17:14 Saña / goşgular toplumy | |
• Poeziýa
Goşgular
Her gezek ylhamym gelip başlanda, Pelege guş bolup siňip gidýärin. Galamy oýnadyp ýazyp başlamda, Pikir ummanyna çümüp gidýärin. Sazdan, reňkden eziz görýän yşgyny, Men saňa ömrümi beresim gelýär. Ylham meleginden alyp joşguny, Kämil setirleri ýazasym gelýär. 2018 ý. • Saňa Saňa söz aýtmaga barmaýar dilim, Hat ýazmaga-da elim ysmaýar. Bu gün batly basýan galjaň aýaklam, Seň ýanyňa... Seň howlyňa gyssaýar. Adamlara mähirli bolşuň ýaly, Öýňüze-de mähir bilen garaýaň. Seçir-gaçyr ýapraklary süpürip, Çusly hemem otluklyja ýöreýäň. Ora bilen synlaýaryn geçemde, Arymsy, ajarly, sepit bedenňi. Mahaw deýin şo bir garap durşuma, Bilmän galýan sokakňyzdan ötenmi. Ýene-de ýol salyp yzyma gaýdýan, (Alajym ýok, çykalgam ýok şu taýda). Seni görmegime bahana bolmaz, Howlyňyzdan ýapraklaram uçaýsa. Aprior aňymyň diýenni etmän, Neden golaýyňa baryp gaýtjakdym. Şonda baran bolsam gabat-garşyňa, Saňa goşgularmy durup aýtjakdym. Zoraýakdan gaýdaýsam-da öýüme, Ýatlamalar meniň beýnimi gemi:r. Iň gowsy gitmäýin, sebäp şol gyzyň, Işleýşini görüp, synlajak heniz... 30.11.2022 ý. * * * Durun öňki zynç ýaly ýerimde, Işden geleriňe sadylla bolup. Diýjek sözlerimi aýlap serimde, Oýlanýan görküňi ýadyma salyp. Mejnun Leýliň itin eý gören bolsa, Men gatnaýan ýodaňyzy halardym. Garaşmakdan halys bez bolan bolsam, Howlyňyzyň kerpiçlerni sanardym. Gara-çyraň görsem köçäň çetinden, Göhüm gelip, gök magraja uçardym. Maňa: «Däli» diýýän ýaly içiňden, Gaşyň çytyp, gapdalymdan geçerdiň. Melallarmy kesgin kör edip bilmän, Her gün agşam ne ýanýaryn, ne sönýän. Seniň ýüregiňi eredip bilmän, Ugruňda ser-sepil bolup kösenýän... 17.01.2023 ý. • Men şahyr däl... Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy, Gähi ýazýan gelse ylham melegi. Emma goşgym dürre kimin tankytdan Geçmän dursa, yzladýar ol ýüregi. Ol – men däl-ä, Ol köňlümiň tawuşy. Uruň meni! Lekin goşgyma degmäň! Bu günde kötekläp, saba ýene-de: «Berekella» diýip, ýaýaplap öwmäň. Men Ony ýerden däl, kitapdan başlap, Pikir ummanyndan getiren zadym. Her sözüň üstünde ilgezik işläp, Gijelermi bidar ötüren zadym. Kä yşkyň oduna tibidim dişläp, Gyza sözlerimi ýetiren zadym Ýa eňräp başlasa, gözlerin ýaşlap, Hüwdi aýdyp berip ýatyran zadym. Diýipdirler: «Goşgy tankytsyz bolmaz, Diňe poeziýa bolar belliksiz.» Düşüniň siz: beýle çökder daramaň! Ýepbeklemäň ahyr ýumşak elliksiz. Aýdyň kemçiligni, Gaty gygyrman! Iň soňy gulagmyň şol bir eşdişi. Ýazyp bilmesemem, okap gezerin Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy... 30.01.2023 ý. • Iltimas Elmydama oturyw ýok melege, Men hem garaşýaryn dört dam arada. Gelse, onsaň buýrup bilmän ýürege Aýdyp berýän goşgularym barada. Diýýär: «Men ýok çagtym ýazypsyň munam, Beýle edip, harsallyga ýüz urmaň! Şöhraty kowalap, gyssamaň menem, Döwnäli her kemtigine göz ýumman!» Goşçy eşek ýaly bolup aýrylman, Niräk gitse menem şo ýerik bardym. Gitjek wagty hemle urup gygyrman, «Gitmäň!» diýip, çöke düşüp ýalbardym. Gitdi birden... Uçdy ýelden batlyja Soňlanmadyk şygrym galdy azajyk. Sensiz söýgim bolmaz eken datlyja Geläý, ýene bir ýerlerden azaşyp... 03.02.2023 ý. • Kitap On sekiz ýaşymda sopbaş bir zada, Gat-gat sahaplara erişip gezdim. Zähmete-de werdiş bolmadym bada Öýüň keşgi bilen oňuşyp gezdim. Iş diýip gitmedim taşlap kitaby, Men Onsuz ummadan çykyp bilmerin. Günemaňam näme, bolar bir taby Mal üçin hemdilden geçip bilmerin. «Nep barmydyr, ýöne okap ýörmäňem» Dostlam seňrigini ýygryp aýtdylar. Oň gatyny asla açyp görmänem, Bagtyň özi najyratdyr öýtdüler. Uja Taňram Muhammede birinji, «Oka, oka!..» diýip, perman berendir. Kimsäniň kalbynda bolsa bir ünji, Kitap köňüllere derman bolandyr. Birden ajal gelip, kesse ömrümi, Wesýetimi kelläňizde aýlaň siz: Watanyň goýnunda gazyp gabrymy, Ýanymda-da kitap goýup jaýlaň siz! 18.02.2023 ý. • Baha ...Bir gün mekdebime öý işim etmän, Mugallymdan pes bahalar alypdym. Şonda kitaplaryň gatyna çümüp, Depderime berlen ýumşy ýazypdym. «Bäşlik» goýdy gündeligme gol çekip, Bu bahany öpüp, papkama dykdym. «Men ökde okuwçy bolmaly» diýip, Şeýdip selkiligiň gapysyn ýapdym. Bu gün... Durmuş doglan günme tankydyn aýtdy, Jan etsem-de, biraz sulbym büküdip. Goýdy, mollumdanam pes bir bahany – Jugra ikilik! Ýaşyňa göräräk karar çykarşyn, (Boýumam çüpe däl, osal galarça). Durmuş sapakdaky tema däl eken Dest galdyryp bäşlik baha alarça. 22.03.2023 ý. • Goşgy okamda... Men goşgy okamda ünslüräk diňläp, Öz düşünşüňizçe düşünjek boluň! Aýdan sözlerimi gulakdan däl-de, Başarsaňyz, uly ýürekden salyň! Durmuşym hakda-da diňläp geňlemäň, Mysalamy görgeç, diýmäň: «Şekilsiz». Depilmedik, dyrmalmadyk ýerlerem Hasyl bermeýär-ä, bolýar ekinsiz. Pessaý okaýşymam biçeme görüp, Ham paýlaşýan ýaly bolup oturmaň! Bir azym şahyryň aýdyşy ýaly: «Diňleýänleň ünsün sowup oturmaň». Isle, hyrsyz boluň, isle-de, hursant, Meň gözümde hergäh ýylgyrýansyňyz. Şu münberde şygyr okaýjak bolsaň – Azda-kemde sizde ýygrylýansyňyz. Ýene bir närsäni terhos edýärin: Men goşgy okamsoň eliňiz çarpmaň! Çünki kowahada sygmajak zada Melaýyklar ürküp, uçmagy ahmal. 23.03.2023 ý. Baýramberdi GELDIMYRADOW. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Aýalsyzyñ ariýasy / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |