22:48 Goşguçy dostuma | |
GOŞGUÇY DOSTUMA
Goşgular
Arist! Sen hem hut Parnasa hyzmatkärlik eýleýärsiñ! Ylham aty Pegasy sen münmekligi oýlaýarsyñ. Howatyrly ýollar bilen kowalaşýañ şan-şöhrata, Gazaply tankyda garşy söweşýäñ, galyp gaýrata! Arist, maña ynansana, taşla galamdyr syýany, Çeşme, tokaý, gamly gabry unut, görmersiñ zyýany. Yşk oduna köýen bolma: aýdymjyklañ döndi buza, Dag başyndan gaýdaýmankañ, entek wagty, dolan yza, Sensiz-de daş-töwerekde şahyrlar kän, ýene bolar. Çap edýärler eserlerin, ýöne olar tiz undular. Galmagal-u-gowgalardan birdenkä senen daşlaşyp, Samsyklygyñ goltugynda ol Minerwa Egidanyñ* Atasyna öwrüläýme ikinji ''Tilemahidanyñ'' Eýmengil sen hiç manysyz goşguçylañ ykbalyndan, Ýürekbulanç, küde-küde şygyrlaryñ pes halyndan. Şahyrlara soñky nesliñ öwgüsi tüýs adalatly, Pind dagynda şöhrat güli bar welin, ol tiken otly. Howatyr et şansyzlykdan! ㅡ Habar ýetse Apollona Dyrmaşanyñ hakda seniñ ylham dagy Gelikona, Ýigrenç bilen buýra saçly başyn ýaýkap oturmazmy, Eli çygar çybykly ol sylagyñy ýetirmezmi? Ýeri, niçik? Gaşyñ çytýañ: görýän, sen jogaba taýýar; ''Bes edeli ㅡ diýrsiñ maña ㅡ artykmaç söz nämä derkar? Düwdümi men ýüregime, dönmen yza, ondan geçdim, Bilip goý, düşdi bijäme, şahyrlygy saýlap-seçdim. Goý, men hakda islänini diýibersin bütin älem, Sögünseñ-de, gygyrsañ-da, barybir, men şahyr hälem''. Arist, ondan şahyr bolmaz, birki setir düzen bilen, Syýa baryn edip zaýa, kagyz ýüzün çyzan bilen. Edil Witgenşteýniñ Napoleony ýeñşi ýaly, Oñat şygyr ýazjak bolsañ, çorba sowatgyn mazaly. Dmitriýew, Der£awin hem Lomonosow ㅡ Russiýanyñ Ölmez-ýitmez aýdymçysy, ar-namysy, şöhrat-şany ㅡ Añlanlara akyl berýär, halypadyr olar bize, Dünýä inip, kän kitaplar ýiter gider, ilmez göze! Bilip goýsun Bibrus bilen Rifmatow hem Grafow-da: Boş, manysyz eserleri çüýräp ýatyr Glazunowda; Hiç kes bakmaz bularyñ şol samahylly sözlerine, Nälet baryn okap, Feb hem tagma basar ýüzlerine. Goý, hamana, dyrmaşypsyñ Pind dagyna aman-esen, Öz-özüñi şahyr diýip atlandyrşyñ dogry eken: Şonda welin hemme kişi höwes eýläp, okar seni, Ham-hyýalyñ çuñ kölünde ýüzýän bolma, diýsem göni. Şahyrlygyñ üçin seniñ, derýa bolup, baýlyk bary Akar durar, akar durar diýip mydam öýüñ sary, Şahyr ýatyp, iýip-içip, kemdesligi terk etjeksiñ. Gadyrdan dost, ýazyjylar baý däldir señ diýşiñ ýaly. Ýok olaryñ mermer köşgi, bihasap kän baýlyk, maly, Sandyklary sap gyzyldan däldir asla hyryn-dykyn, Çerdaklardyr ýerzeminler, mydar etmek bolsa-da kyn, Olar üçin köşgi-eýwan hem zallardyr. Şahyrlary öwýär hemme, ekleýän bir £urnallardyr. Ürdümikän, bagt guşy gonmaz olaryñ başyna; Gelşi ýaly ötdi Russo, kepen örtünmän daşyna; Kamoens görüp görgi, gedaýlara hemra boldy, Kostrow hem bir çerdakda at-dereksiz, gül dek soldy, Bolmady hiç howandary ㅡ ýat kişiler depin kyldy, Durmuşlary gamdan doly, şöhrat bolsa düýşde güldi. Görýän welin, indi biraz oturýarsyñ, oýlanýarsyñ, Diýýäñ: ''Neçüýn beýle hemmä gazap bilen sen garýarsyñ? Öwran-öwran çintgeýärsiñ, göýä täze bir Ýuwenal, Gep urýarsyñ şygyr hakda, öwüt berýäñ, bu ne ahwal? Ylham bilen gaharlanşyp, ondan edip öýke-kine, Tükeniksiz şygyr bilen akyl satjak bolýañ ýene. Kelläñ beri ýerindemi? Näme boldy, aýtsana!'' Arist, gepiñ küle ýeri, jogabym şu meniñ saña: Bar ekeni bir obada saç-sakgaly gar mysaly, Ýaşy gaýdan bir ruhany (gezermiş eli hasaly). Goñşy-golam, bütin oba oña hormat goýar eken. Tüýs akyldar saýyp ony, hemme kişi söýer eken. Bir gezek ol toý ýerinde şerap eýläpdir. Göteren meý käseleri gojany serhoş eýläpdir. Toýdan çykyp, öýlerine gelýän wagty agşamara, Daýhanlaryñ birtopary sataşypdyr akyldara: ''Tagsyr, mydam diýersiñiz: ''Arak içmek külli günä''. Biz-ä siziñ sözüñize ynanardyk, indi bu nä?...'' Diýipdir ol: ''Çykmaweriñ buthanada diýenimden, Eden işim asla etmäñ, datmañ içen-iýenimden''. Dile geldi ㅡ bile geldi, jogabymy diýsem ynha; Islemeýän sähelçe hem aklanmagy özüm tenha. Bagtlydyr, eger-de kim şygyr bilen iş salyşman, Geçirse öz ömrüni hoş, ýüz köýlere başyn goşman. Oda ýazyp, £urnallaryñ birem ýükün ýetirmese, Ekspromt diýen bolup, hepbedroýy oturmasa! Parnasyñ çür depesine bir gezegem seýl etmese, Tükeniksiz ylham gözläp, Pegas hiç meýl etmese. Galam tutan Ramakow-da asla gorkunç däldir oña; Gulagy dynç, sebäbi hem, şahyr däl ol, diýsem saña. Bes edeýin wagty barka, gorkýan seni irizmekden, Käýinç, igenç ýagdyryp men, gaharyñy örüzmekden. Gadyrdan dost, indi saña edil gepiñ tümmek ýeri, Taşlarmysyñ tüýdügiñi, ümsüm bormuñ, diý sen, ýeri?.. At gazanmak oñat, ýöne dynç ýaşamak gowy ondan, Oýlan-da, sen bary hakda, el üzmegin birisinden. Terjime eden: Ýagmyr PIRGULYÝEW. ____________________________________ * Ýagny mekdebiñ (A. S. Puşkiniñ belligi). | |
|
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |