08:39 Goşguçy bilen söhbet | |
GOŞGUÇY BILEN SÖHBET
Söhbetdeşlik
Täze pikirleri bilen geljekde orta çykmagy başarjak (dogrusy, eýýäm başarýar diýsem, öte geçip durasym ýok-la) ýaş ýigitlerimiziň biri-de – Baýramberdi Geldimyradowdyr. Köp okaýanlygy, irginsiz gözleglerde bolýandygy onuň şygyrlaryny okan her bir okyjy muňa aýdyň göz ýetirýändir. Biz hem Baýramberdi Geldimyradow bilen ýaňy-ýakynda geçiren söhbetdeşligimizi size ýetirmegi makul bildik. – Baýramberdi, kämillik barada nähili garaýyşlaryň bar? Kämillik üçin nämeler derwaýys? – Bu sowala çürt-ýoluk jogap berjek bolsam, heniz ýaşym-a bir kiçi, akylymam azlygyndan ejir çekjekdigi görnüp dur. Şonda-da, mümkingadar, sowalyňyzy boş goýmazlyga çalşaýyn. Käbir deň-duşlarym (şol sanda menem) kämilligiň uzakdadygyna garamazdan, özümizi kämil adam hasaplaýarys. Ýaşymyz ulaldygysaýy kämillik biziň göz öňümize getirşimizdenem juda yrakdadygyna düşünip başlaýarys. Bir rowaýatda «Çörek bala öwrülýänçä işlemeli... Haçan-da, iýýän çöregiň bal bolanda seniň zähmet çekdigiň bolar» diýlişi ýaly, goşgy goşýanam bu dünýäde bolup geçýän her bir zatlary tä ýürek bilen duýýança okabermeli, öwrenibermeli, öwrenen zadyňy durmuş ýüzünde amal edip, kämilleşibermeli. Kämillik üçin bolsa örän köp zatlar zerur. Esasanam, okumyşlyk, ýaltanmazlyk, sabyrlylyk... gerek. Umuman, sanasaň sogaby kän. – Döredijilikde ylahy zehin zerurmy ýa yhlas? – Hemmämize bir tanyş söz bar: «Maksadyňa ýetmek üçin 1% zehiniň bolsa 99% yhlas möhüm». Şu ýerde zehini güle, yhlasy Günüň çyrazyna meňzedýän. Güle suwdanam beter, birinji nobatda, Günüň şöhlesi zerur. Döredijilikde bolsa ylahy zehinem, yhlasam juda gerekdigini aýdasym gelýär. – Eger haýsam bolsa birini saýlamaly diýsem... – Onda ylahy zehini saýlamakdan gaýry alajym ýok. – Sebäbi näme üçin? – Sebäbi gülüň köki bolmasa Gün hernäçe şöhle saçsa-da peýdasy ýog-a. – Baýramberdi, ynha, sen täze gözlegleň esasynda ýazmaga ymtylýaňmy ýa-da nazaryýetde öwrenenleriňi eserde özleşdirýäňmi? – Öwrenen zatlarym az, öwrenmeli zatlar dygysyz köp. Size gysgaça bir zady aýdaýyn: «Öwrenenlerimden peýdalanyp, yzygiderli täze gözleglerimiň dowamynda ýazmaklyga synanyşýan». Wessalam. – Senem ilkibaşda «Meniň goşgularyma hiç kim düşünenok. Ýazanlaryma-da pes baha berýärler» diýip gezdiňmi? – Okuwçy döwrümde «Gowy goşgy ýazmaýan gowy goşga düşünmez» diýip düşünýärdim. Asyl, ýalňyşýan ekenim. Käbir edebiýatçylara, okyjylara, şahyrlara... telpek goýaýmaly! Olar ýazaryň (awtoryň) setirlerindäki duýgyny duýup, sesini eşidip bilýärler. – Baýramberdi, göwnüçökgünlige, sussupeslige (depressiýa) duçar bolup gördüňizmi? Ynha, meselem, haýsydyr biriniň aýdan sözlerinden göwnüňiz galýardymy? – Elbetde. Ýöne käte bir adamyň aýdan mojuk sözlerinden gaty görüp, bu dünýä sygmaýan ýaly duýanymda, Hydyr Amangeldiýewiň: «Bir adamyň aýdan ýakymsyz sözüne ýüregiň daralýan bolsa ýa-da başga bir adamyň aýdan hoşamaý sözüne ýüregiň giňelýän bolsa, onda ol ýürege däl-de, daralyp giňeýän, giňäp daralýan oýunjaga meňzär. Şonuň üçin ýüregiňi hemişe giň tutmagy başar» diýen ýalyrak sözleri dadyma ýetişýär. – Seniň bilen söhbet etmäge gelenimde, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikden boýun gaçyrypdyň. Ýöne söhbetdeşligi elektron poçta arkaly geçiräýeli diýip aýdypdyň. Näme üçin beýle diýdiňiz? – Aýtjak sözlerimi kagyza ýazyp aýtmany halaýan. Sebäbi ýazaňda kalbyň bilen ýazyp, aýdyp bolýar. A gürläňde bolsa dilden ätiýaç edip, gürlemeli bolýar. Bu bolsa maňa kynyrak düşýär. – Seň pikiriňçe, şahyr goşgy ýazman oňup bilermi? – Hä, bu sowalyň jogabyny 2019-njy ýylda gündeligime ýazyp goýupdyryn ekenim. Jogap: Eýsem, bagtly adam ýylgyrman oňup bilmeýşi ýaly, şahyram goşgy ýazman oňup bilmezmikä diýýän. – Indi söýgi hakda kelam agyz. Söýseň oňatmy ýa-da söýülseň? Hälki aýdyşym ýaly, munuňam haýsam bolsa birini saýlamaly. – Meniň pikirimçe-hä, söýseň gowy, ýöne söýýäniňi bilip söýülen ýagdaýyňda. – Tankyt näme? Tankyt barada gysgaça aýtmaly bolsa näme aýdardyň? – Gysgaça aýtsam, tankyt diýmek – haýsam bolsa bir eseriň gowy ýerine gowy, gowşak ýerine-de gowşak diýmeklige düşünýän. Ýöne Konstantin Stanislawskiý: «Başga ugurlarda bolşy ýaly, tankytçylaryň arasynda-da küteklerine ýygy-ýygydan gabat gelinýär. Biziň işimizde körzehin edebiýatçy aýratyn howpludyr» diýşi ýaly, diňe bir şahyryň ýa edebiýatçynyň aýdanlaryna gulak asyp, oňa gulluk etmeli diýip düşünmeli dälmikä diýýän. Başarsaň köp şahyrlaryň, edebiýatçylaryň pikirini bilmeli we şol pikirlerden dogry netije çykarybam öz sokmagyňy tapmagy başarmaly. – Köp goşgy goşýanlarda bolşy ýaly, seniňem gözleňde gussa bar ýaly duýdum. Aslynda, seni gynandyrýan zat näme? – Mundan, takmynan, 2500 ýyl owal, Pifagoryň: «Ýer tükeniksiz däl-de, togalak şekillidir!» diýip, adamlara janygyp aýdanyna häli-häzirlerem köp adamlaryň düşünmän ynanmaýanlygy meni gynandyrýar. – Seniň pikiriňçe, şahyr, esasan, nämäni arzuw edýär? – Adam, köplenç, jan-saglyk, agzybirlik, parahatçylyk, at-abraý we ş. m. zatlary arzuw edegen bolýar. Dogrudanam, şahyr nämäni arzuw edýärkä? Meň pikirimçe-hä, şahyr özüne gerek bolan akyly hemem ýazan zatlaryna okyjylaryň seslenmegi ýa alyp götermegini däl-de, ýazýan eserlerini gowy ýazmaklygy, yzygiderli ylhamyň gelmekligini arzuw bilen birlikde alada edýärmikä diýýän. Sebäbi ýazan zatlaryň gowy bolsa ir-u-giç gadyry bilinýär. Esasy zat, gowy ýazmakda. Ýöne ýazan zatlaryň gadyry şu gün bilinse gowy, ertir bilinse has gowy, biri gün bilinse azajyk gijiräk bolýar. Bu meniň gysgaça pikirim! Hawa, şol ýaş beýnimiň pikiri... Sowalyňyza has giňişleýin jogaby bolsa biziň talantly şahyrlarymyzdan tapaýmasaňyz. – Döwürdeş şahyrlardan kimleri söýup okaýarsyň? – Şindi hemme döwürdeş şahyrlaryň döredijiligi bilen doly tanyşlygym ýok. Şonuň üçirin bellibir netijä gelip, kesgitli jogap bermek birneme kynyrak düşýär. Ýöne döredijilikleri bilen tanyşanlarymyň arasynda Seýitmyrat Geldiýew bilen Kakamyrat Rejebowyň döredijilikleri görnetin tapawutlanýandygyn-a duýýan. – Baýramberdi, sen goşgyny nähili ýagdaýda we näwagt ýazýaň? Şeýle hem seni geljekde nähili adam diýip ýatlasalar gowy görerdiň? – Gysgaça aýtsam, meniň özüm-ä goşgy ýazmana girişmezden owal, köpräk kitap okamaga çalyşýan. Diňe bir okamak bilen çäklenmän, aňyma ýiti täsir eden sözleri, setirleri, goşgulary, hatda goşguly kitapçalary hem ýat tutmaga synanyşýan. Ýat tutmagam ýatkeşligiň gowulanmagyna kömek edýär. Okamakdan we ýiti synçylykdanam pikirler wujuda gelýär. Şeýdip pikirlerimi jemläbem goşgy ýazmaklyga het edýän. Goşgyny, esasan, imi-salalyk ýerde ýazanymy kem göremok. «Näwagt ýazýaň?» diýeniňe bolsa, köplenç, agşam hemem daň agaryp gelýärkä diýip jogap berjek. Onsaňam, kimdir birewe «Sen meni şeý diýip ýatla» diýib-ä bolmaz. Biri meniň gaharjaň wagtymdaky bolşumy görüp: «Gagal» diýip ýatlar, ýene birem şadyýan çagymda gabat gelse: «Kinesiz» diýip ýatlar... Hulasa, her kim bir hili ýatlar. Emma her kim nähili ýatlasalaram, bu olaryň öz pikiri! Diňe öz pikirleri bilen ýatlanmagam munuň özi eýýäm uly bagt ahyry! Ýene bir zat, elbetde, bu söhbetdeşlikdäki pikirlerim edil şu ýaşymdaky pikir-garaýyşlarym. Şonuň üçinem geljekki günlerde bu pikirlerimiň üýtgemegem ahmaldyr. Üýtgemezligem! – Köp sag boluň, söhbetdeşlikdäki sowallaryma jogaplaryňyz üçin! Ylhamyňyz joşup dursun. Galamyňyzyň ujy ötgür bolsun! – Sag boluň! Söhbetdeş bolan Muhammetmyrat NAZAROW. 27.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |