01:05 Käsim şahyr | |
KÄSIM Käsim şahyryñ ýaşlygy Çeleken, Esenguly etraplarynda geçýär. Şahyryñ uly dogany Täjiñ ogly, çelekenli Ýowşan aga 1961-nji ýylyñ sentýabr aýynda şeýle gürrüñ berdi: "Käsimiñ kakasy Hojak Mergen degişgen, şorta sözli, aýdym-sazy halaýan adamdy. Ondan alty ogul, bir gyz galýar. Hojak Mergeniñ iñ uly ogly Täç gyjakçy, gyzy Eneş bagşy, ogly Käsim şahyr bolup ýetişipdi. Men 15 ýaşymdakam, onuñ 32 ýaşy bardy. Men bolsa häzir 63 ýaşymda. Eger Käsim bolan bolsa, 80 ýaşly adam bolardy. Ol uzaga çeken inçekesel sebäpli, 1920-nji ýylda aradan çykypdy. Ölmeziniñ öñ ýanlarynda ol: "Arman, meni keselim heläk edýär, ýogsa bilbil bolup saýrap, ýazan zatlarymy kitap edip çykarmaly zamanam-a gelen eken" diýerdi". Şahyryñ: Indi Käsim sözüm sähre, - ýaly setirleri garyp gatlagyñ göwnünden turýar. Şahyr öz eserlerinde jemgyýetdäki adalatsyzlygy, kanunsyzlygy, sosial deñsizligi görkezýär: Käsim aýtsa, sözün beter batlamaz, Büresi köp, ýatýan garaja öý bilen, Şeýle setirlerinde şahyr aşaky gatlagyñ agyr durmuşyny kiçijik detalyñ - çüýüñ hem ýoklugy, gapysyndan itiñ hem sekmeýänligi bilen beýan edýär. Ömürboýy özlerine gulluk eden işçini keselçilik ýa garrap, güýç-kuwwatdan düşmegi zerarly meýdana taşlamak köne jemgyýete mahsus zatlaryñ biridi. Şeýle ýagdaý şahyryñ döredijiliginde öz ornuny eýeläpdir. Bu barada Käsimiñ obadaşlarynyñ biri bolan Orazmämmet Abdalow "Şahyrana ýazgylar" diýen makalasynda şeýle ýazypdyr: "Onuñ gözünden ýüzügiñ gaşy ýaly düwme-düwme ýaşlar akýardy. (Gürrüñ Käsim şahyryñ Çelekendäki Nobel firmasynda işläninde, rewolýusiýadan öñki günlerini näletleýşi hakynda barýar). Ol özüni dürsäp, Nobele nebit çykaryp berişlerini, teniñi edil tyg ýaly kesip barýan awult aýaz diýmän, Çelekeniñ çäge syrgynly, epgekli jöwzasy diýmän, özleriniñ, türkmen milli proletarlarynyñ ilkinji otrýadynyñ çeken jebir-sütemini birin-birin beýan edýärdi. Şahyr Käsim Nobeliñ müñlerçe gurbanlarynyñ biridi. Çeleken sürgün adasydy. Okeanyñ añyrsynda mesgen tutan "nebit şasy" Nobel göýä maslyk ysyny alan gyrgy kimin türkmen topragynyñ tükeniksiz nebit baýlygyny wagşylarça sormagy bilen kanagatlanman, halkymyzyñ jümmüşinden ýetişen iñ rewolýusion, iñ ilkinji işçi otrýadyny hem fiziki taýdan gyrlyp gutarmaga sezewar edipdi".[4] Käsim şahyryñ döredijiliginde gönüden-göni hökümdar toparlaryñ garşysyna göreşmek ýaly çagyrmalar bolmasa-da, olaryñ zulumlaryny, adamkärçiliksizliklerini, ahlaksyzlygyny, eksplutasiýanyñ ýokary derejä ýetendigini görkezýän: Şonuñ geplän gepi hiç maña ýokmaz, - diýen goşgy setirlerine duş gelýäris. Şahyr bu goşgusyny Nobeliñ nebitdakylynda işlän wagty düzüpdir. Onuñ: Pudak Hajy, gulak goýgul sözüme, - diýen şygrynda diñe öz şahsy bähbidini isläp, hardydünýälige, nebisjeñlige baş uran ýokary gatlagyñ wekili Pudak Hajynyñ üstünden gülünýär. Bizden salam bolsun, Baýram şahyra, - diýen setirler bilen başlanýar. Baýram şahyr bu dini soraglara paýyş sözler bilen jogap beripdir. Bularyñ özara aýdyşyklary, köplenç, ähmiýeti bolmadyk "Sen çarwa, men çomry" diýen ýaly ýa-da degişme äheñdr ýazylan warsakylardan ybaratdyr. Bu bolsa olaryñ döredijilikleriniñ kemçilikli taraplarydyr. Allaberdi ORAZTAGANOW, ___________________________________ | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |