23:29 Pirmämmet | |
PIRMÄMMET
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Pirmämmet Nursopy ogly Mañgyşlakdaky Kendirli obasynda takmynan, 1855-nji ýylda eneden bolup, 1900-njy ýylda hem aradan çykypdyr. Pirmämmediñ: Ýazmämmet, Hojamämmet, Ýegenmämmet diýen erkek doganlary, Täjihan, Humaýhan diýen aýal doganlary bolupdyr. Şahyryñ aýalyna Ýazbibi diýer ekenler. Ýazbibiniñ Baljan, Tejen diýen ogullary, Näzlihan, Hallyhan diýen gyzlary bolýar. Onuñ nebereleri Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) raýonynyñ Gyýanly posýologynda ýaşaýarlar. Krsnowodsk raýonynyñ Gyýanly posýologynda ýaşaýan Nurjan Annamyradow (1962) Pirmämmediñ otuza golaý şygryny TYA-nyñ golýazmalar fonduna iberipdir. Şahyryñ ol goşgulary 2041, 3110-njy bukjalara saklanylýar. Birbada göräýmäge Pirmämmediñ käbir goşgulary öz ýurtdaşy Söýün we Esen şahyryñ aýdyşyklaryny, onuñ şanyna bagyşlanan elegiýalary ýadyña salýar, ýöne Pirmämmediñ köp goşgulart durmuşy temada özboluşly häsiýetde ýazylypdyr. Şahyryñ şygry onuñ öz dogany Ýegenmämmediñ Hywa gidenligi, gaýdyşyn ýolda nähoşlap aradan çykanlygy bilen baglanyşykly döredilipdir. Ol goşgular Ýegenmämmediñ dilinden ýazylypdyr. Bu goşgularyñ birinjisinde Ýegenmämmet ýoldaşlaryndan özüni ile ýetirmeklerini haýyş edýär. Ikinji goşguda dogan-gardaşlary bilen hoşlaşýar: Täjihan, Humaýhan uly doganlar, Men ölemde aglaşarlar, durarlar, Hywanyñ ýolunda ýeke mazarlar, Günlerim bimyrat boldy, neýläýin. Hallyhan, Näzlihan uwak marallar, Gelmedi diýp, telmuryşyp sorarlar, Baljan, Aşyr, Tejen, Mämeke janlar? Günlerim bimyrat boldy, ýaranlar.[1] Üçünji goşgyny Ýegenmämmet pirlerden medet diläp aýdan bolsa, dördünji şygyrda agalaryny ýatlaýar, özüni soñ bu ýerden alyp gitmeklerini sargaýar. Bäşinji goşguda atasyna garap, obadaky uly-kiçilere salam ýollaýar. Altynjy goşguda Ýegenmämmediñ gören düýşi beýan edilýär. Ýedinji goşguda Ýegenmämmediñ atasy bilen hoşlaşyşy teswirlenýär. Sekizinji goşguda Ýegenmämmediñ atasy Nursopynyñ: Balam, seniñ çöp çolandy daşyña, Sen kapasa girip, galdyñmy guzym? Ýol üstünde ýeke mazar at alyp, Çäresiz boýnuña aldyñmy, balam.[2] Ýyldyzym öwrülip, tutuldy aýym, Sagdagym üzülip, dargady ýaýym, Garranda guwanjak höwesli toýum, Meýlisim, märekäm buruldy galdy.[3] - diýen setirlerine duş gelýäris. Goşgular şeýle bir çeper bolmasa-da, Pirmämmet öz dogany aradan çykan wagty aýdylaýjak sözleri onuñ adyndan berip bilipdir. Şahyryñ öz doganynyñ adyndan ýazan goşgullar siklleri onuñ agasy Hojamämmediñ oglunyñ aýdan: Bu ýalançy kimi goýdy erkine, Zyba ýigit, ýer guwandy görküne.[4] diýen setirleri bilen tamam bolýar. Pirmämmediñ eserleriniñ aglabasyny durmuşy, tankydy temada ýazylan goşgular tutýar. Şahyryñ "Doýmazy gördüm" goşgusy ünsüñi has hem özüne çekýär. Onuñ döreýşi barada şeýle gürrüñ bar: "Ödenyýaz doýmaz diýen adam gyşyna mal bakyp, tomsuna deñizden balyk tutup, çölde gapan gurup, aw awlapdyr. Şeýle häsiýetli adam bolany üçin oña "Doýmaz" lakamyny goýupdyrlar. Pirmämmet şahyr bir gün çölde ýaşaýan Doýmazyñ kümesine myhman bolupdyr. Doýmazyñ maly köp hem bolsa, myhmana bir towşan soýup, onuñ dörtden bir bölegini bişirip beripdir. Oba gelende, Pirmämmetden "Doýmazy gördüñmi?" diýip sorapdyrlar. Şonda ol Doýmaz barada: Salam bersem, adam bilen işi ýok, Gygyryp ses bersem, asla towşy ýok, Dälimi, telbemi, akyl-huşy ýok, Saglygna puşmany - Doýmazy gördüm. Köpegi kethuda, geçä geñeşli, Myhmana yhlasly, towşan söwüşli... Dodagy ýelmeşer, sabyn erinli, Gözleri kir çanak, bekre burunly, Garry eşek söbükli, geçi garynly, Saglygna puşmany - Doýmazy gördüm.[5] - diýen şygryny aýdyp berýär. Görşümiz ýaly, Pirmämmet şahyr Doýmazy iýjegini gysganýan, adamkärçiliksiz, kirli, nebsewür, gelşiksiz adam şekilinde suratlandyrýar. Şahyryñ "Derdinden" şygrynda durmuşda bolan başga bir waka beýan edilipdir. Annaçy diýen adam aýaly aradan çykansoñ, Zylyha atly aýaly almak üçin sawçy iberýär. Zylyha hem Astrahandan kakasynyñ geljekdigini we şonuñ razyçylygyna görä boljakdygyny aýdýar. Şol obada Orazmämmet kürre, Oraz gara we Maýly hoja diýen adamlar hem özleri üçin söz aýtdyrýarlar. Anna, Baky molla dagy bolsa Zylyhany Orazmämmede alyp bermek üçin ikarada gezýärler. Annaçy bolsa Goşanaý diýen adamdan kömek isläp, oña elli manat para berýär. Munuñ hemmesi hem biderek bolýar. Zylyha Astrahana gidýär. Şondan soñ Annaçy Pirmämmede ýüz tutup, bu barada goşgy goşdurýar. Annaçynyñ başdan geçirenlerini beýan edip, Pirmämmet: Ne-de manady bar, ne-de tyllasy, Alyp geldi bäş gyrany allasy, Gapdalymdan çykdy Baky mollasy, Öler boldum şol mollanyñ derdinden. Goşanaýa elli manat parasy, Aýrylmady synamdaky ýarasy, Gapdalymdan çykdy Oraz garasy, Öler boldum şol garanyñ derdinden.[6] - diýen goşgusyny aýdýar. Waka Bekdaş obasynda bolup geçýär. Bu goşgusynda şahyr Zylyhanyñ para, pula satylmak islemeýändigini, öz deñ-duşuna, söýşen ýigidine barmak isläp, bularyñ hiç birine hem gulak gabartmanlygyny real beýan edýär, çünki ady tutulan adamlar mal-garalaryna, baýlygyna buýsanyp öýlenmek isläpdirler. Ýokarda ady tutulan Annaçynyñ baýlygyna buýsanyp ýören söwdagär adam bolanlygyny Pirmämmediñ "Gyzmydyr-gelin" şygry hem tassyklaýar. Bir gezek Pirmämmet puluna çaý soranynda, Annaçy söwdagär ony garyp görüp, çaý bermändir. Şonda şahyr onuñ şanyna şu şygry düzüpdir: Ýüzüñi meñzetdim jeññel guluna, Sakyrtga kölgelär baldyr gylyña, Bize bermän giden çaýyñ puluna, Alanyñ, Annaçy, gyzmydyr-gelin? Sakalyñ meñzetdim ýandak seline, Ýüzüñi meñzetdim kömür külüne, Bize bermän giden çaýyñ puluna, Alanyñ, Annaçy, gyzmydyr-gelin?[7] Pirmämmet käbir şygyrlarynda öz döwrüniñ gurply adamlaryny, baý ogullaryny wasp edipdir. Şeýle etmek bilen, şahyr olardan azda-kände bäş şaýy ýonmak isläpdir. Bu bolsa Pirmämmediñ döredijiliginiñ kemçilikli tarapydyr. Bu häsiýet şahyryñ ähli döredijiligine mahsus diýildigi däldir. Pirmämmet baýlary, söwdagärleri, husytlary hemme zatdan beter ýigrenipdir. Bir gezek ony we ýene iki sany adamy Mañgyşlak obasynyñ ýaşuly kethudasy Salyh diýen adam Goýly baýdan karzyna pul diletmäge iberýär. Şol döwürde patyşa hökümetiniñ halka agyr salgyt salýanlygy sebäpli, garyplaryñ ony tölemäge güýji ýetmändir. Şonuñ üçin olar baýlara ýüz tutmaga mejbur bolupdyrlar. Emma Goýly baý Salyhyñ iberen bu üç garybynyñ sözüni kabul etmändir. Şonda Pirmämmet ol barada: Üç kethuda gitdi iliñ arzyna, Salyh pul diletdi resul karzyna, Ant içdi "ýok" diýdi, urdy özüne, Men Goýly zalymy gördüm-de gaýtdym. Düýe sagyp, akdan satdy süzmesin, Eý ýaranlar, abyraýdan bozmasyn, Muñ dek zalym il içinde gezmesin, Men Goýly zalymy gördüm-de gaýtdym.[8] diýen şygryny ýadygär galdyrypdyr. Şeýle diýmek bilen şahyr mañgyşlakly zandyýaman, gysganç baýy berk tankyt edýär. Onuñ il-günüñ geregine ýaramaýan, hatda karzuna hem pul bermeýän husytlygyny, düýe çalyny satyp, bar zadyny hem ýok diýýän tüçjar baýdygyny görkezýär. Pirmämmet durmuşy temada tankydy-degişme äheñinde ýazylan "Goçunýaz geçi", "Ädimläwer, göherdim", "Sakaltaý molla", "Ýokumly gördüm" ýaly goşgularyñ hem awtorydyr. "Goçunýaz geçi" goşgusynda şahyr Täç diýen adamyñ Salyh molla geljek diýip, bir geçini üç günläp dañyp goýanlygy, molla wagtynda gelmänligi sebäpli, ol janawaryñ çekräp, mäläp uly ili ýatyrmanlygy barada gür berýär. Pirmämmediñ bu şygry geçi bilen garşylykly aýdyşylan dialog görnüşinde ýazylypdyr. Şahyryñ geçiniñ hal-ýagdaýyny soraýşy, geçiniñ oña jogap berşi, aşakdaky ýaly sorag-jogapda suratlandyrylypdyr: ...Üç gün boldy mäläp, sesiñ ýatmady, Nämedir ýazygyñ, Goçunýaz geçi? Ne soýmady, ne soýjaga satmady, Nämedir ýazygyñ, Goçunýaz geçi? Abraý tapmaz bu dünýäniñ harysy, Arryk diýip, mazam aldy garrysy, Biri geldi: "Ýeter" diýip derisi, Urganda çekrärmen, ýazygym şudur. Bir adam çebşini mizanda baka goýup, nowruzda soýýar. Bää put un iýdiren hem bolsa, çebiş arryk çykýar. Şonda Pirmämmet bu barada hem goşgy düzüpdir: Girdi, çykdy, iýdi, daşyn kakmady, Yhlas bilen ýyly jaýda bakmady, Çorbasyndan ýylangarak çykmady, Jan Ýezne, goluñy ýokumly gördüm.[9] Bu goşguda şahyr daýhançylyk etmegi oñarmaýan, nalajedeýin adamlary: "Eliñi ýokumly gördüm" diýen ýaly sözler bilen ýañsa alýar. Pirmämmet başga bir ýañsylama goşgusyny Sakaltaý diýen molla bagyşlapdyr. Şahyr onda: Öli dälsiñ, dirisiñ, Güýçli mollañ birisiñ, Aýallaryñ pirisiñ, Sakaltaý molla, bäri gel.[10] - diýmek bilen, ol mollanyñ pyssy-pyjurlyklaryny, esasan hem aýallara doga berşini kinaýa alýar. "Söýünjim ber, molla Nepes han gelýär" diýen şygrynda Pirmämmet şahyr Nepes atly mollanyñ Hanmyrat atly adamyñ obasyna gidişini şeýle suratlandyrýar: Köwüş geýip, bökdüripdir ädigi, Iýeniñ aş etmez, dişiñ gädigi, Ýükläni çaý, şeker, ädik possundyr, Kim oña söz gatsa, sözi asgyndyr.[11] Şahyr bu sözler bilen mollanyñ tüñçesini, käsesini, goş-golamyny göterip, ilgezen, gedaý ýaly oba-oba gezip ýörşüniñ üstünden gülýär. Pirmämmediñ "Ädimläwer göherdim", "Göhert hany?" goşgulary hem Hanmyradyñ ady bilen baglanyşykly döredilipdir. Hanmyradyñ bir göherdi bar eken. Günlerde bir gün göhert ýatakda çöküp otyrka, Hanmyradyñ aýaly Düwmeş atly goñşy aýal bilen urşupdyr. Olar bir-birine garşy ot saçypdyrlar. Şonda parahat oturan göherdiñ döşüne ot düşüp, meýdana gaçyp gidýär. Hanmyrat göherdini kowalap, tutup, alyp gaýtjak bolanynda oña ýalbaryp garşylykly şu goşgyny aýdyşanmyş: - Seniñ üçin Özeni ýaýladygym, göherdim, Garañ galyñ patlakdan aýladygym, göherdim, Göçende iki artmak toýladygym, göherdim, Aýalym gotaz dakar, ädimläwer, göherdim. - Bir gün peýşin aýalyñ Düwmeş bilen uruşdy, Düwmeş ondan galmady, depgileşdi duruşdy, Gahar bilen ot saçyp, meniñ döşüm bürüşdi, Aýalyña mal bolman, özüñ ýumşan poh burun! - Inerim sen, bugram sen, bu gün ile ýetirseñ, Dañ atýança suwarsyñ, bir gozganman otursañ, Goşum Şagadam eltip, iki argyşym getirseñ, Aýalym gotaz dakar, ädimläwer, göherdim. - Howudym ýyrtyk, toz-toz, çemmerimi sepletme, Aýagymy dar duşap, başym daşa bekletme, Çyn hakykat är bolsañ, aýalyñy gepletme, Aýalyña mal bolman, özüñ ýumşan poh burun![12] Hanmyradyñ göhert bilen aýdyşygy Hally şahyryñ "Göhert bilen aýdyşyk" şygryny ýadyña salýar. Hally şahyryñ şygrynda Göhert gaharjañ adam obrazynda berilýär. Ol ahyrsoñy öz eýesine boýun sunýar. Bu ýerde gögert agyr zuluma, süteme çydaman, öz eýesini taşlap gitmäge mejbur bolýar. Pirmämmediñ göhert bilen baglanyşykly döreden bir goşgusynda Hanmyradyñ ony tutup bilmän, yzyna gaýdanlygy, aýaly Baýramyñ göherdiñ nirä gidenligini soraýşy beýan edilipdir. Başga bir goşguda Hanmyradyñ aýaly Baýram göhert bilen aýdyşýar. Göhert oña: Göhert aýdar: -Men bir gedanyñ maly, Eýesi pis bolsa, kyn bolar haly, Haýwan boldy nätdi, ýokmy zowaly? Gözi agyr meniñ jebrim it görse.[13] - diýip jogap berýär, emma goşgynyñ soñunda göherdiñ ykbalynyñ nähili bolanlygy, onuñ nirelerde otlap-suwlaýanlygy mälim bolman galýar, ýöne bir zat mälim: haýwan hem, ynsan hem uruş-sögüşsiz parahat durmuşda ýaşamak üçin özbaşdaklygy arzuw edýär. Pirmämmet käsedir tüñçe barada hem şygyr ýazypdyr. Käse, çaý, tüñçe barada XIX asyryñ ahyrynda we XX asyryñ başynda ýaşan başga-da käbir şahyrlar eserler döredipdirler. Pirmämmediñ goşgulary özboluşly häsiýete eýedir. Şahyr tüñçe we käse barada: Omça gerek gaýnatmaga, Käse sürtüp ýaýnatmaga, "Çaý teýi" diýp çeýnetmäge Ýene islärsiñ nany, tüñçe. Gyzyl geýip parlasa, Ot alnynda gürlese, "Çaý teýi" diýp çeýnetmäge Şonda göwni hoş käse.[14] - diýmek bilen, diñe tüñçänin ýa-da käsäniñ özüni wasp etmeýär. Tüñçedir käsäniñ ody hem, süýji suwy ýok bolsa, çaýdyr şekeri tapylmasa, öñünden "çaý teýi" nahary taýýar edilmese, ýanynda çaýy guýup oturan gelin-gyzy bolmasa, şahyr olaryñ gury sanlygyjy aýdýar. Pirmämmet söýgi temasynda "Durdynyýaz", "Garagöz", "Näzli Baýram" diýen ýaly goşgular döredipdir. Şahyryñ yşky-liriki goşgulary, esasan, türkmen klassyk şahyrlarymyzyñ tradision formasynda beýan edilipdir. Pirmämmediñ bu temadaky goşgularynda ýer-ýurt bilen baglanyşykly meñzetmeler köp ulanylypdyr. Şahyryñ "Durdunýaz", "Garagöz" goşgularynda: Hoş mylaýym labzyña gaz sazlaşar Araldan, Husnuñ Aý, gözüñ görgür, çöllerdäki maraldan, Saña hiç taý tapylmaz Mañgyşlakdan, Uraldan, Gören seni wasp eder, görmedige Durdunýaz. Samawar, syrly demkeş, çaý-şerbetiñ içersiñ, Bu dünýäde sür döwran, sen-de bir gün geçersiñ.[15] Ysly çaýdyr Çyn-Maçynda ekilen, Kümüş zerdir, Peterburgda bükülen, Ýüpek saç bag, inçe biline dökülen, Bir senden özgesi hiçdir Garagöz.[16] - diýmek bilen, Aral, Ural, Mañgyşlak, Çyn-Maçyn, Peterburg ýaly ýer-ýurt atlaryny ulanypdyr. Munuñ özi XIX asyryñ ahyrynda aradan çykan Pirmämmet şahyryñ, belli bir derejede geografik atlardan habatly bolandygyna güwä geçýär. Şahyryñ "Gözel köpdür ilimizde" diýen şygrynda: Garşy diýen daşy bardyr, Her gözeliñ başy bardyr... Garabogaz ötelgedir, Bekdaş diýen ýatalgadyr, Guş ýamany ütelgedir, Laçyn köpdür ilimizde.[17] - diýen ýaly setirlerinde hem (Garşy, Garabogaz, Bekdaş we ş.m.) ýer-ýurt atlary, onuñ tebigaty bilen baglanyşykly guşlaryñ atlary sanalýar. Diýmek, Pirmämmet öz ýer-ýurt atlarynyñ tebigatyna, haýwanat dünýäsine belet bolupdyr. Şonuñ ýaly-da, onuñ goşgularynda dialogly, ýumoristik, janlandyrmaly eserler köp duş gelýär. Umuman, Pirmämmediñ döredijiliginde, döwürdeşi Söýün şahyryñ eserlerine garanyñda, halkyñ durmuş hal-ýagdaýy, isleg-arzuwlary real suratlandyrylýar. Allaberdi ORAZTAGANOW, filologiýa ylymlarynyn kandidaty. ______________________________ [1] Inw 2041. [2] Şol ýerde. [3] Şol ýerde. [4] Şol ýerde. [5] Şol ýerde. [6] Şol ýerde. [7] Şol ýerde. [8] Şol ýerde. [9] Şol ýerde. [10] Şol ýerde. [11] Şol ýerde. [12] Şol ýerde. [13] Şol ýerde. [14] Şol ýerde. [15] Şol ýerde. [16] Şol ýerde. [17] Şol ýerde. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |