01:49 "Gorkut ata" şadessanyna ýanama | |
"GORKUT ATA" ŞADESSANYNA ÝANAMA
Goşgular
Bidöwlet sakgalyñ bitmedigi ýeg, Haram ülüşden paý ýetmedigi ýeg. Bet işiñ rowaç tapmadygy ýeg, Namardyñ mertleri utmadygy ýeg. Gulatynhñ parlap uçmadygy ýeg, Bürgütleriñ ýerläp uçmadygy ýeg. Bedewiñ toýnakdan galmadygy ýeg, Süýtleriñ gaýmakdan galmadygy ýeg. Ýaryñ yşk umydyn üzmedigi ýeg, Şahyryñ galp setir düzmedigi ýeg. Şoe suwuñ pagşyldap çogmadygy ýeg, Äriñ duşmana baş egmedigi ýeg. Bir gendäñ bagt guşun tutmadygy ýeg, Aşygynyñ alçy gopmadygy ýeg. Gara ýeliñ giçläp gelmedigi ýeg, Baýguşuñ jakyrdap gülmedigi ýeg. Ýalançy güldüýbüñ düwmedigi ýeg, Zyñlan daşyñ merde düşmedigi ýeg. Del töwirsiz öýüñ bolmadygy ýeg, Uz gylyjyñ karam çalmadygy ýeg. * * * Depämde Tañrynyñ täji, Gözümde rehnet nury bar, Gulagymda ýagşy owaz, Kalbymda ahun-piri bar. Her gün örýän hajy bolup, Ýagşa tutan pälim bilen. Gara güýje gaçy bolup, Ýaşap ýörün ilim bilen. Dilimde alhamym bolar, Ýurdum - Hak sylanym bolsa! Öýüñde ýalkanyp bolar, Käbelik imanyñ bolsa! Baýram JÜTDIÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||