00:06 Maňa şäher diýmäň... | |
MAÑA ŞÄHER DIÝMÄÑ
Goşgular
ýa-da şäherleşip barýan obanyň aýdan sözleri Maňa şäher diýmäň barmak görkezip, Olar ýaly ulug bolup başarman. Maşynlaryň sesi bilen ürküzip, Adamlaryň rahatlygny gaçyrman! Ýoluma-da çagyl düşäp ýörmäň siz, Asfalt ýerde galmaýar-a aýak yz. Meniň bu aýdanmy gaty görmäň siz, Duýup bilmen kimiň geçenlerni tiz. Ýolyşygam goýmaň ýoluň çetinde, Lökge az mekanda düzgün bozulmaz. Aýyň nury barka, gijäň içinde Ýagty çyralaram gerek bolunmaz. Oňa derek bolsun tenekar baglar, Goý, dolduryp dursun daş-töweregi, Bolmasa-da mende ak başly daglar, Baýyrlamdyr — şu goýnumyň bezegi! Ýokdur seýilbagam aşyk-ýarlaryň, Olar üçin samankepbe jennetdir. Gökden uçar geçmez, emma gazlaryň, Uçuşyny synlamagam lezzetdir. Gyş düşse, adatça, güllerim solar, Onsaň Bahar gelse ýene gülleýär. Gijäni gündize öwrüb-ä bolar, Ýöne oba şäher bolup bilmeýär! 01.10.2023 ý. Baýramberdi GELDIMYRADOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |