20:10 Öýñüze giden wagtyň... | |
ÖÝÑÜZE GIDEN WAGTYÑ...
Goşgular
Sen gideňsoň otura deý ýerimden, Esli salym galyp bilmän oturýan. Zat gelmeýän bu pasmanda elimden, Entek-entek tutmajagňa ökünýän. Ir-ertirden bäri dişimiň kirem, Açylman geçdi-le (sen ýok neýläýin?!) Bar taýýarlan naharlarmyň hiç birem Seňkiçe ýok! Boyun alyp söýläýin. Nowha aýdymlara hiňlenip kem-kem, Gaýgy-dertlerimden ýeňlejek boldum. Ýyljak mähriň küýsäp, jenanym, her dem Sowuk otagymda ýoňlajak boldum. Saýlanardyñ sertilleriň baryndan, Türpeligňem, teý, taryplap doýmazdym. Ygyp ýören pikirlermi aňymda, Jemläp bilmän kösenşimem duýmazmyň?! Bu gije sen bolsaň diýen sözlerňi Hemem hemme ýazyklarňy öterdim. Senem ukuda deý ýumup gözlerňi, Sepirjigme başyň goýup ýatardyň. 09.07.2023 ý. Baýramberdi GELDIMYRADOW. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |