Nepesguly, Rahmanguly diýen dokuz ogly, Sonagül, Geñlik diýen gyzlary bolupdyr. Şahyryñ ogullary Lenin adyndaky kolhoz gurlan ýylyndan başlap, onuñ işine işeññir gatnaşypdyrlar. Gulaşyñ ady dakylan agtygy Beýik Watançylyk urşuna gidip, mertlerçe wepat bolupdyr. Biz Gazanjyk şäherinde bolanymyzda, respublikamyzyñ medeniýetde at gazanan işgäri, bagşy Soltan Atanepesow bilen gürrüñdeş bolduk. Soltan aga Gulaş şahyr barada bize: - Men häzir 66 ýaşymda. Gulaş şahyr men 16 ýaşly oglankam, 80 ýaşynda aradan çykdy. (Diýmek, Gulaş 1931-nji ýylda wepat bolupdyr -A.O., A.A.). Ol ýüzi tüýlek, uzyn gara sakgally adamdy. Daşyndan göräýmäge gaty hyrsyz görünýärdi. Ol nas atmazdy, çilim çekmezdi. Salamlaşan wagty, iki elini uzadyp: "12 süññüñ, taýly gara gözüñ amanmy?" diýip aýdýardy. Özem eken baglarynyñ ýanynda bir jaýda ýeke ýaşaýardy. Töweregine çaga sekdirmezdi. Onuñ ýaşaýa jaýyna bir äpet gara ýylan girip-çykyp ýörýärdi, emma ol şahyra degmeýärdi. Gulaş onu atýalmanyñ, guşuñ eti bilen bakýardy. Bir gije Gulaş daşary çykyp, içeri girmekçi bolanynda, tötänlikde, başga ýerden bu jaýa gelen bir ok ýylanyñ biline basypdyr. Ol ýylan şahyryñ çep aýagyndan çakypdyr. Gulaş şahyr şondan soñ, iki gün ýatyp, wepat bolupdyr. Şahyr ölmeziniñ öñ ýanynda: "Eger öläýsem, meni şu çeşmäniñ ýanyndaky depäniñ başynda jaýlarsyñyz" diýip wesýet edipdir. Gulaşyñ wesýeti ýerine ýetirilipdir. Ol häzir uly gonamçylyga öwrülipdir. Gulaş şahyr zähmetsöýer, daýhan adamdy. Ol pyçak, gyrkylyk, gapan, gopuz, dutar, eýer, hatda hyrly tüpeñ ýaly zatlary-da ýasap bilýärdi. "Ata kesbi ogla halal" diýenleri, onuñ nesilleriniñ hem ussaçylyk etmeýäni ýok. Şol sebäpli halk arasynda: "Gulaşyñ neberelerini tanajak bolsañ, orta tüpeñ bilen dutar oklaý" diýip aýdýarlar diýip gürrüñ berdi. - Gulaş şahyr sowatsyz adam bolupdyr, emma onuñ ogly bolan meniñ kakam - Ýegenguly, atamyz Gulaşyñ onlarça goşgularyny aýratyn bir depdere, arap şriftinde ýazyp goýan eken. Nebsimiz agyrsa-da, ol "Goşgular depderi" ýitirilipdir - diýip, şahyryñ şäherdäki orta mekdebiñ mugallymy, Ýegengulynyñ ogly Didar gürrüñ berýär. Biz şahyryñ "Goşgular depderini" ele düşürmek maksady bilen Gyzyletrek, Esenguly, Gumdag, Nebitdag töwereklerine aýlanyp çykdyk. Emma ony ele düşürip bilmedik. Biz gürrüñdeş bolan ýaşuly adamlarymyzyñ aýdyşlary esasynda Gulaş şahyryñ başyndan geçen bir wakany gürrüñ bermekçi bolýarys. Gulaş şahyr Dawly Garabaý diýen garrawynyñ goýunlaryny bakyp ýörkä, 1870-nji ýyllarda Eýran garakçylary ony çolugy Allamyrat bilen birlikde tutup, ellerini arkalaryna dañyp, ýesir edip äkidipdirler. (Garakçylar öñem dört adamy ýesir alan eken. Gürgene baranlarynda olar dört kişi bolup dil düwüşip gaçýar, emma dördüsi-de ele düşüp öldürilipdir). Şondan soñ Gulaşy Eýranyñ Rumyýe diýen obasyna eltip, elini gandallap, boýnundan gara bugra asyp, aýagyny zynjyrlap, tegelek edilip gazylan üsti açyk çuñ çukura taşlapdyrlar. Sowatsyz şahyra: "Yzyña hat ýaz, köp pul berip, seni satyn alsynlar" diýip, tüpeñiñ gundagy bilen urup, ezýet baryny beripdirler. Ahyr soñy, galtamanlaryñ tamasy şeýtan ýaly üzülen soñ, olaryñ serdary ýanyna gelip: - Eý pederi suhty, ahwaly şuma nätär? - diýip sorapdyr. Onda Gulaş şahyr: - Mejime doly aş bolsa, El-aýagym boş bolsa, Şonda halym hoş öter - diýip jogap beripdir. Şondan soñ, galtamanlaryñ serdary zyndanda ýatanyñ bihal adam däldigini bilip, onun şahyrçylygyndan ätiýaç edip, öz hyzmatkärlerine bir jamy dolduryp aş getirmegi buýrupdyr we Gulaşa garap: - Eger menjñ welaýatyndaky şahyrymy sözde ýeñseñ, seni boşadaryn - diýip wada beripdir. Gulaş onuñ şahyryndan üstün çykypdyr. Şondan soñ, şahyryñ boýnundan gara bugrany aýryp, elini boşadypdyrlar. Diñe aýagynyñ gandalyna zat diýmän, Gulaşy şol ýerdäki Molla Jomart diýen adama gul edip beripdirler. Molla Jomart ony gije-gündiz it ýaly işledipdir. Soñ-soñlar Gulaş şahyr onuñ "Bedel at" diýen atyny iýmläp-suwlap, oña seýisçilik edip başlapdyr. Gulaş Molla Jomardyñ "Tula" diýen itini-de özüne öwrenişdiripdir. Günlerde bir gün Eýranda uly toý bolupdyr. Hemme adamlar ol toýa gidipdir. Şahyr şol pursatdan peýdalanyp, şol ýere Etrekden ýesir düşen türkmen aýalynyñ kömegi bilen gaçmagyñ hötdesinden gelip bilipdir. Ol aýalyñ adyna Şatja eje diýer ekenler. Şatja eje Gulaş şahyra bir ige getirip beripdir. Şahyr şol ige bilen aýagyndaky gandalynyñ bir taýuny igeläp aýrypdyr we "Bedel ata" atlanyp, niredesiñ Uzynsuw diýip ýola rowana bolupdyr. Tiz wagtdan soñ, toýa gidenlere habar ýetip, onuñ yzyndan iki atly bolup kowupdyrlar. Gulaşyñ aýagyndaky bir taýy aýrylmadyk gandal oña "Bedel aty" oñat çapmaga maý bermändir. Garaz, ol iñrik garalýança gaçypdyr. Etrek derýasynyñ golaýyna gelende, özüni atdan oklap, düşüp galypdyr we gamyş-çaýyrlygyñ içine urup gidipdir. Yzdan gelýän kowguçylar öz ýanlary bilen it alyp gaýdan ekenler. Gulaş "Tulany" ýallap, özüne öwrenişdireni üçin, ony gören wagty "gidiber" diýen yşarat edipdir. "Tula" guýrugyny bulaýlap geçip gidipdir. Şahyr derýadan ýüzüp geçensoñ, Göküş batyr diýen çopanyñ çadyrynyñ üstünden barypdyr. Göküş batyr onuñ aýagyndaky gandaly aýryşmaga we Uzynsuwa sag-aman gowuşmagyna kömek edipdir. Gulaş öz dogduk mekanyna gelensoñ, Şatja ejäniñ ýetiren kömegi barada obadaşlaryna gürrüñ beripdir. Obadaşlary ol igä "jan gutaran" diýip at dakypdyrlar. Soñ şahyr ol igäni ýanpyçak edinip, hemişe öz ýanynda göteripdir. Bir gezek onuñ guran gapanyna gaplañ düşüpdir. Gulaş şahyr 9 ogluny, 4 doganyny yzyna tirkäp, gaplañy yzarlap başlapdyr. Gaplañ Küren dagynyñ gowaklarynyñ birine giren eken. Gulaş gaplañy görenden, sag eline Şatja ejeden ýadygär galan "jan gutaranyny" alyp, çep elini kendir bilen berk sarap, ýeke özi gaplañyñ gowagyna girip ugrapdyr. Gaplañ öz üstüne zyñarly görnüp, arlan wagty, şahyr kendir saralan çep elini onuñ agzyna tutup, sag elindäki "jan gutaran" ak saplysyny onuñ böwründen sanjypdyr. "Şahyr şondan soñ: "Ümürli, dumanly, howaly başlar, Bäş menzil ýol ýöräp ýetenim daglar. Gaýasynda ak otagly, ak guşlar, Gowagynda gaplañ tutanym daglar" - diýen goşgusyny ýazypdyr" diýip, Gulaşyñ Uzynsuwra ýaşaýan agtyklaty Wezir, Allaguly Amangeldiýewler gürrüñ berýär. Şahyr Köpetdagyñ, Küren dagyñ, Kiçi Balkanyñ, Boýa dagyñ, Soñy dagyñ kemerlerini syryp, awçylyk edipdir. Ony şahyryñ on ýyllap zyndanda ýatan wagty düzen "Amanmy?" goşgusyndaky: "Tarlañly, tugunly, laçynly, guşly... Jülgesi umgaly, gollary goçly, Kap dagyñ bölegi Balkan amanmy? ...Kiçi Balkan, Boýa dagy amanmy? ...Arkajy gulanly, ütelgi guşly, Uhudyñ bölegi Küren amanmy?" diýen setirleeinde görmek bolýar. Gulaş şahyr hem awa gideninde, Baýram şahyr ýaly ýany elguşly, aw tazyly gider eken. Ol barada şahyr: Towşanlary algyrym, Tilkileri ýolgurym, Elimdäki "bilgirim" Uzak berilsin indi - diýen goşgusynyñ dowamynda ýatlap geçipdir. Gulaş öz ýurduny - watanyny jany-teni bilen söýüpdir. Ol Eýran alamançylary tarapyndan ýesir edilip äkidilip barýarka, öz önüp-ösen ýerleri, şol sanda Döwletmämmet Azadynyñ (Garry mollanyñ) gubury, Magtymgulynyñ wasp eden Soñy dagy bilen hoşlaşmagy-da unutmandyr: Ot bolardy derelerniñ içleri, Ýaýla bolar Halwat gyryñ başlary, Taryp etsem Soñydagyñ daşlary, Garry molla, Gulanata gal indi. Gyzyletrek raýonynyñ Şarlawuk oba Sowetinde ýaşaýan pensioner Öwez Togalakowyñ aýtmagyna görä, Gulaş şahyr Eýranda zyndanda ýatyrka: Älçik baýryñ ujydyr titir biten haşaly, Baýyr tüýnüksiz öýdür, öwrüm-öwrüm taşaly, Baýyr oty bag-jennet saña goşgy goşaly, Arzuw eýleýir göwnüm owadan jaýlar seni - diýen goşgusyny düzüpdir. Umuman aýdanymyzda, Gulaş (Kulaly) şahyr XIX asyryñ soñunda, XX asyryñ başynda ýaşap geçen, öwrenilmäge mynasyp bolan watançy şahyrlarymyzyñ biridir. A.ORAZTAGANOW, TSSR YA-nyñ Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyñ aspiranty. A.ARBADOW, Gazanjykdaky 2-nji orta mekdebiñ direktory. # "Ýaş kommunust" gazeti, 1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |