17:29 Mämmedoraz | |
MÄMMEDORAZ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Mämmedoraz liriki şygyrlaryñ ençemesini bize miras galdyrypdyr.[1] Ol Köneürgenç sebitlerinde ýaşapdyr. Bar bolan maglumatlara görä, şahyr Köneürgenjiñ günorta-günbatarynda ýerleşýän Böten dagynyñ ilersindäki Goşatereñ diýen ýerde 1853-nji ýylda eneden bolýar. Mämmedorazyñ: Hywanyñ şährinden ýükümni aldym, Böten dagda ýaryñ gyşlagna geldim.[2] Bahar bolsa Goşatereñ göçerler, Aýböwür ýadyma düşse aglaryn[3] - diýen setirleri-de, onuñ şol ýerlerde önüp-ösenligine şaýatlyk edýär. Şahyryñ lakamyna Mämmetzyýa, kakasyna Öwezgeldi keçeli diýer ekenler. Mämmedoraz, köplenç, yşky-liriki goşgular döredipdir. Ol ýaşlykdan Balgelne (Balýeññeme) aşyk bolýar, emma Balgelniñ doganlary ony köneürgençli bir baýa satýarlar. Mämmedoraz Balgelniñ şanyna ýigrimiden gowrak elegiýadyr oda döredýär. Şahyryñ Balgelne tüýs ýürekden aşyk bolanlygyny: Gün görmän oturan şalaryñ gyzy, Jemlense barysy Balgelin bolmaz.[4] Gulak goýgul, gül ýüzli ýar, Ötinçä "sen" diýr, gidermen. Daban boýly dar çukurda Ýatynça "sen" diýr, gidermen.[5] - diýen setirlerinden hem añmak bolýar. Mämmedoraz Balýeññemden aýra düşürilmegine gaty gynanýar. Şol sebäpli hem ol beýleki temalarda ýazan şygyrlarynda hem häli-şindi onuñ adyny agzap durýar. "Uçdy-da gitdi" diýen şygrynda şahyr: Eý agalar, Paýdyllanyñ çölünde, Ýaşylbaş ördegim uçdy-da gitdi. Ýazy bilen ýaýla bolan Balýeññem, Bu gün gyşlagyna geçdi-de gitdi.[6] - diýen ýaly obrazly sözler bilen Balýeññemi ýatlaýar. Şahyr hernäçe gynansa-da, onuñ hal-ahwalyny soran tapylmaýar. Bu ýagdaý Mämmedorazyñ: Ganly ýaşym akýar gözden sil bolup, Bu syrry pynhanym kime aýdaýyn, Ykbalym ters geldk, neneñ edeýin, Meñ ýüzüme gülüp bakan bolmady.[7] - diýen setirlerinde hem real beýan edilipdir. Şahyryñ: Tüssäniñ derdinden Aý-Gün tutuldy, Iki duşman bir-birine gatyldy, Ozal başda Gurbandurdy atyldy, Iller aglar Gurbandurdy jan üçin - Arzym eşit, Jüneýit jan, Garyp ilat horlandy kän...[8] Gaty gitdiñ geçdiñ çenden, Ýürek ürkdi näzik tenden, Mämmedoraz sorar senden, Şunçakly ilaty nätdiñ?[9] - diýen bentlerinde bolsa Jüneýit hanyñ we onuñ garakçylarynyñ Hywada, Köneürgençde eden pyssy-pyjurlyklaryny paş edipdir. Şahyr bu zalymlaryñ jenaýatçylykly işleri, nähak döken ganlary üçin iru-giç halk öñünde hasabat bermeli boljakdygyny aýdypdyr. Şahyr Jüneýit hanyñ talañcylykly, basybalyjylykly hereketlerini suratlandyryp, ony ýyrtyjy mör-möjege deñeýär. Mämmedoraz ömrüniñ ahyrlarynda Jüneýit hanyñ zulumyndan gaçyp, Gyzyletrek sebitlerinde çopançylyk edýär. Onun nebereleri häzir Gyzyletrek, Gumdag sebitlerinde ýaşaýarlar. Şahyr 1938-nji ýylda 85 ýaşynda aradan çykyp, Gyzyletregiñ Ýasydepe diýen ýerinde jaýlanypdyr. Allaberdi ORAZTAGANOW, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. __________________________________ [1] Seret: inw. 1452, 2983. Bu şygyrlar, esasan, 1964-nji ýylda Köneürgenç raýonynyñ "Iskra" kolhozynyñ Gyzylgüýç uçastogynda ýaşaýan Baýram bagşy Berdi oglundan ýazylyp alnypdyr. [2] Inw. 1994. [3] Şol ýerde. [4] Inw. 3103. [5] Inw. 1994. [6] Inw. 3103. [7] Inw. 2185. [8] Şol ýerde. [9] Inw. 2113, 2185. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |