22:20 Yşkyñ tokly mähiri | |
YŞKYÑ TOKLY MÄHIRI
Goşgular
![]() Seniň elleriňi gysan mahalym, Süňňüme şeýlebir tok urup gidýär. Şonda ýersiz-ýere gelýän gaharym, Bir lahzada uçup, ýok bolup gidýär. Nakys wujudyňdan beýle toguňam, Nädip döreýşine aklym haýrana! Batareý deý çöküp başlan çagymam, Seň mähriňden zarýad alyp barýana. Güýç alýarkam ary eliňden tutup, Agaç salyp, aýryp bilmez hiç kimem. Yşkyňy kirpikmen gözleňde duýup, Söýgi diýip men bar zatdan geçdimem. «Mende, asyl, tok neýlesin?!» diýme sen, Gel, diňle, ýüregmiň batly urşuny. Meniň galpyldymy eldäp, duýmasaň Bilmersiňem, seni çaksyz söýşümi. Kazam dolsa. Ýerlenmänkäm gabryma, Emaý bilen sypap göräý meýdimi. Tap getirip bilmän güýçli zarbyňa, Galdyrasa... Şoldur mähriň duýdugy! 31.05.2023 ý. Baýramberdi GELDIMYRADOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |