02:34 "Gorkut ata" halk pedagogikasynyñ çeşmesi hökmünde | |
«GORKUT ATA» HALK PEDAGOGIKASYNYŇ ÇEŞMESI HÖKMÜNDE
Pedagogika we edep-terbiýe
Häzirki döwürde ýaş nesle taryhymyzy, etnopedagogikamyzy, milli mirasymyzy öwretmek, olaryň ahlaklylygyny ýokarlandyrmak her bir pedagogyň mukaddes borjy hasaplanýar. Ýaşlara milli däp-dessurlara laýyk terbiýe bermekde asyrlaryň eleginden geçen ruhy gymmatlyklaryň ähmiýeti uludyr. Şol gymmatlyklaryň içinde aýratyn ýeri «Gorkut ata» eposy eýeleýär. «Gorkut atada» terbiýäniň dürli ugurlaryna degişli gyzykly pikirler özüne mynasyp orun alypdyr. Eposda baş ideýa gahrymançylyk, watançylyk, öz ýurduňy, il-günüňi daşky duşmanlardan kükrek gerip goramak degişli bolup durýar. Mundan başga-da beden terbiýesini yzygiderli öwrenmek baş orunda durýar. Her bir oglan-gyzda batyrgaýlygy, gaýduwsyzlygy, ar-namyslylygy, erki hem ruhy güýji terbiýelemek baradaky ideýa öňe sürülýär. Muny Gorkut atanyň «Gara polat uz gylyjy çalmasaň, duşman dönmez», «Ata namart münüp bilmez, onuň müneninden münmedigi gowudyr» we ş.m. sözleri doly tassyklaýar. Eserde ýigitleriň we gyz-gelinleriň batyrgaý merdana sypatlarynyň iş ýüzünde görkezilýän epizodlary örän köp. Mysal üçin, «Salyr Gazanyň öýi ýagmalandygy boýy» diýen bölüminde beýan edilýän wakany ýatlamak bolar. Ýa-da ýene bir mysal. «Gaňly goja ogly Hantöreli» hekaýasy boýunça aýtsak, munda erkek adamlaryň däl-de, eýsem, gelin-gyzlaryň fiziki hem harby taýýarlyk derejesi anyk wakalaryň üsti bilen ýüze çykarylýar. Bu ideal hem oguzlaryň ogul öýermek, gyz çykarmak däp-dessury bilen baglanyşdyrylyp görkezilýär. Bu ideýa eseriň döredilen aldym-berdimli döwri bilen baglanyşykly öňe sürülen bolsa-da hiç wagt könelişmejek ideýadyr. Eserde ahlak terbiýesiniň meselelerine degişli pikirler hem köp. Gorkut atanyň aýdan nakyllarynyň, dana sözleriniň köpüsi hut ýaş nesilde ahlaklylygy terbiýelemäge gönükdirilendir. Muňa mysal edip, «Tekepbiri Taňry söýmez», «Göwnüni ulumsy tutan adamda döwlet bolmaz», «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz», «Ogul atadan görelde almasa saçak ýazmaz», «Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan dogmadygy ýegdir» diýen ýaly sözleri getirmek bolar. Pähim-paýhasly goja özüniň bu sözleri bilen öz iliniň ahlak taýdan kämil, adamlaryň özara gatnaşyklarynyň jebis bolmagy barada alada edýän hakyky halk pedagogynyň rolunda çykyş edýär. Paýhasa ýugrulan şu dana sözlerde terbiýeçilik işiniň birnäçe metodlary öz beýanyny tapýar. Olar görelde, ynandyrmak we öwüt-nesihat ýaly metodlarydyr. Eser ýaşlarda iň gowy ahlak sypatlary, ýagny myhmanparazlygy, jomartlygy, dogruçyllygy, ene-atany hormatlamagy, watançylygy, adamkärçiligi, kiçi göwünliligi, ýagşy-ýamany saýgarmak ukybyny we ş.m. terbiýelemekde ähmiýetlidir. Eserde Gorkudyň obrazy pedagogik nukdaýnazardan üns berilipdir. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan baý durmuş tejribesi, öz döwründe oguzlaryň ýaşlary terbiýelemekde täsir edendir diýsek, ýalňyşmarys. Eposda ol hakyky pedagogik terbiýeçi hökmünde suratlandyrylýar. Eserde aýal-gyzlaryň ahlaklylygyny beýan edýän bölümler az däl. Erkekler hem soňuna çenli aýallaryna wepadar bolup galýarlar. Meselem, Dirse han ogulsyzlygyndan zeýrenýär. Şonda-da ikinji gezek öýlenmegiň pikirini etmeýär. Eserde köp aýallylyk ýok. Bu däpler soňky wagtlaryň önümidir. Eserde hemişe položitel sypatly aýallar görkezilmän, olaryň garşysyna goýlan aýallaryň tankyt edilýän ýerleri hem bar. Munuň özi döwrüň ahlak-estetik normalaryny arassa saklamak baradaky aladanyň ýüze çykmasydyr. «Gorkut ata» eseri pedagogik pikirlere örän baýdyr. Olar türkmen halk pedagogikasynyň terbiýeçilik ideýalarynyň genji hazynasyna saldamly goşantdyr. Sözümizi jemläp aýtsak, «Gorkut ata» eseri bize irki döwrüň pedagogik pikirlerini öwrenmek üçin möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Irki döwrüň akyldarlarynyň pikirlerini, garaýyşlaryny öwrenmegiň häzirki Garaşsyz watanymyzda uly mümkinçiliklerini ýaşlary terbiýelemekde peýdalanmak biziň borjumyz bolup durýar. Esen ATDAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |