12:35 Golliwuda garşylyklaýyn alymlaryñ ahyrzamany | |
GOLLIWUDA GARŞYLYKLAÝYN ALYMLARYÑ AHYRZAMANY
Geň-taňsy wakalar
"Bir gün ahyrzaman bolar." Magtymguly Pyragy "Dünýäniñ togtan güni", "Maýmynlar saýýarasy", "Ertirden soñ", "Dünýä. Täze başlangyç" we ýene nijemeleri... Häzire çenli Golliwudyñ çeper filmlerinden kyýamat güni barada düşürilen birnäçe kinofilme tomaşa etdik. Käbirinde dünýäni suw basdy. Käbirinde dünýä kartasyny üýtgedip taşlan ýer titremeleri bolup geçdi. Käsinde dünýäni basyp almaga synanyşan bet pygylly saýry dünýälilere garşy söweşdik. Käbirinde dowzahyñ şu dünýäde gurulşyna şaýatlyk etdik. Emma bularyñ barsy çeper-fantastikanyñ önümidi. Şindiki gezek hakyky boljak zatlarda. Köpçülikleýin ýokanç kesellerden başlap robot gozgalañlaryna çenli alymlaryñ kinofilm senariýalardan has gorkunç ahyrzaman çaklamalaryny okamaga taýýar boluñ: 1. Global maýlama Alymlaryñ aýtmagyna görä, dünýäniñ ýüzbe-ýüz boljak iñ gorkunç sahnasy yklymara üýtgeşmeler bolsa gerek. Yklymara üýtgeşmeler buzluklaryñ eremegine, deñiz derejesiniñ ýokarlanmagyna, tüweleýlere, suw joşgunlaryna-sillere, gurakçylyga sebäp bolup biler. Bu üýtgeşmeler bolanda ösümlik we haýwanat dünýäsinden ýitip ýok bolup gitjek zatlar kän bolar. Gytçylyk, guraklyk we ekosistemanyñ çöküşi siziñ pikiriñizçe-de howpurgadyjy gerek? 2. Meteorit Ahyrzaman kinofilmlerine tomaşa eden bolsañyz, hökman meteorit ýagyşlaryna duş gelensiñiz ýa-da Ýer togalagyna uruljak bolup duran harsañ gaýany saklamaga synanyşýan ýörite topara oturan ýeriñizden "akyl satan" pursatyñyz bolandyr. Şindi ykjam duruñ. Çünki alymlaram gaýyp gelen bir asman jisiminiñ dünýäni ýok edip biljegini aýdýar. 3. Köpçülikleýin ýokanç keseller “Global epidemiýa (pandemiýa -t.b.) howpy hakykatdyr” Žosef Miller (Prentice Hall, 2010). Her ýyl bir epidemiýa dünýäni gowurdak edip taşlaýar: SARS, guş dümewi we iñ soñkusy Saud Arabystanda | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||