12:29 Gomoseksualizm barada Ihsan Eliaçykdan seslenme döretjek çykyşlar | |
GOMOSEKSUALIZM BARADA IHSAN ELIAÇYKDAN SESLENME DÖRETJEK ÇYKYŞLAR
Söhbetdeşlik
Türkiýäniñ LGBT birleşiginiñ internet saýtyna interwýu beren ylahyýetçi Ihsan Eliaçyk seslenme döredip biljek çykyşlary etdi. Eliaçyk yslamyñ eden-etdilige, diýdimzorluga garşy çykýandygyny nygtap, gomoseksuallara edilýän diýdimzorlugyñ yslam bilen hiç hili baglanşygynyñ ýokdugyny öñe sürdi. “Osmanlylarda-da zenne (gomoseksuallyk) hukugy kemala gelipdi” diýen Eliaçyk “Patyşanyñ öñünden resmi paraddan geçerlerdi. Olar jemgyýetiñ bir gatlagy hökmünde tanalardy. Öwlüýä Çelebi muny "Syýahatnamasynda" gürrüñ berýär” diýdi. Ine, şol gürrüñdeşlik: - Yslamda LGBT-laryñ ýeri nähili? - Giñden ýaýran dini düşünjä seretseg-ä, geçmişde heläk bolandyklary we Lut kyssasy sebäpli olaryñ näletlenmegi dogry görülýär. Bu nädogry pikir. Lut kyssasynda esasy garşy çykylan zat - zulum we diýdimzorlukdyr. Kowmuñ baýlygyny nirä sarp etjegini bilmeýän mes baýlary öz jynsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin adamlary, esasanam ýaş oglan-gyzlary zorlaýardylar. Keýp çekilýän ýörite howlular (daçalar) üçin şäherde "ýaş ýigdekçe" gözleýärdiler we haýsy maşgalada bar bolsa, ony gylyjyñ zory bilen alyp gidýärdiler. Hut şonuñ üçinem olar Lut pygamberiñ (a.s) öýüne döküldiler, gapysynyñ öñüne gelip dirediler, "gelen myhmanlary bize ber" diýdiler, gelen ýaş ýigitleri zor bilen alyp gitmäge synanyşdylar. Ine, kyssada esasy ýigrenç bildirilýän ýerem, olaryñ hut şu bolşudyr. Kuranyñ näletleýäni zorluk-zulum we eden-etdilikdir. Muny kimiñ peýdasyna we nämäniñ hatyrasyna edýänem bolsañ, tapawudy ýok. Adamlaryñ pynhan gatnaşyklaryny we jynsy durmuşyny aýan etmek, ony aýan edýäne hiç hili peýda getirmeýär we bu gadagan edilen zat. Adamlaryñ şahsy durmuşy bilen gyzyklanmak we bu boýunça ýigrenç döredip biljek maglumatlary ýaýratmak gowy zat däl. LGBT-laryñ öz saýlap alan ýoly olaryñ şahsy durmuşyna girip, olara jemgyýetçilik durmuşynda hak-hukuk babatda beýleki raýatlar bilen deñ derejede garalmalydyr. Jemgyýetçilik güýji hökmünde döwletiñ resmi dininiñ, mezhebiniñ, etniki aýratynlygynyñ, milletiniñ şahsyýet kultunyñ bolmaýşy ýaly, jynsyýeti-de bolup bilmez. - Nämüçin her musulman ýurt yslam düzgünlerini dürli-dürli görnüşde berjaý edýär? Biziñ ýol görkeziji kitabymyz Kurany-Kerim bolýan bolsa, bu dürli-dürlilik nireden gelip çykýarka? - Esasy meselelerde yslam boýunça kän bir dürli-dürlilik ýok. Meselem, haýsy musulmandan sorasañ "adam öldürmegiñ ogurlyk etmegiñ, parahorlugyñ, jynsy zorlugyñ, şirkiñ we ş.m-leriñ erbet zatdygyny, adalatly bolmagyñ, agzybir ýaşamagyñ, dogruçyl bolmagyñ, kişi hakyny iýmezligiñ, goñşy-golam bilen gowy gatnaşmaguñ, zulum etmezligiñ we ş.m-leriñ gowudygyny" aýdýandyr. Bu aýdylanlaryñ dogrudygyna hiç kimiñ şek-şübhesi ýok, emma muny amal etmäge gezek gelende welin, ýañkylary aýdýan adam munuñ düýbünden tersine hereket edibem bilýär. Ýagny, dürli-dürlilikler we bulardan gelip çykýan ýalñyşlyklar amaly durmuşda has işjeñ ýagdaýda. - Meselem, Eýranda jynsyny üýtgeden transyñ towugyna tok diýýän ýok, emma geýler asylýar. Nämüçin? - Jynsyñy üýtgetmegiñ öz islegiñe bagly edilmegi dogry, geýiñ asylmagy bolsa ýalñyş. Munuñ hiç hili dini tutarygy-da ýok. Bu diñe Eýran döwletiniñ jynsparazçylykly syýasat ýöredýändigini görkezýär. Eýranda döwletiñ hem-ä resmi dini (yslam) bar, hemem resmi mezhebi (japary), hem resmi jynsyýeti (erkek, geteroseksual, patriarhal) bar. Umuman alanda Türkiýede-de şeýle: musulman, sünni, türk, erkek, geteroseksual, patriarhal... Emma döwlet gözünde bularyñ hiç biri artykmaç ýer tutmaly däldir. Onuñ tarapyny tutmaly zady adalatdyr, garşy çykmaly zadam - basyş, zulum we diýdimzorlukdyr. - Duşmançylyk besläp aýdylýan sözleriñ añyrsynda nämeler barka we bu sözleriñ garşysyna nädenimizde taýýarlykly bolup bileris? - Duşmançylykly çykyşlar din, mezhep, millet, ýurt, jynsyýet we ş.m. başga-da birnäçe sebäpden döräp biler. Munuñ antiwirusy hökmünde dinleri, ynançlary, mezhepleri, halkary, ýurtlary, reñkleri, jynsyýetleri, jynsy saýlawy nähili bolanda-da, ähli adamlary Ýaradanyñ we kanunyñ deñ hem-de azat görmekdir. Kuran "siziñ iñ haýyrlyñyz - iñ takwa bolanyñyzdyr" diýýär. Takwa kişi özüne, daş-töweregine, tebigata we ähli janly-jandara zyýan berýän däldir. Bütin bu agzalan zyýanly amallardan saklanyp ýaşaýan haýsydyr bir LGBT her gün diýen ýaly janly-jandarlara, tebigata, daş-töweregine zyýan ýetirip ýaşaýan dindarsumakdan has haýyrlydyr. - Syýasatçylar LGBT-lara garşy edilýän jenaýatlara nämüçin seslerini çykaranok? - Saýlawçynyñ berjek garşylygyndan we ses sanyny ýitirmekden gorkýarlar. Köplenç şeýle pikir agalyk sürýär: biri gomoseksualizm barada söz açsa, "diýmek onuñ özem düzüw adam däldir" diýip çak urýarlar. Patriarhal maço medeniýetiñ bu barada pikir alyşmaga gaýraty çatanok. Sebäbi, erkin, rahat, öz-özi bilen barlyşykly däl, jynsyýetiniñ içine dañlyp galan, şondanam boşanyp bilenok. Adamlar umuman alanda şeýle: din, mezhep, taryh, urp-adat, millet, reñk, jynsyýet köpümiziñ zyndany, biz bulary aşyp bilemzok. Gelýän kararlarymyz, tutumlarymyz we özümizi alyp barşymyz bularyñ täsiri astynda. Emma azat we belent ruhlar bularyñ üstünden aşyp pikirlenýär we karara gelýär. - LGBT-lara garşy gönükdirilen çetleşdirme, kemsitme we gaça durma hereketleri jemgyýetiñ haýsy tarapyndan itergi berýär? - Jynsparazçylykly ýigrenje beslenen çykyşlaryñ döremegine sebäp bolýar. Ýöne “kişiniñ jynsyýeti, jynsy saýlawy bizi gyzyklandyranok, ol munuñ şahsy durmuşyna degişli zat. Onuñ şahsy durmuşy bilen gyzyklanmak muwapyk däl. Bize gyzykly zat - kişiniñ adamlara, goñşy-golamlaryna, daş-töweregine, tebigata, janly-jandarlara we başgalara bolan garaýşydyr hem-de özüni alyp barşydyr. Allatagala bulary-da göz öñüne tutýandyr” diýen pikiri we ynanjy döredip bolsa, ýokarda agzalan meseleler öz-özünden çözülip gider. Muny döretjegem, paradoks şekilde ýene dini medeniýetiñ özüdir. - LGBT-lara garşy gönükdirilen çetleşdirmeleri, kemsitmeleri we gaça durmalary aradan aýyrmak üçin nämeleri etse bolar? - Adam hukuklarynyñ binýadynda jemgyýetçilik pikirini kemala getirmeli, muny etmek üçinem agzybirlikde iş alyp barmaly. - LGBT-lara bolan iñ uly goldaw haýsy gatlakdan gelýär we siziñ pikiriñizçe munuñ sebäbi nämede? - Adam hukuklary, erkinlik we deñlik babatda has giñ gözýetimli gatlaklardan goldaw gelýär, çünki olar adam añ-düşünjesi taýdan bizden has öndedirler. - Bir musulman LGBT-laryñ hak-hukuklaryny gorap bilermi? - Elbetde, gorap biler. LGBT-laryñ hak-hukuklary adamyñ hak-hukuklaryndan aýry bolup bilmez, onuñ aýrylmaz bir bölegidir. LGBT-laryñ hak-hukuklaryny goramak, LGBT bolmaklygy añlatmaýar. Meselem, meniñ özüm LGBT däl, emma LGBT-laryñ hak-hukuklaryny goramagyñ tarapynda. - LGBT-laryñ ene-ata bolma islegleri barada nämeleri aýdyp biljek? Ol öz isleglerine bagly zat, dolulygyna şahsy durmuşlaryna degişli mesele. Jemgyýetiñ, döwletiñ ýa-da dini guramalaryñ goşulmaga haky ýok. Eger bular ýaly talaplar barha artýan bolsa, döwlet we dini guramalar bulary nädip ýok etmekligiñ däl-de, nädeniñde bular bilen bir ýerde agzybirlikde ýaşamagyñ adyl, deñ we adamkärçilikli hak-hukuklaryny işläp düzmelidir. - LGBT-laryñ hak-hukuklaryna nähili gözegçilik edilýär, olara garşy edilýän jenaýatlaryñ öñüni nädip alýarlar? - Hak-hukuklaryna gözegçilik edilýär diýip biljek däl, ýöne olaryñ jemgyýetiñ iñ mazlum gatlagydygyny welin aýdyp biljek. Çünki olaryñ barlygyna takat edilenok, baran ýerlerinde äsgerilenok. Hatda olar bilen gepleşmekdenem, trotuarda bileräk ýöremekdenem gaça durýarlar, bu ýagdaý adamkärçiliklige syganok. - Nikalaşma deñligi “gomoseksual maşgala” barada nähili pikiriñ bar? - Bulam kişileriñ öz şahsy durmuşlary we erk-islegleri bilen baglanyşykly. Muny başgalaryna zor bilen kabul etdirmedik we özleri ýaly ýaşamaýanlary saýrylaşdyrmadyk ýagdaýynda, düşünişmez ýaly mesele ýok. Bu şahsy durmuşyñ eldegrilmesizligine girýär. Bular ýaly ýagdaýda döwlet bu boýunça hukuk, din bolsa fykh kadalaryny işläp düzmäge borçludyr. Ýöne hukuk we fykh kadalaryny işläp düzmek beýlede dursun, bu barada dil ýaryp bilýänem ýok. Olaryñ añ-düşünje taýdan erkinligi we rahatlygy ýok. Mydama başlary dertde, problemaly. Kompleksleýin basyş astynda. Osmanlylarda-da zenne (gomoseksual) hukuk kadalary bolan eken, olar resmi parada gatnaşyp, patyşanyñ öñündenem geçipdirler. Olara jemgyýetiñ aýratyn bir gatlagy hökmünde garalypdyr. Öwlüýä Çelebi muny "Syýahatnamasynda" gürrüñ berýär. - Ahlaksyzlyga garşy göreş ady astynda girizilýän gadagançylyklar we bökdençlikler baradaky pikirleriñiz nähili? - Ahlaksyzlyk diýilýän zat näme? Esasy günäler şulardyr: adam öldürmek, ogurlyk etmek, töhmet atmak, jynsy zorluk, parahorluk, zorluk ulanmak, zulum, eden-etdilik... Bularyñ hemmesi Kuranda kebair (uly günäler) hökmünde sanalyp geçilýär. Ine, ahlaksyzlyk! Şu sanalanlary kim etse etsin, tapawudy ýok, öñi alynmaly, hatda jezalandyrylmaly. Kuranda dört zadyñ jezasy bar: gandarlyk, ogurlyk, töhmet we zyna-zorluk. Emma, meselem; namaz, oraza, haj, başörtgüsi ýaly zatlaryñ jezasy ýok. Bular kişiniñ öz şahsy ygtyýaryna goýlupdyr, hatda içginiñem jezasy ýok, çünki icgini içmek däl-de, serhoş bolmak haram. Eýse şu döwürde-de dünýäniñ haýsy ýurdunda bolsañyz boluñ, serhoş halda ulag sürmek mümkin däl. - Maşgalañyzdan biriniñ LGBT-dygyny bileniñizde, bu meselä nähili garardyñyz? - Ýokarda-da aýdyşym ýaly, LGBT bolup-bolmazlygy şahsyñ öz meýline bagly hasaplaýandygym üçin öz jynsyýetimi, şahsymy we halaýan ýa-da halamaýan zatlarymy oña zor bilen kabul etdirip bilmerin. Ony haýsydyr biri bolmaga mejbur edip bilmerin, ýöne ol eden-etdilige, zulma uçrasa onuñ tarapyny çalaryn. Özüme edilmegini islemeýän zadymy başga birine edip bilmerin. Ahlagyñ baş ýörelgesi şudur. Kuranda şeýle diýilýär: "Kimsäniñ ýüki kimsäge ýüklenmez." 16.01.2018 ý. Odatv.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 20 | 1 2 » | |||||||||
| ||||||||||
1-15 16-20 | ||||||||||