09:06 Söýün şahyr | |
SÖÝÜN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Söýün şahyr Mañgyşlagyñ Kendirli obasynda eneden bolup, Bekdaş obasynyñ golaýynda aradan çykypdyr. Şahyryñ kakasy Gara däli ömrüni balykçylyk bilen geçiripdir. Söýün ýaşlykda kakasynyñ işine kömekleşipdir. TYA-nyñ golýazmalar fondunyñ 2049-njy bukjasynda bar bolan maglumata görä, ol şahyrçylyga on sekiz-ýigrimi ýaşlarynda başlapdyr. Söýün şahyryñ ýigrimä golaý şygry 5, 914, 2025, 2041, 2049, 2117, 3110-njy bukjalarda saklanylýar. Ol materiallary Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäheriniñ Kirow köçesiniñ 1-nji jaýynda ýaşaýan Aşyr Seýidow, Magtymguly köçesiniñ 41-nji jaýynda ýaşaýan Orazgeldi Begjanow, Krasnowodsk raýonynyñ Guwlymaýak obasynda ýaşaýan Mollaoraz Nuryýew ýazyp, golýazmalar fonduna iberipdirler. Şahyryñ goşgularynyñ aglabasy dini hem pessimistik äheñde ýazylypdyr. Söýüniñ şeýle eserler döretmegine onuñ döwrüniñ we maşgala durmuşynyñ täsiriniñ uly bolandygyny aýtmak gerek. Şahyryñ: Esen, Jumabike, Baýram diýen ýaly jemi 6 dogany bolup, olaryñ hemmesi ýaşlykda aradan çykypdyrlar. Oña Söýün şahyryñ: Meýlisde ýörmedim, köñlüm şat bolup, Hijran ataşyna synam ot bolup, Ýakyn gardaşlarym menden ýat bolup, Jepalara duçar boldum, ýaranlar. Aýdar Söýün şahyr panyga geldim, Hazan urgan gyzyl gül kimin soldum, Arka daglarumdan aýrylyp galdym, Bu pany ýalançy bildim, ýaranlar[1] - diýen goşgusy hem aýdyñ şaýatlyk edýär. Bu ölüm-ýitim sebäpli, şahyr uly gaýgy-gama duçar bolýar. Ulu agasy Eseniñ ölümi Söýüne has hem agyr degýär. Ol barada şahyr birnäçe şygyr ýadygär galdyrypdyr. Esen bilen garşylykly aýdyşylan goşgular döredipdir. Olaryñ birinde Esen ölüm ýassygynda ýatan wagty özünden tamasyny üzüp, Söýüne şeýle ýüzlenipdir: Gider boldy pany dünýäden başym, Aglaşyñlar, aýralygyñ günüdir. Menden razy boluñ, dogan-gardaşym, Aglaşyñlar, aýralygyñ günüdir. Görebilmen, gözüm nury kesildi, Demim sanaglydyr, göwräm gysyldy, Geýen lybaslarym törden asyldy, Aglaşyñlar, aýralygyñ günüdir.[2] "Barmyka?" atly dialog şekilli ýazylan goşguda Söýün şahyr agasy Esene: "Bu agyr günler başymyzdan geçermi? Seni hem öýli-işikli etjek, maksat-myrada ýetirjek günlerimiz gelermi?" diýip ýüzlenýär. Esen bolsa oña: "Merdana bol... Meniñ derdim güýçli. Dünýäden ötermen. Syryñy her kişä bildirme. Baky ýurda gidenler gaýdyp gelmez" diýip jogap berýär. Ol goşguda biz şeýle bentlere duş gelýäris: Söýün: - Arkadagym, saña bolmasyn ýaman, Aýrylmaz başymdan hasratly duman, Dagdan aýrak awlap, çöllerde gulan, Boz meýdanda ýörer günler barmykan? Esen: - Dogan, bu dünýäniñ yzy ýalandyr, Kim bar ölmän, munda baky galandyr, Razy boluñ, peýmanamyz dolandyr, Şükr etgil Hudaga, merdana bolgul.[3] Esen nähoşlukdan aýñalman, aradan çykýar. Şol sebäpli Söýün şahyr: Eý ýaranlar, ömür öter, peýany ýokdur dünýäde, Gardaşymdan aýra düşdüm, dagu-hijran dünýäde, Alty dogandan aýrylyp, galdym çölüstan dünýäde, Degdi ol bady-hazan, soldy gülüstan dünýäde, Ýekelik düşdi başa, boldum puşman gardaşym.[4] - diýen goşgusyny dünýäden, pelekden zeýrenip düzüpdir. Şahyr ähli doganlaryndan aýra düşüp, ýeke galýar. Onuñ şeýle boljagyna gözüni ýetiren Esen ölüm ýassygynda ýatyrka: Esen aýdar bize Hakyñ emiri, Söýün, saña bersin uzak ömüri, Şükür etgil Hudaga, kylgyl sabyry, Senem bolduñ indi biri ýekäniñ.[5] - goşgusyny döredipdir. Ýalñyz galan ýeke dogany Esenden hem aýra düşen Söýün şahyryñ şygyrlary, ine, şu sebäplere görä pessimistik äheñde ýazylypdyr. Söýün şahyr Haka ýalbaryp, näçe mynajat kylsa hem onuñ dilegi kabul bolmaýar. Onuñ ýeke-täk dogany wepat bolýar. Şahyr "Baradyr" diýen goşgusynda: Eý ýaranlar, ýalan dünýä ýüzünden, Her kimse bir many seçip baradyr; Kimse geda boldy, kimse baý boldy, Kimsäniñ bagtyny açyp baradyr.[6] - diýmek bilen, öz döwründäki adamlaryñ gedaý hem baý kimin iki topara bölünýänligine göz ýetiripdir, ol şeýle bolmagyny Allanyñ işi diýip düşünipdir. Oña şahyryñ: Kimler dok, kimse aç, Hak emrine ýokdur alaç, Atgyr tüpeñ, kesgir gylyç, Ýerde ýatyp, pos bolmasyn.[7] - diýen setirleri güwä geçýär. Şonuñ bilen birlikde, şahyr ýeri gelende, il-ýurt, watan üçin söweş etmekligi, üstüñe gelen duşmana garşy göreşmekligi maslahat berýär. Söýün şahyryñ birnäçe goşgusy öwüt-nesihat äheñinde ýazylypdyr. Ol goşgularda, köplenç, dünýäniñ wepasyzlygy barada gürrüñ edilýär. Baýlaryñ, kazy-kelanlaryñ garyplara, ýetimlere, gedaýlara rehimli bolmalydygy nesihat berilýär, şahyryñ bu nesihatlary din we dine gulluk etmek ideýasy bilen baglaşdyrylýar: Bir garyba ýaman sözi diýmegil, Halal ýyggyl, haram lukma iýmegil, Bu dünýäde bäş wagtyñy goýmagyl, Magşar güni halyñ kyndyr, adamzat.[8] Söýün şahyr harsydünýäligi, adalatsyzlygy ýigrenipdir. Şol sebäpli ol: Baýlara gelişmez ýurtawul ýortmak, Zulum eýläp, garyplary bagyrtmak, Nähak ýere bigünäni agyrtmak Adyl bolan kähudaga ýaraşmaz.[9] diúip ýazypdyr. Şahyr "Näbilsin" diýen goşgusynda mertleriñ duşmana garşy söweşde özüni tanadýanlygyny, edep-terbiýäniñ görüm-göreldä baglydygyny aýtmak bilen, ata-enäni ynjytmazlygy nesihat berýär: ...Akmak biliñ söze gulak salmasa, Ata-enäniñ nesihatyn almasa, Garyndaşy, deñi-duşy näbilsin.[10] Söýün şahyr bu goşgusynda dünýä barada türkmen klassyk şahyrlarynda duş gelýän tradision pikirleri dowam etdiripdir: Kimleri ýok etdiñ, ýoldan azdyrdyñ, Kimseleri ilden-ile gezdirdiñ, Kimiñ tagtyn ýykyp, täjin bozdurdyñ, Adamzada gowga salan, dünýä sen. Sende galmaz hiç kim jezasyn çekmän, Hany nirde Rüstem, Isgender, Lukman, Asman, zemin bir gün ýykylar hökman, Ahyry gugaryp galan, dünýä sen.[11] Söýün şahyr dünýäden zeýrense-de, pelekden şikaýat etse-de, ahyrsoñy il-ýurduñ sarpasyny belent tutupdyr. Her hili kynçylyklardan diñe halkyñ, il-günüñ alyp çykýanlygyny, garyba-ýetime, baýlaryñ, işan-mollalaryñ däl-de, il-halkyñ wepadar bolýanlygyny beýan edipdir: Tutarlar ömrüñ hesibin, Ýalan biliñ dünýä düýbün, Halyn kim sorar ýetimiñ, Rehimli ili bolmasa.[12] Söýüniñ bize gelip ýeten goşgularyndan diñe iki sany şygry yşky-liriki tema bagyşlanypdyr. Şahyr ol goşgularyny ýetginjek ýyllary döredipdir. Goşgynyñ biri Gurban, beýlekisi Oguljan diýen gyza bagyşlanypdyr. Söýün şahyr garyplyk sebäpli, galyñ tölemegiñ hötdesinden gelip bilmändir. Şoña görä ol gyzlaryñ hiç biri bilen hem maşgala durmuşyny gurmagy başarmandyr. Ony şahyr şeýle setirlerde beýan edipdir: Ýedi ýyllap wasp edip, düşdüm seniñ yzyña, Her hepdede bir görüp, maýyl idim özüñe, Gandu-şeker goşuban şirin-şerbet sözüñe, Nämähreme görkezmez, nikap tartar ýüzüne, Göwnüm bar-da, güýjüm ýok, aýdanyn hakdyr, Gurban.[13] Şahyr ýedi ýyllap söýgülisiniñ ugrunda ýanyp-bişýär. Oña göwni bar. Emma berip alaýmaga güýji - maly-dünýäsi ýok. Bu hem "Göwnüm bar-da, güýjüm ýok" diýen sözler arkaly örän real beýan edilipdir. Söýüniñ ýaşan döwründe hemme zat diñe mala-baýlyga bagly bolupdyr. Adamyñ güýji onuñ jübüsindäki altynyñ agramy bilen kesgitlenýär. Azat söýgä, bagtly durmuşa zar bolan aýal-gyzlar adamkärçilik mertebeleriniñ kemsidilmeginden diñe häzirki döwürde halas bolup bildi. Öz ýaşaýan jemgyýetinde, her näçe Hudaýa, pelege ýalbarsañ-da, garyplykdan galkynyp-da, bagtly durmuşa ýetip-de, göwün söýen gyzyñy alyp-da bolmajakdygyny añan Söýün şahyr şeýle netijä gelipdir: Söýün aýdar, boldum garyp, Pelek jebrinden sargaryp... Ýa-da: Söýün diýer, ýandym oda, Goşulyp aşyk Perhada, Ýar goýnunda ýatyp bolmaz.[14] Söýün şahyryñ goşgularynyñ çeperçiligi barada aýdylanda, olaryñ käbirinde original meñzetmeleriñ ulanylandygyny bellemelidiris: Işigiñde erik bolup gülläýin, Şahasynda bilbil bolup saýraýyn, Seb bolmasañ, Ok, Balkany neýläýin, Tä ölinçäñ hyrydaryñ, Oguljan. Gawunyñ kaky sen, üzüm şiresi, Lebleriñden akan baldyr, Oguljan.[15] Şahyr klassyk edebiýatymyzda köp ulanylan: bilbil, dutar, alma, bal ýaly meñzetmeler bilen birlikde, gawunyñ kaky, üzümiñ şiresi ýaly meñzetmeleri ulanypdyr. Ol: "Sen bolmasañ, Ok, Balkany neýläýin" diýmek bilen, Garabogaz we Jebel aralygyny göz öñünde tutupdyr. Bular şahyryñ ýaşan, önüp-ösen mekany bilen baglanyşykly ýerlerdir. Ýer-ýurt atlaryna Söýün şahyryñ "Gal indi" goşgusynda hem duş gelýäris. Umuman, Söýün öz döwrüniñ sowatly adamlarynyñ biri bolmak bilen, ol gözgyny, agyr durmuşyny pessimistik äheñde suratlandyran şahyrdyr. Allaberdi ORAZTAGANOW, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty. __________________________ [1] Inw. 2117 (e). [2] Inw. 5, (f). [3] Şol ýerde. [4] Inw. 2117 (e). [5] Inw. 5 (f). [6] Şol ýerde. [7] Şol ýerde. [8] Şol ýerde. [9] Inw. 3110 (e). [10] Inw. 5 (f). [11] Şol ýerde. [12] Şol ýerde. [13] Inw. 3110 (e). [14] Inw. 5 (f). [15] Inw. 3110 (e) | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |